Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti şu ýylyň 12-nji martynda gutardy we onuň Bekdaşdan Aşgabat şäherine gaýdyp gelmegine rugsat berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.
G.Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Saparmyrat Nyýazowyň hökümetine garşy guralan Aşgabat ýörişinden soň azatlykdan mahrum edilen onlarça protestçiniň arasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol halkara guramalarynyň basyşlary esasynda 1999-njy ýylda azatlyga çykyp, 2002-nji ýylyň dekabrynda Norwegiýa, gaçybatalga alan ýurduna bardy.
Ýöne Annanyýazow 2008-nji ýylda Türkmenistana dolanyp geldi we, serhetden bikanun geçendigi üçin, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Türkmen Helsinki gaznasy onuň 2009-2015-nji ýyllarda “Owadandepe” türmesinde, soň 4 ýyl Tejen türmesiniň ýeke adamlyk kamerasynda daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanandygyny habar berýär.
2019-njy ýylyň mart aýynda, türme möhleti gutaranyndan soň, Annanyýazow uzakdaky Bekdaş şäherine (Hazar deňziniň kenarynda) bäş ýyllyk sürgüne iberildi.
Maglumat üçin aýdylsa, 1995-nji ýylyň 12-nji iýul protestiniň guramaçylarynyň biri Çarymyrat Gurow tussaglykda, gümürtik ýagdaýda aradan çykdy, Aždar lakamy bilen tanalýan Hudaýberdi Amandurdyýew bolsa, azatlyga çykanyndan soň, 2008-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda hökümet güýçleri bilen bolan ganly atyşykda öldürildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum