Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri ilaty sabyr-kanagada çagyryp, Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi ündeýär


Býujet işgärleri köpçülik çäresine gatnaşýar. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Býujet işgärleri köpçülik çäresine gatnaşýar. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler ilaty sabyr-kanagada çagyrýar we Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi ündeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy iýulda habar Balkan welaýatyndan habar berdi.

Türkmenbaşy şäherinde 25-nji iýulda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri, şäher häkimliginiň resmileri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri býujet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady problemalar barada Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi, Azatlygyň habarlaryny okamazlygy tabşyrdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde beýan edilmeýän wakalar barada, şol sanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik problemalary barada yzygiderli habar berýär.

Häkimiýet wekilleri Türkmenbaşynyň häkimlik binasynyň Mejlisler zalynda we şäheriň Medeniýet öýünde 25-nji iýulda sagat 10:00-da we 14:00-da geçiren ýygnaklarynda ýurtda bolup geçýän wakalar barada Azatlyk Radiosynda dessin ýagdaýda habar berilýändigini boýun aldylar we ýygnananlara “maglumat syzdyrmazlygy” ündediler.

“Ýygnagyň baş temasy Azatlyk Radiosynda habar berilýän maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak barada boldy. Raýatlar sabyr-kanagada çagyryldy. Internetden peýdalanylanda daşary ýurt habarlaryny okamazlyk tabşyryldy. Her kime öz maşgala agzalaryna gözegçilik etmek tabşyryldy” diýip, ýygnaga gatnaşan bir býujet işgäri aýdýar.

Häkimiýetler raýatlary sabyr-kanagada çagyrýar, sebäbi Türkmenistanda indi ençeme ýyllardan bäri durmuş-ykdysady kynçylyklar we durmuşyň ähli ugurlarynda döwletiň demikdiriji gözegçiligi, berk çäklendirmeler, söz we metbugat azatlygynyň bogulmagy üznüksiz dowam edýär. Şeýlelikde, resmiler öz döredýän kynçylyklary bilen baglylykda raýatlary sabyr-kanagada çagyrýar.

“Bar bolan meseleleri ýurduň içinde çözüp bolýar. Ähli problemalar boýunça etrap häkimligine we hukuk goraýjylara ýüz tutuň. Biz meselä çözgüt taparys” diýip, ýygnakda çykyş eden resmiler aýdýar.

Ýurt raýatlary köplenç halatda häkimiýetleriň ýol açan problemalaryndan çözgüt gözläp, ýene häkimiýet wekillerine ýüz tutmaga mejbur edilýärler. Öz sesini garaşsyz we bitarap habar serişdelerine eşitdirmäge çalyşýan raýatlar bolsa häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar.

Duşuşyklarda ýurtda dowam edýän problemalar barada Azatlyk Radiosyna habar bermeklik “türkmençilige gabat gelmeýän häsiýet” hökmünde suratlandyryldy.

“Meseleler iru-giç çözüler, agyz suwy hem wagtynda berler, elektrik togunyň kesilmegi hem azalar. Döwletimiz un paýlary bilen bagly meseläni çözmek üçin hem gije-gündiz işleýär. Bu hem çözüler. Halkymyz bir hepde bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bilmeseler, göni çem gelen adamyň ýanynda şikaýat edýär. Onsoň, ertesi güni bu maglumatlar, suratlar ýa-da wideolar dessine Azatlygyň sahypalarynda peýda bolýar” diýip, ýygnakda çykyş eden bir “il ýaşulysy” aýdypdyr.

Şeýle-de, häkimiýetler Azatlygyň dessin habarlaryna ynjalyksyzlyk görkezip, bu ýagdaýy “halkyň öz günäsi” hökmünde suratlandyrdylar.

Şeýlelikde, häkimiýetler garaşsyz we bitarap habar guramasynyň Türkmenistanda we dünýä arenasynda bolup geçýän wakalar barada ilata döwlet gözegçiliginden azat habar ýetirmegi bilen baglylykda “halky günäkärleýärler”

“Halk sabyrly, kanagatly bolsa, dükanlaryň, bankomatlaryň, keselhanalaryň öňünde [nobat üçin] ýygnanyşmasa, olar hem maglumat tapyp bilmezdi” diýip, bir ak sakgal il ýaşulysy ýygnananlara aýdýar we “Arkadagyň eşretli döwründe agzybir bolalyň!” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezlik ündelen ýygnaga gatnaşyjylara görä, duşuşykda ýene bir geň waka bolup geçdi.

Ýygnakda çykyş eden Milli howpsuzlyk ministrliginiň bir işgäri ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynda Balkan welaýatynyň saglyk pudagy bilen bagly çap edilen bir habary tribunada býujet işgärlerine okap beripdir.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy 20-nji iýulda Balkan welaýatynda 18 ýaşy dolduran ähli aýal-gyzlaryň mejbury medisina barlagyndan geçirilýändiklerini habar berdi. Bu habar häkimiýetleri ynjalykdan gaçyrypdyr.

MHM işgäri öz çykyşynda saglyk işgärlerini ýazgaryp, olary tankydy maglumatlary “syzyp çykarmakda” aýyplapdyr.

Şeýle-de, howpsuzlyk işgäri býujet edaralaryndan aýlyk alýan her bir raýaty öz edara-kärhanasynda bolup geçýän wakalary surata düşürýän, wideo ýazgy edýän adamlary anyklamaga çagyrypdyr.

“Bu siziň borjuňyz!” diýip, MHM işgäri ýygnananlara ýüzlenipdir.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini syýasy we raýat azatlyklaryny, şol sanda söz azatlygyny, media we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edýärler.

Türkmen hökümeti garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada çykýan habarlary ne inkär, ne-de tassyk edýär. Döwlet mediasyna görä, Türkmenistan “bedew bady bilen” diňe öňe barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG