Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar Aşgabada sapar edip, türkmen gazyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär diýip, 30-njy iýulda türkmen hökümetçi onlaýn neşirleri Trend gullugyna salgylanyp habar berdi.
Baýraktar özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdiren postunda, 30-njy iýulda energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen gepleşikleri geçirendigini mälim etdi.
Media habarlarynda onuň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem duşuşjakdygy aýdylýar.
Ol saparynyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.
Baýraktaryň pikiriçe, Türkmenistan ilki başda her ýylda 1.5-2.0 milliard m3 tebigy gaz eksport edip biler. Ol martda Türkmenistan bilen Türkiýäniň uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda baglaşylan Jarnamany we iýunda türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky şertnamany hem nygtap geçipdir.
Ol geljekde täze gazgeçirijiniň gerek boljakdygy baradaky mümkinçiligi hem aradan aýyrmaýandygyny aýdypdyr.
Türkmenistan bilen Türkiýe soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary ýygjamlaşdyrdy.
Forum