1874-nji ýylda Eýran hökümdary Nasyr el-din Şanyň syýahatlar gündeligi iňlis dilinde çap edildi. Kitap bir ýyl mundan ozal Eýran hökümdarynyň Russiýa, Günbatar Ýewropa we Kawkaza ilkinji bolup amala aşyran syýahatynda galan täsin wakalar barada gürrüň berýär.
Aşakda Eýranyň özgermeginde täsiri bolan ol syýahatyň jikme-jiklikleri (köplenç Şada galdyran täsirler) görkezilýär. Suratlar Şanyň bolan ýerlerinde düşürilipdir.
«Hudaýa şükür, biz deňizden çykyp, ägirt täsinlik bilen owsunýan Wolga atly uly derýa girdik. Bu derýa örän giň; şeýle bir giň welin... top oky bir kenardan beýleki kenara ýetmeýär» diýip, Nasyr ed-din rus imperiýasy barada özüniň ilkinji täsirlerini ýazýar. Ol 1873-nji ýylyň maý aýynda Eýrandan çykyp, Hazar deňzinden gämi bilen geçip, Orsýete gelipdir.
«Her obada örän owadan hem şöhratly ybadathana gurlupdyr» diýip, şa belleýär.
Gämi käbir obalaryň golaýyna gelende, Nasyryň aýtmagyna görä, ilat «derýanyň kenarynda jemlenip: “Urra!” diýip gygyrýardylar».
Wolga ýakasyndaky şäheriniň baştutany myhmanlary duz-çörek bilen garşy alypdyr. Şa duz-çörek hödür edilen mejimäniň ýüzünde, olaryň gelen senesiniň ýazylandygyny belleýär.
Orsýetiň günortasyndan Şany we onuň ýanyndakylary demir ýol arkaly alyp gidipdirler. Bu onuň üçin täze tejribe ýaly bolup görünýär.
«Otly şeýle tizlikde barýardy, biz uçup barýan gargany-da ýetýärdik» diýip, Nasyr haýran galmak bilen ýazýar.
Görnüşinden, şa Russiýada ilkinji gezek demir ýola degişli sözler bilen tanşypdyr.
«Stansiýa – bu otlylaryň durýan ýeri, tigirleri ýaglamak hem-de ýolagçylaryň kofe we sowujak içgileri içýän ýeri» diýip ýazýar.
Başga bir ýerde ol demir ýol tunelini "dagdaky deşik" diýip ýazypdyr.
Otly Moskwa golaýlanda, Şa we onuň ýanyndakylar dabaraly lybaslaryny geýipdirler. Olara Kremli görkezipdirler. Megerem, şondan soň olar Uly teatra çagyrylan bolsa gerek, ol ilkinji gezek balet görüpdir.
«Sahnanyň perdesi göterildi, geň dünýä peýda boldy. Köp sanly aýal tans edip başladylar. Bu tansa balet diýilýär, ýagny hereket hem tans bilen sözsüz çykyş etmek».
Ol sungatyň bu ugrunyň aýratynlyklaryny «ýazyp beýan etmek mümkin däl» diýipdir.
Şanyň Sankt-Peterburg barada berýän gürrüňi ruhypes diplomatiýa häsiýetli. Ol patyşa Aleksandr II bilen duşuşypdyr. "Berdaşly hem ýokary mertebeli, örän agraslyk bilen sözleýär, diýseň saldamly ýöremegi başarýan beýik adam".
Iki hökümdaryň arasyndaky gürrüňleri Şa diňe "uzak hem ýakymly" diýip atlandyrýar. Aslynda, şol döwürde köp zat iki hökümdaryň arasyndaky gatnaşyklara bagly bolupdyr. Olaryň ýurtlary ýaňy-ýakynda Kawkazyň üstünden asyrlar boýy dowam eden dawadan soň, gowşajyk parahatçylyga ýetipdiler.
Peterburgda hem teatra tomaşalar bolupdyr. Megerem, olar Moskwadaky Şany haýran galdyran baletden has haýasyz bolmaly.
Bir artist aýaly şeýle suratlandyrýar: «döşi açyk, aýagy ýalaňaç, içki geýimli bir semiz aýal» sahnanyň ortasynda goýlan, ýanyp duran çakyrly çüýşeleriň daşyndan, tigir bilen aýlanýar.
«Ahyr soňy ol maşyny bilen ýere ýykyldy we etegine ot düşdi» diýip, şa ýazypdyr.
Eýran hökümdary Sankt-Peterburgyň golaýynda ýerleşen patyşa köşgi Petergof bilen aýratyn gyzyklanan ýaly görünýär.
«Bu ýer jennete meňzeýär» diýip, şa haýran galmak bilen Fin aýlagyna eltýän ýaşyl ýollary hem suw çüwdürimlerini jikme-jik beýan edipdir.
29-njy maýda Şa günbatara ugrap, häzirki Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň we Türkiýäniň territoriýasyndan geçipdir we watanyna dolanyp barýarka Gürjüstanda saklanypdyr.
Şa Gürjüstanyň günbataryndaky deňizýaka Poti şäherine gelen wagtynda, dartgynly ýagdaý bolupdyr. Gämiden bary-ýogy birnäçe metr golaýda «müň topuň birden atylan gümmürdisi ýaly» bolup, ýyldyrym suwa urupdyr.
Gürjüstanda Şany «dürli taýpalar we milletler» garşy alypdyr, olaryň arasynda çerkesler, lezgiler, ermeniler, gürjüler we dagystanly musulmanlar, şeýle hem şany boýun egdiren megrel topary bolupdyr.
«Ýurduň bir bölegi bolan bu sebitde [adamlar] başy açyk gezýärler – diýip, Şa megreller barada ýazýar. – Aýallar, erkekler ýa-da çagalar hiç haçan başyna hiç zat gezýärler».
Şa şo bada diýen ýaly, olaryň başynyň açykdygy baradaky tassyklamasyny ret edip, megrel söweşijileriniň «başyna selle-peşe derek gyrmyzy mata oraýandygyny, guşagynda bolsa sapança bilem uly hanjaryň bardygyny» ýazýar.
Şanyň sözüne görä, olaryň egin-eşigi «Fransiýadaky zuawlaryň [koloniýadaky goşunyň] we Hindustan taýpalarynyň geýnişine meňzeş, ýöne olarda pelteli köne tüpeňe derek, Tula zawodynda ýasalan ýarag bar».
Şa Tbilisä 29-njy awgustda otly bilen gelipdir. Şäherde kabul edilişine diýseň geň galana meňzeýär.
«50 ýyl ozal bu şäher örän gözgyny we hapaçylykdy – diýip, özi dogulmazyndan öň şäheriň şeýle bolandygyny nireden bilýändigini anyklaman aýdýar: – Indi kem-kemden hususy jaýlar we jemgyýetçilik binalary, mekdepler hem kollejler, berk daş düşelen giň köçeler gurulýar».
Potide bolşy ýaly, Şa Tbilisiniň ilatynyň etniki düzümine haýran galypdyr: «parslar, gürjüler, ruslar, dagystanlylar, çerkesler, nemesler, ermeniler».
Ýogsa-da, şol döwürde hem Gürjüstanyň gök önümleri we miweleri häzirkisi ýaly, öz hili boýunça aýratyn tapawutlanypdyr. Şa garpyzlary, üzümi hem armydy, şeýle hem Tbilisiniň hyýarlaryny aýratyn belleýär.
Ýöne gündogara, Bakuwa, häzirki Azerbaýjanyň çägine gaýdanynda, Şa günüň aşagyndaky ýanyp duran sähranyň keşbini beýan edýär.
«Tbilisiden çykdyk, biziň ýolumyzyň iki tarapynda-da ynsanyň döredeninden ýekeje yz hem ýok: sereden ugruň tukat düzlük ýa-da tozanly daglar» diýip, ol ýazýar.
Häzirki Azerbaýjanyň topragyna gelende, şa diplomatiki sypaýyçylyga zerurlyk duýmadyk bolmaly ýa-da syýahatdan ýadapdyr.
«Genji şäherini bag-bossanlyk bezeýär, emma şäherdäki jaýlar garyp hem gözgyny» diýip zeýrenýär.
Şa «baýyrlygyň üstünde oturan örän gözgyny külbe» diýip beýan edýän aýratyn jaýda saklanmaly bolupdyr.
«Bakuwda ähli ýollar tozanly we ýaramaz. Düzlükler hem daglar şeýle bir guraksy hem gözgyny, ony biz hiç haçan görmändigem, eşitmändigem. Biziň häzirki ýolumyzyň bir bölegi Gonamçylyk diýlip atlandyrylýan şeýle sebite mahsus bolan ýurduň üstünden geçdi».
Şa Bakuwda diňe az wagtlyk saklanyp, soňra gämä münüp, öýüne gaýdýar.
Birnäçe imperiýalaryň içinden geçen syýahatyň Şada uly täsir galdyrýandygy aýdylýar hem bu diplomatiki üstünlik hasaplanypdyr. Nasyr Eýrana dolanyp geleninden köp wagt geçmänkä, Tähranyň golaýynda kiçeňräk demir ýoluň gurluşygy boýunça işläp başlapdyr.