ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kreml lideri Wladimir Putin bilen “örän basym” duşuşyp biljekdigini aýtmak bilen, Ukrainanyň Wolodymyr Zelenskiniň rus urşuny soňlamak üçin geçiriljek islendik parahatçylyk gepleşgine “gatnaşjakdygyny” nygtady.
Tramp 16-njy fewralda žurnalistler üçin eden aýratyn çykyşynda, diplomatiki işjeňlikleriň geriminiň Ýakyn Gündogardan Pariže we Florida ştatynyň Daýtona şäherindäki NASCAR awtodromyna çenli uzamagy bilen, başga nyk jikme-jiklikleri aýtmady.
"Wagty kesgitlenmedi, ýöne bu gaty gysga wagtda bolup biler" diýip, Tramp žurnalistlere Howa güýçleriniň birinji uçarynyň bortunda, Putin bilen mümkin Saud Arabystanynda bolar öýdülýän duşuşyk barada soralanda aýtdy.
"Meniň pikirimçe, ol urşy bes etmek isleýär we olar ony çaltrak soňlamak isleýärler. Olaryň ikisi hem" diýip, ol aýtdy. "Zelenski hem muny soňlamak isleýär."
Metbugat habarlaryna görä, ABŞ bilen Russiýanyň Ukraina baradaky gepleşikleri 18-nji fewralda, Saud Arabystanynda geçiriler.