Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýatlary Hindistanda ýene 'altynly tutuldy'


Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan altyn önümleri
Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan altyn önümleri

23-nji oktýabrda Nýu-Deliniň Indira Gandi adyndaky halkara howa menzilinde gümrükçiler Türkmenistanyň iki raýatyny sakladylar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” ANI neşirine salgylanyp habar berýär.

Gaçakçylykda güman edilýän türkmenistanlylar bu şähere Aşgabatdan uçan T5-531 uçarynda gelipdir.

Barlag wagtynda olaryň ýanyndan agramy 538 gram bolan altyn şaý-sepleri, dört sany iPhone 16 Pro tapylypdyr.

Türkmen raýatlary bu howa menzilinde ozal hem birnäçe gezek saklanypdy.

Habarda türkmen raýatlarynyň bu howa menzilinde ozalam birnäçe gezek saklanandygy, 2019-njy ýylyň dekabrynda dokuz aýalyň Hindistana bikanun altyn getirmekde aýyplanyp tussag edilendigi aýdylýar.

2018-nji ýylyň maýynda bolsa, deli howa menzilinde Türkmenistanyň 28 raýaty saklandy. Olar bu ýurtda bahasy 900 müň dollar bolan 19 kg altyny bikanun geçirmäge synanyşypdyr.

Türkmenistan öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda bikanun gazanç etmek üçin düşýän ýagdaýlary, erkekleriň we aýallaryň ýüz urýan dürli jenaýatlarynyň köpelmeginiň sebäpleri hakynda hiç bir düşündiriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG