Aşgabatda nobatdaky konsert Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr tarapyndan, 10-njy hem 11-nji aprelde, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda, "Italiýa baýramçylyklary" ady bilen geçirildi.
Munuň özi hakykatdanam köptaraplaýyn terjime edilende (saz manysynda we mazmunynda), italýan dilindäki "dynç alyşlar", "baýramçylyk" sözlerine gabat gelip, orkestriň sazandalary bu sungatyň "aşyklaryny" gündelik durmuş aladalaryndan aýryp lezzet berdi. Şonuň üçin hem tomaşaçylar täze duşuşyklara we ýakymly geň galdyryjy döredijilikli, dürli aýdym-saz öwüşginli çykyşlara gelip, kirişli saz gurally orkestriň, ýene-de dürli sazandalaryň we aýdymçylaryň döredijilik hyzmatyna tomaşa edýärler.
Mundan öňki italýan aýdym-saz konserti "San-remo Aşgabatda" ady bilen 2022-nji ýylyň oktýabrynda geçirilipdi. Şol konsert hem adatça Italiýanyň tebigy we binagärlik şekilleri bilen bezelen wideo filmleriň şöhlesinde geçirilipdi.
Bu ýerde bolsa, alnyna baýdajyklar asylan ýaşaýyş jaýlarynyň ýakymly bezegleri ulanylypdyr. Arka tarapda gülden döredilen we ýagtylanyp duran aýlaw bolup, ony artistler hem ulandylar.
Konsertiň esasy aýratynlygy dürli ýyllaryň filmleri üçin, meşhur italýan kompozitorlary tarapyndan döredilen sazlar boldy.
Konserti dünýä belli, tanymal italýan kompozitory Ennio Morrikonyň (1928-2020) iň meşhur aýdym-saz temalarynyň biri hasaplanýan "The Ecstasy of Cold" ("Altyn ekstaz") sazy bilen açyldy. Bu eser Seržio Leonyň 1966-njy ýylda Amerikanyň raýat urşy döwründe, üç sany altyn gözleýjiler barada döreden "Ýagşy, ýaman, erbet" ("The Good, the Bad, the Ugly") filmi üçin ýazylypdy. Kompozisiýanyň ses bölegi altyny alamatlandyrýar. Konsertde ol owaz arassa opera soprano sesi bilen Dünýägözel Begalyýewa tarapyndan ýerine ýetirildi.
Filmiň özi tankytçylar tarapyndan sowuk garşylansa-da, oňa ýazylan saz kompozitoryň çagyryş kartyna öwrülip, ol dürli filmlerde we "multiklerde" hem ulanyldy. Ýöne 80-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, ajaýyp eser hökmünde ykrar edilipdi we 2003-nji ýylda, köne filmiň täzeden seslendirilen görnüşi dikeldildi.
"Metallica" meşhur amerikan topary bolsa 1983-nji ýyldan başlap, "Ecstasy of Gold" sazyny özüniň täzeden çalmagynda, konsertleriniň açylyş sazy hökmünde ulandylar. Konsertiň jemleýji böleginde hem şol filmden sazlar ýerine ýetirildi.
Orkestr Morrikonyň beýleki derejede meşhur "Chi Maý" ("Ki Mai") kompozisiýasyny hem ýerine ýetirdi, ol köplenç “Kim bolsa bolsun" şekilinde terjime edilýär. Bu eser dürli kinolarda we teletapgyrlarda ulanylsa-da, adamlaryň köpüsi muny meşhur Žan-Pol Belmando gatnaşan "Professional" atly fransuz filminden (1981-nji ýyl), ýürek yzasy bilen ýadyna salýarlar. Bu sazyň 2021-nji ýylda, beýik artistiň hoşlaşyk çäresiniň jemleýji böleginde ulanylmagy tötänden däldir.
Ennio Morrikonyň belli ajaýyp eserindäki pajygaly waka baradaky dartgynly sazyndan iki bölek ýerine ýetirildi. Bu eser Seržio Leoneniň ajaýyp režisýorlyk işi bolan "Bir gezek Amerikada" (1984) atly soňky filmi üçin ýazylypdy. Orkestriň bu sazy dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Aýratyn-da, fleýtist-tüýdükçi Emil Baýramgeldiýewiň çykyşy täsirli boldy.
Konsertde Morrikonyň sazy bilen döredilen dördünji film 2000-nji ýyla degişli bolup, italýan režisýory we dramaturgy Juzeppe Toriatoryň işine ýazylypdy. Ol film Lýuçano Winsenosiniň "Malena" adybir hekaýasy esasynda surata düşürildi. Bu filmdäki saz Ikinji Jahan urşy döwürlerinde, bir ýetginjek ýigidiň durmuşa çykan uly ýaşly aýala bolan gaýduwsyz söýgüsiniň üýtgeşik duýgusyny doly görkezýär. Seýrek gözellige eýe bolan (Monika Belluççi) ol ýetginjegiň erkini alypdy: soňunda dereksiz erkekleriň göripçiligi we gabanjaňlyk aýallara bolan gahar-gazaby döredýär.
Dario Marianelli tarapyndan 2005-nji ýylda, "Buýsanç we duýduryş” ("Pride & Prejudice") filmine döredilen saz orkestr tarapyndan ýerine ýetirildi. Onda Şayslam Kamiljanow (pianino) we Annaoraz Döwletow (wiolonçelo) soloda çykyş etdiler.
Ajaýyp kompozitor Nino Rotanyň (1911-1979) döreden sazy 1984-nji ýylda dünýä ýaýran "Ruhy ata" ("The Godfather") atly film arkaly dünýäni haýran etdi. Bu ajaýyp eserden bölekleri Tahyr Ataýewiň toparynyň "konsert programmasynyň ýyldyzy" diýip kesgitlemek bolardy.
Ilkibaşda, öňde Döwran Gylyjowyň trombonda, soňra Aýmyrat Saparmyradowyň dutarda ýerini ýetiren we Tahyr Ataýewiň orkestriniň iki konsertinde, Mihail Glinkanyň "Kamarinkasy" diňleýjileriň diýseň göwnünden turdy.
Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Begenç Moşşyýew özüniň "klassyky repertuaryny" ýerine ýetirdi: Luçço Dalonyň "Karuzonyň hatyryna", Alessandro Safinanyň “Aý” hem-de italýan partizanlarynyň "Bella Çiao" aýdymyny tomaşaçylaryň güýçli elçarpyşmalary astynda aýtdy.
Aýdymçylaryň çykyşlary diňleýjileriň saza bolan duýgudaşlyk täsiri astynda, orkestriň kompozisiýalary bilen utgaşdyrylyp bardy. Mysal üçin, tomaşaçylaryň aýdym-saza melul bolan pursady "Bir gezek Amerikada"
filmindäki sazyň tolgundyryjy gaýgy-hasratyndan, hatda gözýaşlardan soň, Dünýägözel Begalyýewa "Ricci e Poveri" ("Baýlar we garyplar") italýan pop-toparynyň repertuaryndan, "Mamma Mariýa" aýdymyny aýtmagy tomaşaçylara derrew şatlyk berdi.
1967-nji ýylda döredilen “Ricci e Poveri” topary esasan hem 70-80-nji ýyllarda meşhur bolup, bütin Sowet giňişliklerinde onuň aýdymlary ýaňlanypdy. Şoňa görä-de, onuň aýdymlaryndan gartaşan nesil şatlyk almak bilen birlikde, ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamalaryna berlip, şirin arzuwlara çümýärler.
Dünýägözel Begalyýewa hem Begenç Moşşyýew Al Bano we Romina Paueriň repertuaryndan, "Felicita" aýdymyny bilelikde aýtdylar. 80-nji ýyllarda bu italýan sözüniň "bagt" diýmegi aňladýandygyny hemmeler bilýärdi.
Şirhan Batyrow saksofonda “Ricci e Poveri” toparynyň "Cosa Sei" ("Sen kimsiň?") aýdymynyň sazyny geň galdyryjy ýakymly ýerine ýetirdi. Konsert toplumynyň soňunda bolsa, ol ýekelikde duet bilen goşulyp, “Ricci e Poveri” toparynyň ýene-de bir baky aýdymy bolan "Sara perche ti amo" ("Sebäbi men seni söýýän") bilen tomaşaçylaryň dürli nesillerini şadyýan saz söýgüsi we höwesi bilen birleşdirdi.
10-njy aprelde diňleýjiler köplük bolup, "Bella Chiao" ýene gaýtalansyn diýip soradylar, 11-njy aprelde bolsa soňky aýdymy soradylar. Tahyr Ataýew diňleýjileri 10-njy maýda geçiriljek, "Frontdan hatlar" atly indiki konserte duşuşyga çagyrdy. Biletler eýýäm höwes bilen paýlanypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum