Russiýa iýul aýynda Hytaýa iberilen gaz eksportlarynyň mukdary boýunça Türkmenistandan öňe geçdi. Bu barada rus mediasy Hytaýyň gümrük maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Russiýa iýul aýynda Hytaýa 3,27 milliard kub metr gaz eksport edip, bir aýda bu ýurda iň köp gaz satan ýurt boldy. Türkmenistan degişli döwürde Hytaý ugry boýunça 2,7 milliard kub metr gaz iberdi.
Bu aralykda, türkmen metbugatyna görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz söwdasy şu ýylyň ýanwar- awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy. Hytaý ýanwar-awgust aralygynda 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.
Şol bir wagtda, Reuters habarlar agentligine görä, Moskwanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň arasynda, Russiýanyň Hytaýa iberýän tebigy gazynyň 1000 kub metriniň bahasyny 2024-nji ýylda öňküsinden arzanladyp, 271,6 dollara düşürmegine garaşylýar.
Biraz öň, hytaý resmileri täze gaz taslamalary babatda Hytaýyň Türkmenistany Russiýadan ileri tutýandygyny aýdypdylar.
Energetika howpsuzlygy boýunça britaniýaly ekspert Jon Roberts 25-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna ýazmaça beren interwýusynda Hytaýyň energetika söwdasynda Russiýa edýän basyşlarynyň netije berýändigini aýtdy.
“Hytaýyň Russiýa edýän basyşlary işe ýaraýar, munuň netijesinde Russiýa gazyň bahasyny düşürýär. Hytaýyň Türkmenistany ileri tutýandygy baradaky habar babatda heniz jogapsyz soraglar bar. Hytaý Türkmenistany özüniň ileri tutýandygyny Russiýa has köp basyş etmek üçin we has amatly söwda geleşigini gazanmak üçin aýdýarmy, ýa-da hakykatdan-da, Türkmenistany ileri tutýarmy? Eger hakykatdan-da ileri tutýan bolsa, onda biz köpden bäri togtadylan “D” şaha boýunça käbir hakyky öňe gidişlikleri görmeli” diýip, Roberts aýtdy.
Ol Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň ony Hytaýa has köp garaşly edýändigini aýtdy.
“Ukrainada uruş näçe köp dowam etse, Russiýa şonça-da Hytaýa garaşly bolar. Bu, öz gezeginde, Russiýanyň Hytaýa, (Hytaýyň talaplaryna we şertlerine laýyklykda) has köp gaz satmak mümkinçiliklerini artdyrar” diýip, ekspert aýtdy.
Hytaýyň geçiriji arkaly satyn alýan tebigy gazynyň iň esasy üpjünçisi bolan Türkmenistan bu ýurda uzynlygy 1833 kilometre, ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metre barabar bolan Merkezi Aziýa – Hytaý geçiriji ulgamy arkaly gaz iberýär. Türkmen hökümeti bu ulgamyň biri-birine parallel bolan A, B we Ç şahalarynyň üstüni D şahasy bilen giňeltmegiň üstünde işleýär.
Ukrainada dowam etdirýän urşy sebäpli halkara sanksiýalara sezewar bolan Russiýa Hytaý ugry boýunça ýangyç eksportlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýykgyn edýän mahaly, awgust aýynda rus habar serişdeleri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisine salgylanyp, Moskwanyň Russiýa, Gazagystan we Özbegistan arada üçtaraplaýyn gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny habar berdiler. Has ozal, rus metbugaty Moskwanyň Özbegistan we Gazagystan bilen ylalaşyp, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi arkaly rus gazyny Hytaýa eksport etmek meýilleri barada hem habar beripdi.
Bu habarlaryň yz ýany, türkmen resmileri Moskwanyň öňe sürýän “üçtaraplaýyn gaz birleşigi” babatdaky beýanatlary boýunça anyklyk we aýdyňlyk talap etdi.
Türkmenistanyň “gaz birleşigi” bilen bagly orta atylan gürrüňler boýunça öz resmi pozisiýasyny beýan etmeginiň yz ýany, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow sentýabryň başynda žurnalistleriň energetika hyzmatdaşlygy boýunça beren soragyna Russiýanyň Hytaýa diňe iki ýurduň arasyndaky gaz geçiriji ulgamlary arkaly gaz iberýändigini aýdyp jogap berdi. Rus diplomaty Hytaýyň tebigy gaz zerurlyklarynyň ýokarydygyny, hem-de Russiýa bilen Hytaý aradaky energetika hyzmatdaşlygynyň “ne Gazagystana ne Türkmenistana, ne-de başga ýurda” mesele döredip biljekdigini aýtdy.
Türkmenistan häzirki wagtda Russiýa, Hytaý, Eýran we (Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy arkaly) Azerbaýjan ugurlary boýunça özüniň tebigy gazyny eksport edýär. Awgustyň ahyrynda Türkmenistanyň Özbegistan bilen gysga möhletli energetika ylalaşygyna gol çekip, bu ýurda 2 milliard kub metre çenli tebigy gaz eksport etmäge ylalaşandygy mälim boldy. Özbek häkimiýetleri bu ylalaşyk esasynda satyn alynýan gazyň içerki sarp edijilere niýetlenendigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine görä, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Azerbaýjana swap ylalaşygy esasynda 795 million kub metr töweregi tebigy gaz eksport etdi. Degişli döwürde Russiýa Azerbaýjana 800 million kub metr töweregi gaz satypdyr. Azerbaýjan türkmen gazynyň 1000 kub metrine 149 dollar, rus gazyna bolsa 170 dollar töweregi töleg töleýän ekeni.
Bu aralykda, synçylar türkmen ýangyjynyň daşary ýurtlara satylmagyndan alynýan girdejileriň türkmenistanlylaryň umumy durmuş abadançylygynyň gowulanmagyna peýda etmeýändigini, ýurtda azyk gytçylygynyň dowam edýändigini, durmuşyň ýönekeý adamlar üçin hemişe gymmat bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, öz raýatlaryna ozal tölegsiz berlen gaz, tok we suw ýeňilliklerini ýatyrdy.
Bu karar ýurt raýatlarynyň durmuş şertleriniň gowulanmagy bilen esaslandyryldy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň agramly böleginiň tebigy gaz, elektrik energiýasy we suw töleglerini wagtly-wagtynda töläp bilmeýändiklerini habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary ýaňy-ýakynda bu sebitde elektrik energiýasy we gaz üpjünçilik kärhanalarynyň işgärleriniň hojalyklara aýlanyp, hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini toplaýandyklaryny, ýöne köp sanly hojalyklaryň bu tölegleri tölemäge gurbunyň çatmaýandygyny habar berdi.
“Olaryň aglabasy ‘häzir hojalykdan hatda 20-30 manat hem çykanok. Ýogsam bolmasa, iň bolmanda boş goýbermezlik üçin 20-30 manat berip goýbererdim’ diýýärler. Adamlaryň oňşuk ýagdaýy pes” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir töleg toplaýjynyň sözlerini sitirledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum