Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabat Rogun taslamasynyň daşky gurşaw töwekgelçiligini duýdurýar


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 4 milliard dollarlyk Rogun gidroelektrik bendiniň gurluşyk dabarasyna gatnaşýar. 29-njy oktýabr, 2016-njy ýyl.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 4 milliard dollarlyk Rogun gidroelektrik bendiniň gurluşyk dabarasyna gatnaşýar. 29-njy oktýabr, 2016-njy ýyl.

Bütindünýä bankynyň Täjigistanda Rogun gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyna 350 million dollarlyk serişde bermek karary daşky gurşaw bileleşiginiň arasynda uly soraglary döredýär diýip, “Arzuw News” neşiri habar berýär.

Halkara Daşky gurşaw koalisiýasynyň “Serhetsiz derýalar” analitiki hasabatyna salgylanyp berlen habarda aýdylmagyna görä, bu taslamanyň häzirki ýagdaýynda düýpli daşky gurşaw töwekgelçiligi bar.

“Serhetsiz derýalar” koalisiýasynyň geçiren derňewine görä, beýikligi 335 metre çenli bolan bendiň gurulmagy Wahş derýasynyň basseýniniň, Amyderýanyň tutuş ekosistemalary üçin görlüp-eşidilmedik töwekgelçilik döreder.

Ozaly bilen, uly göwrümli suw howdanynyň döredilmegi derýanyň tebigy akym düzgüniniň düýpli üýtgemegine getirer.

Mundan başga, akym düzgüniniň üýtgemegi sebitdäki dört ýurtda - Täjigistanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we Owganystanda derýa boýlaryndaky oba hojalyk ýerlerine, takmynan 7 million adamyň ýaşaýyş-durmuşyna düýpli täsir edip biler, sebäbi olaryň abadançylygy ekerançylyk üçin zerur bolan suwuň elýeterliligine gönüden-göni bagly bolup durýar diýip, hasabatda bellenýär.

XS
SM
MD
LG