Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýalylar sosial ulgamlarda "kiçi piketler" bilen urşa garşy çykýarlar: "Kiçi iş etmek aýyp däl, hiç zat etmezlik aýyp"

Instagram’daky malenkiy_piket hasaby 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, ýagny Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberde hüjümleri başlanandan bäş ýarym hepde geçenden soň döredildi. Sahypada urşa garşy çykýan ruslara "islendik materialdan eli plakatly adamy ýasamak", soňra-da "figurany islendik ýerde berkidip goýmaga" çagyryş edildi. Häzir bu hasabatda, esasan kagyzdan ýa-da plastelinden ýasalan müňden gowrak kiçijik adamlaryň urşa protestleri bar: "Iki ýyldan bäri rus esgerleri goňşy ýurtda adamlary öldürýärler. Munuň bilen nädip ýaşarsyň?", "Uruş hapa iş, hapalanma!", "Kiçi iş etmek aýyp däl, hiç zat etmezlik aýyp", "Ähli harby ýolbaşçylara täze jaý, aglaýan enelere – galaýy tabyt. Putin – bu uruşdyr".

Protest hasabynyň eýesi Russiýadan çykyp, häzir Fransiýada ýaşaýar. Ol "kiçijik pikete" başlamagynyň sebäbini aýdýar. "Başga hiç zat edip bilmedim. Men uly bir zat etmekden gaty gorkdum. Şonuň üçin kiçiräk bir zat, ýöne her gün etmegi ýüregime düwdüm" diýýär.

Urşa garşy sahypa öz ýiti maglumatynyň kömegi bilen 10 müňe golaý abonent toplady. Aktiwist jemgyýetçilik ýerlerinde protest heýkellerini goýýan ruslar tutulsa, uzak möhletli tussaglyga höküm edilip bilinjekdigini nygtaýar. "Häzir Russiýada syýasy sungat bilen meşgullanmak örän howply" diýip, ol aýdýar. “Dostlarymyň köpüsi türmede” diýip, sözüne goşýar.


XS
SM
MD
LG