Russiýanyň sanksiýa uran, harbylaşdyrylan ykdysadyýetiniň indiki ýyl haýallamagyna we bank girdejileriniň azalmagyna garaşylýar, banklaryň esasy göterim mukdarynyň şu ýylyň ahyryna çenli 23 göterime çenli ýokarlanmagy mümkin diýip, Russiýanyň ikinji uly karz berijisi VTB-niň baş direktory Andreý Kostin aýdýar.
Kostin, Halkara pul gaznasynyň 1,3 göterim çaklamasyndan hem geçirip, 2025-nji ýylda jemi içerki önüm ösüşiniň 1,9 göterime çenli peseljekdigini çaklady.
Hökümet şu ýyl ykdysadyýetiň 3,9 göterim ösmegine garaşdy. Ol inflýasiýanyň häzirki 8,5 göterim ýagdaýyndan 6,4 göterime çenli peseljekdigini aýtdy.
"Uruş tasdan üç ýyl töweregi wagt bäri dowam edýär we köp sanly sanksiýa girizildi. Biz dolulygyna adatdan daşary ýagdaýda ýaşaýarys" diýip, Kostin geçen hepdäniň aýagynda "Roýters" habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle-de, döwlet býujetiniň üçden bir bölegi harbylara harçlanýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.