Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýitirim bolan ogluny gözlemäge gitmek isleýän maryly kaka türk wizasy berilmedi


Hallygözel Babaýewa we Çarygeldi Babaýew (Wideoýüzlenmeden alnan surat)
Hallygözel Babaýewa we Çarygeldi Babaýew (Wideoýüzlenmeden alnan surat)

Türkiýede ýitirim bolan ogluny gözlemek üçin türkmen halkyndan kömek sorap, sosial ulgamda wideo paýlaşan maryly raýata türk wizasy berilmedi. Bu barada maglumat berýän ýagdaýlardan habarly türkmen aktiwisti we maşgalanyň ýakyn garyndaşy wizanyň berilmezligine türkmen häkimiýetleriniň täsir edendigini aýdyp, maşgalanyň basyş astynda galýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji maýda maglumat berdi.

“Oglunyň ýitenligi we ony gözlemek maksady bilen, Türkiýä gitmeklik üçin halka ýüzlenip pul kömegini soran ene-ata Mary welaýatynyň polisiýa bölümi tarapyndan basyş dowam edýär. Ogluny gözlemek üçin Türkiýä gitmäge çalyşýan maryly kaka türk wizasy berilmedi” diýip, habarçymyz aýtdy.

20-nji aprelde özüni Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Täze dünýä daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy diýip tanyşdyran Çarygeldi Babaýew 1989-njy ýylda doglan ogly Didar Babaýewiň Türkiýede ýitendigini aýdyp, ony tapmak üçin türkmen halkyndan kömek sorady.

Emma TikTok sosial ulgamynda çap edilen bu wideo aradan iki gün geçensoň, paýlaşylan sahypadan pozuldy. Wideoda özüni Didaryň ejesi diýip tanyşdyran Hallygözel Babaýewa hem, “balaly balamy gözleşäýiň” diýip, ogluny tapmak üçin halkdan kömek soraýar.

“Balalaryna gowuşmagyna kömek edäýiň. Eziz doganlar, türkmen doganlar, sizden gaýrat edip, kömek etmegiňizi haýyş edýärin” diýip, hasratly ene halka ýüzlenmesinde belleýär.

Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, bu wideo köpçülige ýaýradylandan iki gün soň, Babaýewleriň öýüne polisiýa işgärleri gelip, maşgalany wideony TikTokdan aýyrmaga mejbur edýärler.

“Polisiýa işgärleri maşgaladan “ýurdy masgaralaýjy” wideolary paýlaşmazlygy hem talap edip, olary dürli gorkuzmalara sezewar edýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Bu wakadan soň, ABŞ-da ýaşaýan türkmen aktiwisti Talyp Abbasow gürrüňi edilýän wideony TikTok-daky sahypasynda paýlaşyp, maşgala kömek etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Abbasow 16-njy maýda Azatlygyň habarçysyna beren interwýusynda maşgalany tapyp, Çarygeldi Babaýewe Türkiýä ogluny gözlemäge gitmek üçin maddy kömek berendigini we onuň bilen yzygiderli telefon aragatnaşygyny saklap gelýändigini aýtdy.

“Ol şondan soňra, Türkiýede ýitirim bolan adamlary tapmaga kömek edýän tele-gepleşige gatnaşmak maksady bilen, türk wizasyny almak üçin 6-njy maýda otly bilen, Marydan Aşgabada gitdi we ol ýerde Türkiýäniň ilçihanasyna ýüz tutdy. Ol 16-njy maýda ilçihana baryp, wiza ýüzlenmesiniň statusyny öwrenmäge çalşanda, ol onuň ret edilendigini bilip galdy" diýip, Abbasow aýtdy.

Ol munuň gaty geňdigini, sebäbi Çarygeldi Babaýewiň hiç wagt Türkmenistanyň we Türkiýäniň immigrasiýa kanunyny bozmadyk garry adamdygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Ol hiç wagt Türkiýede bolup görmedi. Oňa wiza ýüzlenmesiniň ret edilmeginiň sebäbini-de aýtmandyrlar. Hat-da oňa wiza ýüzlenmesiniň ret edilendigi barada habar hem berilmändir. Ol ilçihana baranda, oňa diňe wiza bermeýändiklerini mälim edipdirler”.

Abbasow we maşgalanyň anonim şertde söhbetdeş bolan ýakyn garyndaşy wizanyň berilmezligine türkmen häkimiýetleriniň täsir edendigini aýdýar.

“Milli howpsuzlyk ministrligi we Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza ýüz tutmalaryna täsir edip, kimiň wiza almalydygyny we kimiň amaly däldigini çözýärler” diýip, Abbasow belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyndan, konsulhanasyndan, şeýle-de Türkmenistanyň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri ýyllarboýy ýurt raýatlarynyň öz ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, kynçylyklary barada aç-açan gürrüň gozgamagynyň öňüni alyp gelýär. Bu barada köpçülikde, sosial ulgamlarda çykyş eden ýa-da halkdan kömek soran raýatlar häkimiýetleriň basyşlaryna, yzarlanmalaryna sezewar edilýär.

Bellesek, wideoda Didaryň haçan Türkiýä gidendigi we haçan ýitirim bolandygy, ondan soňky gezek haçan habar alnandygy we nirede görlendigi barada maglumat berilmeýär.

Ýöne türkmen aktiwisti Abbasow Didaryň 2019-njy ýylda Türkmenistandan Türkiýä işlemäge gidendigini we ondan 2021-nji ýyldan bäri hiç hili habar alynmaýandygyny aýdýar.

“Ol telefon jaňlaryna jogap bermeýär. Ony tanaýan adamlaryň ählisi onuň nirededigini bilmeýär” diýip, Abbasow belledi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek üçin zähmet migrasiýasyna gidýän esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG