Rus harby güýçleri 18-nji fewrala geçilen gije Ukraina pilotsyz uçar zarbasyny urdy. Kirowohrad sebitinde ýaralananlar bar diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi.
Kiýewiň Swýatoşinskiý etrabyna asmanda urlan pilotsyz uçarlaryň galyndylary gaçdy. Şäher häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, senagat kärhanasynyň çäginde turan ýangyn hasaba alyndy, golaýdaky ýaşaýyş jaýynyň golaýynda goýlan awtoulaglar ot aldy.
Kirowohrad sebitiniň Dolinskaýa şäherinde rus pilotsyz uçary köp gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urdy. Etrap harby administrasiýasynyň başlygy Andreý Raikowiçiň aýtmagyna görä, ýerli ýaşaýjy we onuň iki gyzy ýaralandy, 38 kwartiranyň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildi.
Ol Kropiwnytskiý etrabyna hem hüjüm edilendigini, ýöne bu ýerde ejir çekenleriň bolmandygyny aýtdy.
Howa hüjümi duýduryşlary öten agşam Herson, Zaporižia, Donetsk, Harkow, Dnepropetrowsk, Kirowohrad, Poltawa, Sumy, Çernihow, Kiýew, Çerkasy we Winnitsia sebitlerinde-de yglan edildi.