Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa institutyna giren oglum boýuny 200 müň manada 'uzaltdyrdy' - şaýat


Bezeg suraty. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri sürüjilere 'nähak' azar bermekde tankyt edilýär.
Bezeg suraty. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri sürüjilere 'nähak' azar bermekde tankyt edilýär.

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna, şol sanda polisiýa institutyna okuwa girjek ýaşlaryň hossarlaryndan para almagyň bu ýyl hem ‘üstünlikli’ bolandygy habar berilýär. Ýöne bu ýyl diňe ÝOJ-laryň mesele çözýän uly emeldarlary däl, geljekki studentleriň saglyk ýagdaýyny barlaýan lukmanlar hem ‘gowy gazanç’ edene meňzeýär. Ýerli habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Içeri işler ministrliginiň institutyna degişli saglyk öýünde saglyk barlagyndan geçen geljekki studentler boýlaryndaky 1-2 santimetr ‘ýetmezçiligi’ para bilen ‘düzetdiripdir’.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl 16 müňe golaý uçurym ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmeli.

Türkmenistan soňky onýyllyklarda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy we jenaýatçylygyň ösmegi bilen baglylykda, polisiýa işgärleriniň sanyny köpeltdi we olaryň jaý üpjünçiligini ýokarlandyrdy. Bu ýagdaý, şeýle-de polisiýadaky bikanun gazanç mümkinçiliginiň ýokarlanmagy hukuk goraýjy edaralara işe girmek isleýän ýaşlaryň sanyny görülmedik derejede köpeltdi diýip, synçylar aýdýar.

IIM-niň insitutyna harby gullugy geçen, orta bilimli ýa-da ýörite orta bilimli, 26 ýaşdan geçmedik erkek raýatlar, 23 ýaşdan geçmedik zenanlar kabul edilýär. Bu institutda 4 – hukuk, ýörite edaralar, ýangyn howpsuzlyk-tehniki we içerki goşun fakultetleri hereket edýär.

Şu ýyl ogullary Polisiýa institutyna okuwa giren türkmenbaşyly ene-atalaryň birnäçesi Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, geljekki polisiýa ofiserleriniň boýlarynyň talap edilýän ölçege ýetmegi üçin goşmaça 200 müň manat bermeli bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Janga etrapçasynda we Türkmenbaşynyň merkezinde ýaşaýan söhbetdeşleriniň atlaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar. Olar özleriniň ‘ýokary okuwa girmekdäki alym-berimiň ýokary derejelere çykandygyna şaýat bolandyklaryny’ aýtdylar.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw jaýy soňky ýyllarda Türkmenistanda iň köp islegli bilim ojagyna öwrüldi.

“Jenaýat agtaryş fakultetine 30 müň dollara çenli para soraldy, sebäbi türkmen polisiýasynyň jenaýat agtaryş bölümi iň köp girdejili iş hasaplanyp. Adamlar edilen jenaýaty ýerinde ýapdyrmak, işi ulaltmazlyk, diýmek, çykdajyny köpeltmezlik üçin müňlerçe manat para berýärler. Bu hiç kim üçin syr däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýadaky korrupsiýanyň ösmegi halk arasyndaky ‘çüýrük düşünjeleriň’ ösmegine sebäp boldy; “Oglum, gyzym gelejekde oňat girdejili işde işlesin, ol pul haram bolsa-da, pul gazansa bolýar” diýip, içindäki pikirini arkaýyn daşyna çykarýan ene-atalar hem az däl.

“Bu hili ene-atalar çagam geljekde okap, il-güne peýdaly adam bolsun diýmeýär, ogul-gyzyny para berip okuwa salanda, soň para alyp, baý adam bolsun diýen planda okuw, kär saýlap alýar” diýip, bu praktikany başga bir ýaşaýjy hem tassyk etdi.

Azatlygyň jangaly söhbetdeşi oglunyň iki ýyllyk harby gullugyny polisiýanyň 10-01 polisiýa harby bölüminde geçirendigini, ony bu bölüme para bilen ýerleşdirendigini aýtdy.

“Oglum polisiýanyň harby bölüminde gulluk etse, polisiýa institutyna girende bermeli param azrak bolar öýdüpdim. Ýöne harby gullugyň polisiýa institutyna girmekde hiç bir peýdasy ýok eken. Oglumy 30 müň dollar para berip, synaglar başlanmanka, institutyň özüne degişli saglyk öýünde saglyk barlagyndan geçirdim” diýip, ol öz şaýat bolan zatlaryny gürrüň berdi.

Azyndan iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, lukmanlar oglanlaryň boýy 2 sm kelte bolsa, ýa-da agramy 2 kg artyk bolsa, olaryň okuw synaglaryna goýberilmejekdigini, bu kemçilikleri 200 müň manada düzetjekdiklerini aýdýarlar.

“Olara seniň 30 müň dollar para bereniň bildirenok, ‘göni 200 müň manat ber, dogrulap bereli, bolmasa ertir ýokardan barlag gelse, biz türmä gidýäris, biz olary hem razy etmeli’ diýip, ‘kemçilik’ tapan oglanlaryndan para alýarlar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, Azatlygyň iki söhbetdeşiniň biri-birinden habarsyz tassyklamagyna görä, ‘para beren adamlaryň synagdan geçmegi problema däl’.

“Mugallymlar testleriň jogaplaryny öňünden ýazyp goýupdyrlar. Olar bu işe gaty ökdeläpdir. Bir bahana bilen ýanyňa gelip, jogaply kagyzy stoluňda goýup gidýärler. Men özüme hossarlyk eden professoryň muňa nädip ýetişenini duýman galdym” diýip, okuwa giren ýigit Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal ýokary okuwdaky parahorlugy bölekleýin tassyklap, para almakda aýyplanan magaryf işgärleriniň käbirini azatlykdan mahrum edýär, emma Azatlyk, maglumat ýapyklygy zerarly, okuw jaýlaryndaky korrupsiýanyň gerimi, hukuk goraýjy işgärleriň ýüz urýan bikanun işleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG