Britaniýanyň şa maşgalasy surata düşürilmegine we fotoşop derdeserine gahar-gazap bildirýän wagtynda, Türkmenistan öz awtoritar ýolbaşçylarynyň ýüzi düzedilen suratlaryny höwes bilen çap edýär.
Londondaky Bukingham köşgünde patyşanyň we onuň maşgalasynyň portretini fotoshop edýäniň saklanan güni, Türkmenistanda 17-nji martda başlanan "bütin ýurtda ählihalk bag ekmek kampaniýasyny” reklama edýän iki surat çap edildi.
Şekilleriň birinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow eli pilli dur. Ondan arkada, adamlaryň bag ekýändigi görünýär. Beýleki surata, ol kakasy, ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda, eli pilli görünýär. Serdar Berdimuhamedow bir ýerden "gyrkylyp", birine ýa-da ikisine "goýlupdyr".
Bu türkmen häkimiýetleriniň ýyllar boýy ulanýan tejribesinden, köp sanly mysallaryň birisi. Olar öz awtoritar ýolbaşçysynyň işlerini bezemek üçin, surat şekillerine düzediş girizýärler.
Aşgabadyň döwlet mediasy boýunça geçirilen derňewler 2022-nji ýylyň martyndan bäri prezident bolan Serdar Berdimuhamedowyň fotosuratlarynda, öňki ýolbaşçyda edilişi ýaly, hile-mekirligiň giňden ulanylýandygyny görkezýär.
Bu surat ilkinji gezek 2021-nji ýylyň iýun aýynda çap edildi. Şol döwürde G. Berdimuhamedow Türkmenistanyñ prezidentidi. Görnüşinden, ol oglunyň ygtyýarlyklaryny we ykrar edilmegini artdyrmaga çalyşýana meňzeýär. Netijede, oňa uly wezipäni tabşyrdy.
Suratda olaryň ýüzündäki ýagtylygyň başgaçadygy bildirýär. Suratyň üstünde "işlenendigini" atyň toýnagynyň arkasynda, kölegäniň az-kem kesik bolmagy-da aýdyp dur. Megerem, at surata "girizilen" bolmaly.
Chatham House analitik merkeziniň barlagçysy we Merkezi Aziýa boýunça ekspert Keýt Mallinson Aşgabat metbugatynda Photoshop usulynyň giňden ulanylmagynyň Sowet döwrüniň mirasydygyny, şol döwürde suratlaryň retuş, ýagny tuş bilen mydama düzedilendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Türkmenistanda ýagdaýy bezemek islegi hökümet edaralarynda höküm sürýän gorky howasy sebäpli has-da güýçlüdir.
«Damokl gylyjy öz işjeňligini görkezmek isleýän islendik çinownigiň depesinden asylyp durandyr. Güýçli Photoshop edilen suratlar döwlet işgäriniň seresaplydygyny, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň gazabyndan gorkýandygyny görkezýär» diýip, Mallinson düşündirýär.
Beýle şertlerde işgär diňe öz borjuny berjaý edýär, onuň hötjetlik etmäge eli barmaýar.
2020-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen bu suratda, prezident G. Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hatyrasyna geçirilen çärede surata düşürilipdir. Suratyň sag tarapyndaky ýokary galdyrylan baýdaklar ýeliň ugruna galgaýar. Şol bir wagtda, harbylaryň elindäki baýdaklar parahat dur.
2023-nji ýylyň aprel aýynda, döwlet mediasy tarapyndan çap edilen häzirki prezidentiniň fotosuratynda, Serdar Berdimuhamedow at baýramçylyk dabarasynyň açylyşynda, toý bezegli bedewi tutup dur.
Suratda atyň aýaklarynyň şekiliniň düzedilen alamatlaryny görmek bolýar. Atyň sag tarapyndaky nagyşly gaýyş tebigy görünýär, çep tarapdaky gaýyş bolsa bulaşyk hem tertipsiz. Çep tarapdaky bezegli gaýyşy göterýän halka hem üzük. Megerem, at başga bir suratdan "alnan" bolmaly. Suraty bejeren adamyň atyň aýaklarynyň arasyndaky giňişlige bezegli gaýyşy geçirmek kyn bolandyr.
Belki-de has garym-gatym zat, arkasyndaky Döwlet nyşany çekilen halynyň gölleri we stoluň başynda oturan Berdimuhamedowyň photoshopped PR suratydyr. Şol bir mazmun birnäçe üýtgemelerde gaýtalanýar, bu şeýle meňzeş welin, onlaýn surat barlagy olary birmeňzeş diýip ýalňyşýar.
Türkmen prezidenti käbir şekillerde ak stoluň başynda oturýar, köplenjem ýalpyldawuk agaç reňkli stoluň başynda.
Kagyzlaryň toplumy ýa-da kitapçalar we onuň elini goýşy dürli-dürli bolýar. Bu bolsa ýaş Berdimuhamedowyň şol bir stoluň başynda, onlarça gezek surata düşýändigini ýa-da başga-da biriniň surat alýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, surat işlemek programmasynyň kömegi bilen prezidentiň ýüzi suratlara aşa köp girizilýär.
2022-nji ýylyň aprelinde, garaşsyz "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri täze prezident bolan Berdimuhamedowyň Russiýanyň düzümindäki Tatarystan respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşygyň wideoýazgylaryny çap etdi. Tatarystanyň administrasiýasy tarapyndan çap edilen suratda, türkmen lideriniň ýüzünde oňaýsyz alamat görünýär.
Türkmen döwlet metbugatyndaky suratynda, Berdimuhamedow asla oňaýsyz görünmeýär. Türkmen görnüşinde, çep tarapda, diwardaky elektrik rozetkasy hem suratdan aýrylypdyr.
2019-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat gullugynyň suratlary düýpli özgerdýändigi barada, makala çap etdi.
Dünýäniň fotosuratlary boýamak işlerinde öňdebaryjy hünärmenleriniň biri Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşende, Tokaýewiň suratlarynda, “onuň ýüzüniň hamyny dogurlamak” üçin, Photoshop programmasyndaky "Ýuwujy" süzgüjini ulanýandyklaryny aýtdy.
«Eger ýüzüne ünsli seretseň, onuň endigan däldigine göz ýetirersiňiz. Käbir böleklerde jpeg yzlary bar, beýleki bölekleri tekizdir. Men munuň üstünde her gün işleýärin. Görşümiz ýaly, ol bu ýerde anyk sazlaşykly hereket edýär» diýip, ekspert düşündirýär.
Netijede, Akorda şekilleriň işlenişini ýeňilleşdirýär.