Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, taraplar Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä boljak saparyna görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, duşuşykda söwda, energiýa, ulag, gurluşyk hyzmatlary, parlamentara hyzmatdaşlyk, bilim, medeniýet we konsullyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Biznes Türkmenistan” ýazdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.