Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, onuň esaslandyryjysy we redaktory Ruslan Mätiýew 25-nji iýulda maşgalasy bilen tomusky dynç alyş üçin, Antalýa şäherine gelipdir. Meşhur türk kurortynyň halkara aeroportunda, milli howpsuzlyga howp salýandygyny yglan etmek bilen žurnalistiň pasport barlagyndan geçmegine ýol berilmändir. Mätiýewi soraga çeken kanun goraýjy işgärleriň gürrüňlerinden aňlaýşyna görä, onuň Türkiýä girmeginiň gadagan edilmegi Türkmenistanyň häkimiýetleriniň haýyşy boýunça girizilipdir. Görnüşinden, bu onuň žurnalistiki we adam hukuklary boýunça işleri bilen baglydygyna meňzeýär.
38 ýaşly žurnalist Ruslan Mätiýew birnäçe sagat sorag edilenden soňra konwoý bilen yzyna – žurnalistiň ençeme ýyldan bäri ýaşaýan we bu ýurduň raýaty bolan ýeri Niderlandlara deportasiýa edilipdir.
Mätiýew Türkmenistanda bolýan wakalary öz içine alýan az sanly garaşsyz maglumat we adam hukuklary çeşmeleriniň biri turkmen.news neşirini esaslandyryjy we onuň baş redaktorydyr.
Azatlyk bilen geçirilen interwýusynda Mätiýew tomusky dynç alyş üçin, Antalýa gelendiklerini aýtdy. Antalýa aeroportunda pasport barlagyndan geçmekçi bolanynda, onuň Türkiýäniň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny aýdypdyrlar.
«Meniň pasportymy reňkli süzgüçden geçiren serhetçi derrew telefony alyp, meniň adymy aýtdy. Äpişgäni ýapyp, meni aýratyn otaga, polisiýanyň jaýyna äkitdiler. Ol ýerde polisiýa işgärleri ýene-de meniň pasportymy kompýuterde barlap, biri-biri bilen gepleşip başladylar. Men türkçe bilýänim üçin, bar zada düşündim. Polisiýa işgärleri meniň pasportyma G-82 kodunyň bardygyny aýtdylar, ol bolsa "milli howpsuzlyga garşy gönükdirilen işjeňlik” bilen belgilenendigini aňladýar. Olar meni Türkiýäniň çägine goýberip bilmejekdiklerini aýtdylar. Şondan soňra iki sany howpsuzlyk işgäri çagyryldy. Olar hamana Türkiýäniň esasy jenaýatçysyny tutan ýaly, özlerini gaty gazaply alyp bardylar» diýip, Mätiýew gürrüň berýär.
Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gürrüňlerinden çen tutup aýtmagyna görä, onuň adynyň “saklaw sanawyna” girizilmegi Türkmenistan tarapyndan soralandygy belli bolýar.
«Howpsuzlyk gullugynyň iki sany işgäri meni başga ofise äkitdi, meniň nireden we näme üçin gelendigimi gödeklik bilen soraga tutdular. Soňra bu gadagançylygyň gönüden-göni Türkiýä bagly däldigini anyklap, özüni gaty gaharjaň alyp baran esasy adam çykyp gitdi. Ikinji gullukçy ol ýerde galyp, meni soraga çekmegini dowam etdirdi. Olary näme üçindir, esasan meniň BMG bilen aragatnaşygym gyzyklandyrdy. Soraglaryň takmynan 80%-i bu tema bilen baglanyşykly boldy. Men olara Türkmenistan boýunça işleýändigimi aýdanymda, olar gadaganlygyň Türkmenistandan gelip çykandygyny ýaňzytdylar» diýip, žurnalist başdan geçirenini ýatlaýar.
Mätiýewiň sözüne görä, olar geçen ýyl maşgala bolup, Atnalýada dynç alypdyrlar. Olaryň soňky geleninden iki aý geçenden soň, has takygy, 2023-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda, gadagançylygyň girizilendigini polisiýa işgärleri žurnaliste aýdypdyrlar.
Munuň bilen baglanyşykly, geçen ýylyň noýabr aýynda, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň Türkiýä girmegine hem G-82 kody esasynda, gadaganlyk girizilendigini Mätiýew ýatlaýar. Şol wagta çenli adam hukuklaryny goraýjy Türkiýedäki türkmen migrantlary we soňky döwürde işjeňleşen aktiwistler bilen ýakyndan işleşipdi.
Türkiýäniň we Türkmenistanyň milli howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk baryp 2020-nji ýylda, türkmen zähmet migrantlarynyň arasynda raýatlyk we oppozisiýa hereketleriň alamatlary peýda bolup ugranda we olar yzly-yzyna Stambulda hem Ankarada türkmen hökümetine garşy protestler gurnan döwürlerinde başlanypdy.
Türkmenistanda koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň fonunda, ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy muňa sebäp boldy. Şeýle hem 2020-nji ýylyň aprel aýynda Lebap we Mary welaýatlarynda, adam ölümine we maddy heläkçilige sebäp bolan güýçli harasat boldy. Türkmen migrantlary Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hiç bir hereketsiz oturmagyna, heläkçilige duçar bolanlaryň kömeksiz galdyrylmagyna närazylyk bildirdiler.
Şondan bäri Türkiýäniň häkimiýetleri işjeňleşen türkmen raýat jemgyýetiniň köp sanly agzalaryny tussag edip, Türkmenistana berýärler. Mundan daşary-da, Türkmenistanyň ýörite gulluklary Türkiýäniň territoriýasynda türkmen aktiwistlerine garşy fiziki güýç ulanyp, birnäçe jeza çäresini guradylar.
Soňky ýyllarda Türkiýe beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan raýat jemgyýetiniň aktiwistleri üçin hem howply ýurda öwrüldi. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, birwagtlar olara myhmansöýerlik eden döwlet Türkiýäniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň awtoritar hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagy bilen soňky on ýylyň içinde üýtgeýär.
Şu ýylyň fewral aýynda adam hukuklaryny goraýjy "Freedom House" halkara guramasy Türkmenistany daşary ýurtlardaky dissident raýatlaryny has işjeň yzarlaýan we şeýdip transmilli repressiýany amala aşyrýan iň ýokary bäş döwletiň hataryna goşdy.
Ýagdaýdan görnüşi ýaly, türkmen žurnalistleriniň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň Türkiýä girmeginden ýüz öwürmeklik, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk programmasynyň bir bölegi bolup durýar diýip, Ruslan Mätiýew sözüni jemleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum