Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, özygtyýarlylyga howp abansa, Russiýanyň ýadro jogabyna taýýardygyny duýdurýar


Prezident Wladimir Putin
Prezident Wladimir Putin

Prezident Wladimir Putin, aňsat ýeňiş gazanmagyna garaşylýan saýlawyň başlamazyndan iki gün öň çykyş edip, Russiýanyň özygtyýarlylygy howp astyna düşen halatynda ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýardygy barada ýene bir duýduryş berdi we Waşingtonyň şeýle gapma-garşylyga sebäp boljak hiç bir zady etmejekdigine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ýene-de bir alty ýyllyk prezident möhletini almak tagallasynda hiç bir hakyky bäsdeş bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk Putin 13-nji martda Russiýanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen interwýusynda dünýä ýadro konfliktine tarap barýar diýip pikir etmeýändigini aýtdy. Ýöne ol öz ýurdunyň doly taýýardygyny ýaňzytdy, ýagny “biz muňa harby-tehniki nukdaý nazaryndan taýýar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin soňky iki ýyldan gowrak wagtda, Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, uruşdaky ýadro mümkinçiligi barada ýygy-ýygydan duýduryş berdi, ol bu barada geçen aý ýurtdaky ýagdaý barada eden çykyşynda hem durup geçdi.

"Ýaraglar olaryň ulanylmagy üçin saklanylýar. Biziň öz ýörelgelerimiz bar" diýip, Putin söhbetdeşlikde aýtdy we eger-de "Russiýa döwletiniň bolmagyna, biziň özygtyýarlylygymyza we garaşsyzlygymyza” howp abansa, özüniň ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýardygyny aýtdy.

Putin häzirki wagtda, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda ýadro ýaraglaryny ulanmagyň zerurlygynyň ýokdugyny hem sözüne goşdy. Ýöne ol NATO-ny we onuň ýaranlaryny nazarda tutup, gönülemezden, "Russiýa barada özlerinde gyzyl çyzyklaryň ýokdugyny aýdýan ýurtlar Russiýanyň hem olar babatynda hiç bir gyzyl çyzygynyň bolmajakdygyna düşünmelidir" diýdi.

Syýasata, habar beriş serişdelerine, hukuk goraýjy edaralara we beýleki guramalara berk gözegçilik etmek bilen, 1999-njy ýyldan bäri Russiýany prezident ýa-da premýer-ministr wezipesinde dolandyran 71 ýaşly rus lideriniň 15-17-nji martda geçiriljek saýlawlarda görnetin ýeňiş gazanmagyna, bu ýagdaýyň ýurtda uly, garaşylmadyk özgerişlikleriň bolmagynyň öňüni baglamagyna garaşylýar.

Rus saýlawlary Kreml tarapyndan berk gözegçilik astynda geçirilýär we ne azat, ne-de adalatly hasaplanýar. Ýöne hökümet bu saýlawlary özüne kanunylyk duýgusyny bermek üçin zerur hasaplaýar.

Saýlaw kampaniýasy wagtynda Putin Ukrainadaky urşuň, Kreml tarapyndan "ýörite harby operasiýa" diýlip atlandyrylýan çäräniň Kiýewiň NATO varanlygyna goşulyp, Moskwa uly howp salmagynyň öňüni almak üçin zerurdygy barada aýdýan sözlerini tekrarlady.

25 aý töweregi dowam edýän urşuň iki tarapdan on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolmagy bilen, Putin Russiýanyň Ukraina barada gepleşik geçirmäge taýýardygyny, ýöne bu gepleşikleriň diňe "hakykat" esasynda geçirilmelidigini aýtdy.

Ukraina Russiýanyň ilkibaşda, 2022-nji ýylda basyp alan ýerleriniň köp bölegini yzyna aldy. Emma muňa garamazdan, Kiýewiň köp garaşylan garşylykly hüjümi 2023-nji ýylda görnetin öňegidişlik gazanyp bilmedi we urşuň petige dirändigi baradaky aladalaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Hünärmenler, gepleşikler esasynda gelinjek çözgüdiň diňe Russiýa peýdaly boljakdygyny, onuň Moskwanyň Ukrainada şu güne çenli alan ýerlerinde berkäp, öz güýçlerini geljekdäki hüjüme taýýarlamak mümkinçiligini berjekdigini aýdýarlar. Şeýle-de, bilermenler Putiniň tutuş Ukrainany basyp almak umydyndan ýüz öwürmändigini aýdýarlar.

"Biz gepleşiklere taýynmy? Hawa, biz taýýar, ýöne haýsydyr bir psihotropiki neşe serişdeleri ulanylandan soň döreýän käbir isleglere esaslanýan däl, şeýle ýagdaýlarda aýdylyşy ýaly, ýerinde emele gelen hakykatlara esaslanýan gepleşiklere taýýar” diýip, Putin aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG