Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salam, Dogan! Rak keseli baradaky dymyşlyk we mejbury barlaglar nämeden habar berýär?


Saglyk merkeziniň girelgesi. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)
Saglyk merkeziniň girelgesi. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň soňky aýlarda beren maglumatlaryna görä, tutuş ýurt boýunça onkologiýa hassahanalarynda uly nobatlar döreýär.

Türkmenistanda onkologiýa keselhanalaryna ýüz tutýan hassalaryň sany barada resmi statistika çap edilmeýär.

Bu aralykda medisina hyzmatlaryna mätäç hassalaryň köplüginiň fonunda ýurtda aýal ilatynyň arasynda onkologiýa barlaglary guramaçylykly geçirilýär. Emma munuň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmeýär.

Bu ýagdaý nämeden habar berýär? Aýallaryň arasynda onkologik keselleriň ýaýramagy barada nähili maglumatlar elýeterli? Aýal-gyzlaryň saglygyny goramagy, habarly bolmagy üçin näme edip bolýar?

Azatlyk Radiosy "Salam Dogan" rubrikasynyň nobatdaky sanynda bu sowallara jogap tapmaga synanyşýar.

Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk programmasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.

Diňle: Salam, Dogan! Rak keseli baradaky dymyşlyk we mejbury barlaglar nämeden habar berýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG