Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gyzy Saida Mirziýoýewanyň syýasy kömekçisi Komiljon Allamžonowyň maşyny oka tutuldy. Ol we onuň sürüjisi hüjümden diri galdylar. Bu waka Mirziýoýewiň maşgalasynyň gol astyndaky ýurduň syýasy sahnasynyň daşyndan görnüşi ýaly parahatçylykly däldigi baradaky çaklamalara sebäp boldy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzynyň syýasatdaky esasy kömekçisi Komiljon Allamžanow geçen ýylyň tomsundan bäri goralýan adama meňzeýärdi.
Ol iýul aýynda respublikan mediasynyň žurnalistleri bilen geçiren brifinginde, özbek maglumat giňişliginde "ýalan we nädogry maglumatlaryň barha artýandygyny" ýazgardy.
Bu duşuşykdan öň birnäçe hepdeläp köpçüligiň gözünden ýiten Allamžanow takyk maglumatlary bermedi. Ýöne ol ýitirim bolanda, onuň nirededigi we syýasy geljegi barada myş-myşlar ýaýrapdy.
Internet ulgamynda onuň ýurtdan gaçandygy, oňa garşy barlag başlanandygy baradaky gybatlar peýda boldy.
Soňra Allamžanow birnäçe aýlap, Prezident administrasiýasynyň Maglumat syýasaty bölüminiň başlygy wezipesinde işlemegini dowam etdirdi. Sentýabryň ahyrynda hem wezipesinden çekildi.
Ol wezipesinden çekilýändigini prezident Ş. Mirziýoýewiň kömekçisi Saida Mirziýoýewanyň ýanynda yglan etdi. Wideoda Mirziýoýewa öz halypasyny goldaýandygyny aýdyň görkezdi.
Prezidentiň uly gyzy Allamžanowa minnetdarlyk bildirip, "biziň Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny jogapkärli ýerine ýetirendigi, döwlet we jemgyýet üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalary amala aşyrandygy [we] bilim ulgamyny, metbugaty kämilleşdirmek depginlerini ýokarlandyrmakda ajaýyp netijeleri görkezendigi üçin" minnetdarlyk bildirdi.
Ýöne bir aý hem geçmänkä, Allamžanowyň janyna kast edişlik guralyp, onuň maşyny oka tutuldy. 26-njy oktýabrda bolan waka özbek häkimiýetleri tarapyndan, adam janyna kast etmek synanyşygy hökmünde barlanýar.
40 ýaşly Allamžanow hem, Range Rover ulagynyň sürüjisi-de diri galdylar. Polisiýanyň aýtmagyna görä, maşyna birnäçe ok degipdir.
Ol waka sebäpli azyndan dört şübheli tussag edildi.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentde maşynyň oka tutulmagy, üstesine-de ol ulagda belli syýasatçy barýan bolsa, adaty zat däl. Onuň arkasynda kimiň durýandygy, Mirziýoýew maşgalasynyň dolandyrýan režimi üçin, munuň nämäni aňladýandygy barada, adamlarda köp sowal döredýär.
DÖWLET IÇINDÄKI DÖWLETMI?
Birnäçe aýratyn bellik.
Birinjiden, gürrüň Özbegistan hakda barýar. Şonuň üçin hiç zady anyk bilmek mümkin däl diýen ýaly.
Ikinjiden, wakanyň resmi barlagy we köpçülige aýan edilen netijeler bolan wakalara düşünmäge hemişe kömek etmeýär.
Üçünjiden, aýlar, ýyllar geçse-de, anyk zat bilinmezligi mümkin.
Allamžanowyň garşydaşlary bardyr, munda-da geň zat ýok.
Allamžanow Mirziýoýewiň höküm süren ilkinji ýyllarynda žurnalistlere we blogçylara garşy has ýumşak syýasat bilen tanaldy. Görnüşinden, bu syýasat aradan çykan lider Yslam Kerimowyň ýowuz hökümdarlygyndan her dürli yza çekilmegi gerekmejek howp hasaplaýan howpsuzlyk işgärlerinden goldaw tapmady.
Soňky birnäçe ýylyň dowamyndaky "maýyllykdan" soň köpçülikleýin habar serişdeleri üçin sowuklyk başlansa-da, Allamžanowyň Saida Mirziýoýewa bilen baglanyşygy saklanyp galdy.
Prezident administrasiýasyndan gidýänçä, Allamžanow Mirziýoýewanyň syýasy ýolunyň her ugurlarynda, ýolbaşçy hökmünde, oňa ýardamçy boldy.
Bu ýagdaý 2023-nji ýylda Mirziýoýewa Prezidentiň kömekçisi wezipesine bellenensoň üýtgedi. Bu wezipe geçen ýyl ýatyrylan prezident administrasiýasynyň başlygynyň wezipesine meňzeýär, ýagny Mirziýoýewa öz kakasyndan soň, prezident administrasiýasynda iň güýçli wezipe eýesi hasaplanýar.
Saida Mirziýoýewa Allamžanowyň başlygy boldy. 67 ýaşly Mirziýoýewiň wezipesinden gitmek niýetiniň ýokdugyna garamazdan, bu ýokary çekiliş Saidanyň iň ýokary döwlet wezipesine taýýarlanýandygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy. Muňa garamazdan, Mirziýoýewa bilen Allamžanowyň gatnaşygy syýasy hyzmatdaşlyk hökmünde dowam etdi.
Bu Allamžanowa köpräk metbugatda görünmäge, syýasy ähmiýetini artdyrmaga mümkinçilik berdi, hatda onuň gün-günden artýan biznes bähbitleri habar serişdelerinde ençeme barlaglaryň we içerki dawalaryň aýyplamalaryna sezewar boldy.
Ýöne Mirziýoýewiň ýakyn hyzmatdaşy bolmak, olaryň maşgala agzasy bilen deň däl.
Maşgala agzalarynyň biriniň derejesine Saidanyň jigisi Şahnoza Mirziýoýewanyň äri Otabek Umarowyň eýelik edýändigi şübhesizdir.
2016-njy ýylda Umarow prezident Mirziýoýewiň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary boldy. Ol sosial ulgamlarda öz keşbini, esasan, sportuň abraýly howandary hökmünde kem-kemden beýgeltdi. Onuň Instagram hasabyny 38 milliona golaý yzarlaýjy bar. Ol halkara meşhur adamlar bilen düşen suratlaryny ýygy-ýygy goýýar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň geçiren barlaglaryna görä, 40 ýaşly Umarow maşgala gatnaşyklary arkaly uly baýlyk toplapdyr. Ol ýurduň syýasatdaky we ykdysadyýetdäki ýokary gatlagyň arasynda, göze görünmeýän aralykçy hökmünde görülýär.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ençeme ýokary derejeli çeşmeleri soňky aýlarda Umarow bilen Allamžanowyň arasyndaky gatnaşyklary ýaramaz diýip häsiýetlendirýärler.
Bir çeşmäniň aýtmagyna görä, mafiýa usulynda telekeçileri we syýasatçylary yzarlanmak üçin, Umarowyň döredendigi aýdylýan resmi bolmadyk gizlin "operatiw toparyň" işine päsgel bermäge synanyşmakda güman edeninden soň, olaryň arasyndaky çaknyşyk has-da güýçlenipdir.
Iýul aýynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan çeşmäniň aýtmagyna görä, Allamžanowyň ara goşulmagy "operatiw toparyň" işini gysga wagtda bökdeýän barlagyň başlanmagyna sebäp bolupdyr.
Bu döwlet içindäki döwlet ýaly bolup eşidilýär.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň beýleki çeşmeleri häzir Allamžanowyň ulagyna ok atylmagy baradaky derňewe Umarowyň ýaranlarynyň gözegçilik edýändigini hem aýdýarlar.
Bu aralykda, özbek telegram kanallarynda şu waka bilen baglanyşykly çaklamalara görä, Allamžanowyň bäsdeşlerini ýüzügara etmek üçin, özüne garşy kast edişlik synanyşygyny gurandygy aýdylýar.
Baş prokuratura hüjüm bilen bagly "tassyklanylmadyk we delilsiz" pikirleriň artmagyny islemän, "Ilatyň arasynda ýalan, nädogry we howsala döredýän maglumatlaryň ýaýradylmagy üçin, jenaýat jogapkärçiliginiň bardygy” hakda duýduryş berdi. Emma bu myş-myşlaryň ýaýramagyny düýpli gowşatmady.
MAŞGALA MESELESI
Şu wagta çenli Umarowy ýa-da özbek häkimiýetleriniň başga bir agzasyny atyşyklar bilen baglanyşdyrýan köpçülige elýeterli berk subutnama ýok.
Ýöne hakykat nähili bolaýanda-da, režime gowulyk getirmeýär.
Atyşyk parlamente we ýerli wekilçilikli organlara saýlawlardan bir gün öň boldy. Netijede, Mejlisiň aşaky palatasyndaky orunlary geçen saýlawda bolşy ýaly, bu gezegem hökümete wepaly öňki bäş partiýa eýeledi.
Bu şertde hemme zat adaty bolşunda dowam edýän ýaly görünse-de, Mirziýoýew režiminiň esasy şahsyýetleri bilen bagly myş-myşlar munuň beýle däldigini görkezýär.
Azatlygyň Özbek gullugynyň soňky sosial ulgamyndaky wideolaryň biri 27-nji oktýabrda saýlaw güni ses berilýän ýerde, Mirziýoýewler maşgalasynyň düşürilen suratyny öňki saýlawlardan alnan suratlar bilen deňeşdirýän wideo örän meşhur boldy.
Bu gezek suratda kim üns merkezinde?
Prezident administrasiýasy tarapyndan ýaýradylan suratlarda Mirziýoýewiň özi ýok. Ortada birinji hanym Ziroathon Hoşimowa, onuň iki tarapynda gyzlary hem giýewleri dur.
Britaniýada ýaşaýan özbek barlagçysy Alişer Ilhamow Azatlygyň Özbek gullugyna beren düşündirişinde, 67 ýaşly döwlet baştutany şeýle etmek bilen maşgala agzalarynyň käbirine närazylyk bildiren bolsa gerek diýdi.
Geçmişde prezidentiň dogan-garyndaşlarynyň çäkden geçen ýurdunda, höküm sürýän maşgalany saklamagyň nähili möhümdigine Mirziýoýew islendik adamdan gowy düşünýär.
2016-njy ýylda Kerimow aradan çykýança, Mirziýoýew on ýyldan gowrak premýer-ministr bolup, Kerimowyň garyndaşlarynyň nämelere baş urýandygyny gördi.
Ýöne birkemsiz gowy geýinmegi we gowy geplemegi başarýan 39 ýaşly Saida Mirziýoýewa belli bir sebäplere görä, Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa meňzemeýän usulda terbiýelenen bolsa gerek. Gülnaranyň durnuksyz gylygy we tassyklanyşy ýaly, korrupsiýa bolan höwesi öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da kynçylyk döretdi.
Gülnara wakalary ejesi bilen uýasyny Twitter’de dürli bikanun işlerde aýyplandan soň, kakasy diri wagtynda, öý tussaglygyna düşmegi bilen tamamlandy.
Guguşa ady bilenem tanalýan Kerimowa öz watanynda türme möhletini geçirýän bolsa-da, henizem halkara jenaýat işleriniň merkezinde durýar.
Şu babatda ol nähili-de bolsa, Mirziýoýewiň režimi üçin başagyry bolup gelýär.
Ýöne Özbegistanyň häzirki ikinji prezidentiniň ondan hem agyr we ýitiräk kynçylyklary bar ýaly görünýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.