Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin: Öň we Häzir


Ikinji Jahan Urşunyň Ýewropada tamamlanmagyndan soň 70 ýyl geçdi. Germaniýanyň ýolbaşçylary Berlinde bolan söweşlerden soň hiç bir şertsiz doly boýun egmek barada şertnama gol çekdi. Şäheriň 600 müň çemesi ýaşaýyş jaýy we jemgyýetçilik binasy ýumrulypdy. Ýykan-ýumranlyklaryň ençemesi onlarça ýylyň geçmeginden soň, aýratynam şäheri gündogar we günbatar böleklere bölen Berlin Diwarynyň ugrunda göze ilýärdi. Emma 1990-njy ýyllarda Germaniýanyň birleşmeginden soň uly özgerişlikler bolup, häzir şäheriň ençeme bölegi düýpden üýtgedi.

Photo 1 Photo 2
Brandenburg Derwezesi Berliniň iň meşhir simwoly bolup, Berlin diwarynyň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli Sowuk Urşy döwründe harabalykda galypdy. Ol 2000-2002-nji ýyllar aralygynda doly dikeldildi.
Photo 1 Photo 2
Gyzyl goşunyň harbylary Reihstagyň öňünde surata düşýärler. Bu ýerde 1945-nji ýylyň 30-njy aprelinde binanyň her bir otagynyň üstünde güýçli söweşler alnyp barylypdy. Ol dikeldilensoň bu ýerde Germaniýanyň parlamenti ýerleşdi. Reihstag syýahatçylary özüne çekýär.
Photo 1 Photo 2
Kaiser Wilhelmiň memorial kilisesi Berlinde ýykan-ýumranlygyň yzlaryny saklaýan köp bolmadyk ýerleriň biri. 1943-nji ýylda howa zarbalarynda ýumrulan kilise uruşdan soňky döwürde dikeldilmän galdyrylypdy.
Photo 1 Photo 2
Reihstagyň beýleki tarapy. Onuň içinde syýahatçylar söwet harbylarynyň 1945-nji ýylda galdyran ýazgylaryny okaýarlar.
Photo 1 Photo 2
1920-nji ýyllarda Berliniň gijeki durmuşynyň baş merkezi bolan Aleksanderplatz köçesi söweşlerde weýran edilipdi. Ol 1960-njy yýllarda Gündogar Berliniň sergi merkezi hökmünde dikeldilipdi.
Photo 1 Photo 2
Şahyr we uruş habarçysy Wasiliý Zaharçenko (sagda) sowet ofiseri bilen gepleşýär, 16-njy maý, 1945. 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde alnan beýleki suratda tigir sürüji bahar gününiň şöhlesinde müşderilere garaşýar. Onuň yzynda çep tarapda meşhur Adlon myhmanhanasy görünýär. 1945-nji ýylda ol harabalykdady, ol 1997-nji ýylda dikeldildi.
XS
SM
MD
LG