Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýene bir türkmen raýaty öldürildi. Güman edilýän merhumyň adamsy


Mähri Ereşowa. "Turkmen.news" neşiriniň fotosuraty
Mähri Ereşowa. "Turkmen.news" neşiriniň fotosuraty

Stambulda Türkiýä üç aý öň gelen 32 ýaşly türkmen raýaty Mähri Ereşowa öldürildi diýip, “Türkmen.news” "Sabah" neşirine salgylanyp habar berýär.

Öldürilen aýal paket öndürýän fabrikde işläpdir we 38 ýaşly adamsy Mekan Ereşow bilen bilelikde Beýlikduzu etrabynda bir kwartirany kireýine alypdyr.

Bu kwartiranyň eýesi Aýnabat Rahmedowa 7-nji iýunda olary görmäge gelýär, ýöne gapyny hiç kim açmaýar. Şondan soň ilki Mekana, soň gyssagly kömek hyzmatlaryna jaň edýär.

Mekan jaýa penjireden girip, Mähriniň öldürilendigini görýär. Onuň jesedi myhman otagynda, hammam otagynyň işiginde ýatan eken. Jesediň boýnunda we garnynda pyçak ýaralary bardy diýip, habarda aýdylýar.

Bu waka netijesinde Ereşowyň özi adam öldürmekde güman edilip tussag edildi. Jenaýatyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir habar berilmeýär. Mekan Türkiýä aýalyndan has öň, bäş ýyl ozal gelipdir we motosikl abatlaýyş dükanynda işläpdir..

Merhumyň jesedi Kazyýet lukmançylyk institutyna getirildi. Jeset kesilip barlanandan soň ony merhumyň iki aýal dogany we erkek dogany alyp gaýdar.

Olar ýurtda iki çagasy galan merhumy Türkmenistanda jaýlamakçy bolýarlar diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistandaky işsizlik zerarly zähmet migrasiýasyna baş urýan türkmenistanlylaryň Türkiýede uçraýan kynçylyklary, käte olaryň gümürtik ýagdaýda öldürilmegi barada çykýan habarlar türkmen metbugatynda agzalmaýar.

Forum

XS
SM
MD
LG