Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşen Sogd welaýaty ekerançylygyň ösen mekany, sebäbi bu sebitden Syrderýa geçýär. Syrderýanyň Täjigistandaky bölegi 144 kilometre barabar, ýöne bu ýeterlik: bu ýerde şaly we gowaça ösdürilip ýetişdirilýär, mallar bakylýar. Mundan daşary-da, Syrderýanyň Täjigistan böleginde Kaýrakkum hem Farhad gidroelektrik beketleri tarapyndan, elektrik energiýasy öndürilýär. Syrderýanyň ýakasynda täjik daýhanlary nähili ýaşaýarlar hem-de derýanyň gysga böleginde näme üçin iki beket gurlupdyr? Bular barada ýörite reportaž berýäris.
Syrderýa Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolup, ol dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy, onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýanyň problemalaryny öwrenýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, päsgelçilikleri çözmegiň ýollaryny agtardy.
«ŞU ÝYL SUWUŇ BAHASY 150% ÝOKARLANDY»
Säher bilen sagat bäş ýarymda, heniz gün dogmanka, biz Sogd welaýatynyň merkezi Hojant şäherinden çykdyk, sebäbi howa gyzyp başlamazdan öň ýerli daýhanlar bilen duşuşmakçydyk. Bu ýerlerde iň möhüm işler ýalyn öwsüp başlamazdan öň edilýär, her günde howanyň gyzgynlygy bolsa 50 gradusa çenli barýar.
Yssy howa şertlerine garamazdan, daýhanlar diňe günortanyň yssysynda dynç alyp, ir ertirden agşama çenli ekin meýdanlarynda işleýärler.
Sogd sebitinde Syrderýadan gözbaş alýan akabalar ekin meýdanlara ýaýrap gidýärler. Ýurduň 93 göterimi daglyk bolan Täjigistanyň halky hasylly ýerleriň gadyryny bilýär, şonuň üçinem amatly bolan her daban ýeri ekerançylyk üçin peýdalanmaga çalyşýarlar. Biz Özbegistan bilen serhetleşýän Spitamen etrabyna ugradyk, ol ýerde köp daýhan pagtaçylyk bilen meşgullanýar.
Farruh Zabitow "Fariza" fermasynyň başlygy, onuň bagty getiripdir, ekin meýdany peslikde, Syrderýanyň golaýynda ýerleşýär. Farruhyň aýtmagyna görä, onuň suw bilen baglanyşykly kynçylygy ýok. Suwuň nasoslar arkaly berilýän daglyk ýerleriň ýaşaýjylary köp çykdajy edýärler. Şeýle-de bolsa, daýhanyň aladasy ýeterlik, ilki bilen şol bir suwuň we döküniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
– Şu ýyl suwuň bahasy 150% ýokarlandy. Eger öň her gektar ýeriň suwarylmagynyň bir sagadyna 20 somoni (takmynan 1,8 ABŞ dollaryna golaý) tölän bolsak, bu ýyl 50 somoni (4,7 ABŞ dollary) töleýäris. Şol bir wagtda, pagta örän arzanlady, oňa azap çekmek meniň üçin peýdasyz diýen ýaly. Mundan 3 ýyl öň pagtanyň kilosyny 15 somoniden (1,4 ABŞ dollary) satyp bolýardy, geçen ýyl onuň kilosyny 5-6 somoniden (56 sent) satdyk. Eger şu ýyl kilosyny azyndan 10 somoniden satyp bilsek kadaly bolardy – diýip, Farruh Zabitow aýdýar.
Pagtaçylyk Täjigistanyň ykdysadyýetinde möhüm pudaklaryň biri bolup durýar. Birnäçe hünärmenler pagtanyň nyrhynyň peselmegini Orsýetiň Ukrainada başlan urşy we sanksiýalaryň girizilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Russiýa pagtany esasy satyn alyjy ýurtdy, indi olar satyn almagy azaltdylar.
«Dökün gymmatlap barýar, suw gymmatlaýar, juda kyn boldy, ýöne daglyk ýerlerde işleýänler üçin has hem kyn. Ol ýerde suw bar, ýöne hemmä ýetmeýär, aýratynam gurakçylyk ýyllarda».
Kolhozlar dargap başlanda, döwlet ýeri daýhanlaryň arasynda bölüp, her kime uzak möhletli kärendesine berdi.
Abdullo Nyýazow hem ýer alan we 30 ýyldan gowrak wagt bäri daýhançylyk bilen meşgullanýanlaryň biri. Onuň iki bölek ýeri bolup, birine gowaça ekýär, beýlekisinde erik agaçlar bar. Eger döwlet rugsat etse, iki bölek ýerine-de erik ekjekdigini Adbullo boýun alýar. Sebäbi ol diýseň girdejili: erik baglary has az ideg talap edýär, ony suwlamak gerek däl, erigiň we guradylan kişdesiniň bahalary bolsa hiç haçan pese düşmeýär.
Onuň melleginde 25 düýp erigi bar. Erik bişende hasyly ýygnaşmaga bütin maşgala gatnaşýar: erigi ýygnaýarlar, ony saýlaýarlar, hapadan arassalaýarlar hem kişde üçin serýärler. Ol erigiň bu görnüşiniň adyny bilmeýär, ýöne munuň örän tagamlydygyny, ondan iň süýji kişdäniň bolýandygyny aýdýar.
– Suwaryş desgalary bar, nasos gurnaldy, suw ölçegden geçýär. Bu ýer derýadan uzakda, suw üçin köp tölemeli bolýar. Şonuň üçinem hyýar ýa-da pomidor ösdürip ýetişdirmek peýdasyz, erigi saklamak gowy – diýip, Abdullo düşündirýär – Ýöne umuman çykdajy köp: nasos mydama bejergä mätäç, ätiýaçlyk şaýlary gymmat, ýene suw üçinem tölemeli. Erik agaçlaryna suw gerek bolmasa, gowaça suwy köp talap edýär.
«DERÝANYŇ SUWY TYGŞYTLY ULANYLMAÝAR»
Ekologiýa meseleleri we oba hojalyk işleri boýunça bilermen hem žurnalist Negmatullo Mirsaidow bilen biz Hojant şäherinde, Syrderýanyň kenaryndaky lezzetli çaýhanada duşuşdyk.
Bilermen Syrderýada suwuň barha azalyp barýandygyny aýdýar. Munuň sebäbi ýyllaryň gurak gelmegi, howanyň üýtgemegi sebäpli buzluklaryň eremegi hem-de oba hojalygynda, aýratynam gowaça meýdanlarynda suwdan tygşytly peýdalanmazlygydyr.
– Syrderýanyň basseýnindäki suw tygşytly ulanylmaýar. Türkmenistanda we Özbegistanda Täjigistana garanyňda, has köp pagta ýetişdirilýär – diýip, Negmatullo Mirsaidow aýdýar. – Suw krizisiniň çözgüdiniň biri pagtanyň öndürilişini azaltmak we bagbançylyga geçmeli diýip men ynanýaryn. Täjigistanda ýerler daýhanyň eline berilse-de, döwlet adamlara gowaça ekmegi henizem buýurýar. Gowy bolanda, biz pagtany ýurduň içinde işläp biljek derejämizde öndürmeli. Emma daýhanyň ýetişdirýän çig malyny arzan bahadan satyn alyp, daşary ýurt bazarlaryna çykarmak kimdir birlerine peýdaly bolmaly.
Mirsaidow pagtanyň öndürilişiniň azalýandygyny, ýöne henizem oba hojalygynyň esasy pudagy bolup galýandygyny belleýär.
Şonuň bilen birlikde, ol eger-de ýurtlar damja suwaryş ýa-da ýagyş suwaryş usullary ýaly, häzirki zaman suwaryş tehnologiýalaryna geçip bilseler, ýapdan suwarmak kynçylyklary ýüze çykmazdy diýýär.
– Bu, elbetde, gymmat, ýöne iru-giç biz oňa hökman geçmeli bolarys. Esasy zat – pul. Oba hojalygyna inwestisiýa goýulmagy gerek, emma munuň üçin döwletiň puly ýok. Daýhan hojalygyny ösdürmek we suw resurslaryny tygşytlamak üçin ýa käbir toparlary döretmek, ýa-da daşary ýurtlardan maliýeleşdirmek zerur. Daşary ýurt kapitaly bolsa Täjigistana kän gyzyklanma döretmeýär, sebäbi bizde ýer hususy eýeçilikde däl. Daşary ýurt maýa goýujylaryna kapitalyny sarp eden ýerlerinden, ertir eýýäm mahrum edilmejekdiklerine kepillik ýok.
Oba hojalygynda maýa goýulmazlygynyň we subýektleriň ýetmezçiliginiň fonunda, salgytlar artýar. Daýhanlar bu ýagdaýy has-da agyr duýýarlar.
– Hawa, salgytlar ýokary – diýip, Negmatullo ylalaşýar. – Käte bolsa salgyt inspektorlary heniz satylmadyk harytlar üçin, söwdagärleriň köpüsinden öňünden tölegi talap edýärler. Bu bolsa diňe bir oba hojalygyna däl, eýsem, tutuş ýurduň telekeçiliginiň ösmegine päsgel berýär. Şol bir wagtyň özünde, käbir salgytlar, mysal üçin, suw salgydy ýokary däl. Häzir daýhanlaryň köpüsi suw üçin köp pul töleginden nägile bolýarlar. Emma biziň bahalarymyzy dünýädäki tölegler bilen deňeşdirseň, gaty azdyr. Adamlar suw üçin pul tölemäge öwrenişmedik, şol sebäpli olara gymmat ýaly görünýär.
FARHAD BEKEDINDÄKI TÄJIK DEŇZI
Syrderýanyň Sogd welaýatyndaky böleginde, birbada iki sany gidroelektrik bekedi bar; olar Farhad we Kaýrakkum gidroelektrik beketleridir.
Farhad gidroelektrik bekedi Täjigistanyň territoriýasynda bolsa-da, Özbegistana degişli. Ol 1947-nji ýylda, entek Soýuz respublikalarynyň arasynda territoriýa meselesini hiç kim orta atmaýan döwründe gurlupdy. Ilkibaşda Farhad gidroelektrik bekedinde özbek hünärmenleri işläpdirler. Sowet Soýuzy ýykylandan soň, Täjigistan bilen Özbegistanyň arasynda obýektiň töwereginde dawalar başlandy.
Graždanlyk urşy ýyllarynda Täjigistan Farhad bekediniň goragyny öz eýeçiligine aldy. Ol dawa gan dökülmän gutarandan soň, Täjigistanyň goşuny bekediň ygtyýarlygyny Özbegistana berdi.
Ýurtlaryň arasyndaky gutarnykly mesele ýakynda çözüldi. 2018-nji ýylda Täjigistan bilen Özbegistan ylalaşyga gol çekdiler. Şol ylalaşyga laýyklykda, geljek 49 ýylyň dowamynda, gidroelektrik bekediniň howpsuzlygyny Täjigistan öz üstüne alýar, ony ulanmagy bolsa özbek tarapy üpjün eder.
Häzir Täjigistan-Özbegistan serhedinde köp sanly etniki özbekler ýaşaýarlar. Olar täjik dilinde örän oňat gepleýärler (ýerli täjikler hem özbekçe bilýärler), olar bilelikde, oba hojalygy bilen meşgullanýarlar.
57 ýaşly Azat etniki özbek. Ol özüniň Spitamen etrabynda doglup, şu ýerde ösüp-ulalandygyny aýdýar. Ol bir wagtlar mekdepde zähmet mugallymy bolup işläpdir, ýöne aýlyk haky az bolany sebäpli işden çykypdyr. Ol aýlyk tutuş maşgalany-ha däl, bir adamy-da ekläp bilmeýär. Azat köp ýyldan bäri "suw üstünde" işleýär: ol Syrderýadan Spitamen etrabynyň belent daglyk obalaryny suw bilen üpjün edýän nasoslaryň işleýşine gözegçilik edýär.
– Häzir mekdepde erkek galmady, diňe aýallar işleýär – diýip, Azat mugallymçylyk kärini taşlamagynyň sebäbini düşündirýär – Sebäbi aýlyk az: ortaça 700 somoni (takmynan 65 ABŞ dollary) alýardym. Indi bir gün işläp, üç gün dynç alýan. Öýde öz hojalygym – ekinim, mallarym bar.
Azat alty suw nasosyň hemmesiniň bökdençsiz işlemegini we gerekli mukdarda suw çykarmagyny üpjün edýär. Ol buýsançsyz ýagdaýda, tutuş Spitamen etrabyny suw bilen üpjün edýän iň güýçli nasosa gözegçilik edýändigini aýdýar.
– Bizde bar zat garyň ýagşyna bagly: eger daglarda gar köp bolsa, onda suw bol bolar. Derýany Gyrgyzystanyň buzluklary doldurýar: Andijan, Oş – ol ýerden suw gelýär. Suw kän bolanda, Gyrgyzystan artykmaç suwuny berýär, ýeterlikli bolmasa, olar bermek islemeýärler. Olaryňam öz ýeri, öz halky bar. Öňler bar zat ortalykdy, suwuň derejesi-de deňdi. Indi her kim özüne hojaýyn, Isleseler suw berýärler, islemese bermeýärler.
– Ýerli ýaşaýjylar Farhad gidroelektrik bekedinde işe ýerleşip bilýärlermi? – diýip, men Azatdan soraýaryn.
– Ýok, ol ýerde diňe özbek raýatlary işleýär. Olar gidroelektrik beketlerine gerek suwuň mukdaryny kadaly ugrukdyrmak üçin, gatlany açýarlar hem ýapýarlar. Onsoňam ol ýerde soldat durýar. Şoňa görä-de surata almak gadagan, golaýyna barmagam. Galyberse-de, gidroelektrik bekediň golaýynda serhet ýerleşýär, ol strategik obýekt bolup durýar. Ol ýerde suwa düşmek, balyk tutmagam gadagan.
Kaýrakkum gidroelektrik bekedi 1957-nji ýylda işe girizildi. Onuň kuwwaty diňe sebitiň içki zerurlyklaryna ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa, Negmatullo Mirsaidowyň ýatlamalaryna görä, 2006-2009-njy ýyllaryň energiýa krizisinde, tutuş Sogd welaýaty diňe Kaýrakkum gidroelektrik bekedine "baglanypdyr".
Kaýrakkum suw howdany Täjik deňzi diýlibem atlandyrylýar. Onuň sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bar, gurak ýyllarda diňe bir Sogd sebitine däl, eýsem goňşy ýurtlara-da suw berýär. 2021-nji ýylda Täjigistan Kaýrakkum suw howdanyndan Gazagystana goşmaça 315 million kub metr suw paýlady.
2021-nji ýylyň tomsy gurak boldy, Syrderýada suw örän azaldy. Gazagystanyň günortasynda daýhanlar şaly öndürilişini azaltmaga mejbur boldular – ony suwaryp bolmady.
Täjik deňzi ýurduň demirgazygyndaky esasy özüne çekiji ýerleriň biri bolup durýar. Onuň kenarlarynda köp sanly dynç alyş merkezleri, suwa düşülýän güzerler hem balyk tutmaga ýerler bar. Şeýle hem "deňziň" töweregindäki ekine amatly ýerlerde pagta, tüwi, hyýar, pomidor we başga-da köp oba hojalyk önümleri ýetişdirilýär.
54 ýaşly Abdullahob suw howdanynyň bary-ýogy birnäçe ýüz metr golaýynda, şaly ösdürip ýetişdirýär. Ol 30 sotkalyk kiçijik ýerinden, az bolanda 1,5 tonna, köp bolsa 2 tonna tüwi alýar. Ol tüwiniň köp bölegini ýerli bazarda gowy bahadan satýar. Daýhan öz işiniň gowy bolandygyny aýdýar: Täjik deňziniň hözirinden, ol durnukly girdejisi gazanýandygy üçin, maşgalasyny eklemäge ukyby bar.
– Men kenja diýilýän tüwi ýetişdirýän, bu ownuk tüwi, palawa örän oňat bolýar. Goňşym Krasnodar tüwüsini ýetişdirýär, ol uzynak, örän gowy ýetişýär. Bu ýerde, aslynda bar zat gowy ösýär. Eger kadaly hyzmatyny ýetirseň, wagtynda dökün berseň, hasyl hem gowy bolar. Elbetde, şaly suwy köp alýar, ýöne soňra suw ýene-de deňze dolanýar. Şaly bilen suw bir zat, köp suw bolmasa, şaly ýetişdirmek mümkin däl.
Ol öz kärende ýerinde, iň bolmanda, pensiýa çykýança işlemegi arzuw edýär, soňra agtyklarynyň ýa çowluklarynyň birine geçirmekçi.
– Esasy zat, ýerde işlemek üçin saglyk we suwuň akyp durmagy gerek – diýip, ol daýhan mellegindäki işini dowam etdirmäge ugrady. Ol şu ýyl hasylyň gowy boljagyna umyt edýär.