Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukrainanyň günortasyna uran zarbasynda bir aýal heläk boldy


15-nji oktýabrda Mykolaýiw şäherine urlan zarbada söwda merkezine, ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara hem zeper ýetdi diýip, resmiler mälim etdi.
15-nji oktýabrda Mykolaýiw şäherine urlan zarbada söwda merkezine, ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara hem zeper ýetdi diýip, resmiler mälim etdi.

15-nji oktýabrda irden Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň günortasyndaky Mykolaýiw şäherine S-300 kysymly raketalar bilen zarba urdy. Hüjümde bir aýal heläk boldy, başga-da 16 adam ýaralandy diýip, regional häkim Witaliý Kim Telegramda mälim etdi.

Ol hüjümde raýat infrastrukturasyna, şol sanda söwda merkezine, ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara hem zeper ýetendigini belledi.

Bu aralykda, Ukrainanyň Harby howa güýçleri Russiýanyň ýurduň sebitlerine atan 17 dronundan 12-siniň urlup düşürilendigini aýtdylar.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 15-nji oktýabrda irden beren maglumatyna görä, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw ugry boýunça agyr çaknyşyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG