Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport – päsgelçilikleriň hötdesinden gelmek


Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa gulluklary “Sport Şahsyýeti – päsgelçilikleriň hötdesinden gelmek” bäsleşigini başladýarlar. Bu başlangyç dürli kynçylyklara, şol sanda milli, medeni, syýasy we jemgyýetçilik böwetlerine garamazdan, sportda uly üstünlik gazanan türgenleri şöhratlandyrmagy maksat edinýär. Bular tanymal dünýä ýa-da olimpiýa çempionlary bilen bir hatarda, paralimpiýaçy ýa-da medeni kynçylyklara garşy göreşen zenan pälwan ýa-da söweş sungatynyň türgeni ýaly ähli kynçylyklara garşy şahsy belentliklere ýeten oba sportçysy ýa-da sport zenany bolup biler.

Bäsleşik birnäçe tapgyrda geçer:

  1. Sport Şahsyýeti üçin dalaşgärleri hödürlemek we olar barada habar bermek

    Azattyq/Azattyk/Ozodi/Azatlyk/Ozodlik; öňdebaryjy sport žurnalistlerinden we okyjylarymyzdan düzülen eminler toparynyň hemaýaty bilen Gazagystandan/Gyrgyzystandan/Täjigistandan/Türkmenistandan/Özbegistandan bolan birnäçe türgeni hödürlärler.

    Bu türgenleriň gazanan üstünliklerini we ýeňip geçen päsgelçiliklerini görkezýän giňişleýin maglumatlary, ýylyň ahyryna çenli dürli platformalarymyzda çap ediler we ara alnyp maslahatlaşylar.
  2. Ýurt derejesindäki ses berişlik

    Ýylyň aýagynda okyjylarymyz we her döwletden bolan sport žurnalistleri öz ýurdunyň Sport Şahsyýetini kesgitlemek üçin ses bererler (50-50%).

    Ýeňijileriň profaýllary çap ediler we olar bilen Azattyq/Azattyk/Ozodi/Azatlyk/Ozodlik söhbetdeşlik geçirer.

    Her döwletden bolan ýeňijileriň profaýllary Merkezi Aziýa gulluklarynyň ählisi tarapyndan öz dillerine terjime ediler we çap bolar.
  3. Janly final çäre

    Bäş ýeňiji “Ýylyň Merkezi Aziýanyň Sport Şahsyýetleri” diýen jemleýji janly çärä çagyrylar.

    Çärä Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary we Merkezi Aziýanyň görnükli sport wekilleri hem gatnaşar. Çäre göni efirde görkeziler.

    Ýeňijiler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýörite ýatda galyjy baýraklary bilen sylaglanar.

Munuň bilen baglylykda, ýaryşyň çägindäki diňe bir Merkezi Aziýaly türgenleriniň ajaýyp üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýse beýlekileri hem öňündäki päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Forum

XS
SM
MD
LG