Türkmenistan korrupsiýa indeksinde ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi. Halkara aýdyňlyk, “Transparency International” guramasy 2023-nji ýylyň korrupsiýa görkezijilerini çap edip, Türkmenistanyň 180 ýurduň sanawynda 170-nji bolandygyny aýtdy. Täze hasabat Azatlygyň Türkmenistandaky köçe parahorlygyna nazar aýlan wagtyna gabat geldi.
Türkmenistan bu görkezijide hemişe yzdaky orunlaryň birini alýar, emma türkmen metbugaty bu hili habarlary halka ýetirmeýär.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bu görkezijide Täjigistan 162-nji, Gyrgyzystan 141-nji, Özbegistan 121-nji, Gazagystan 93-nji orunda, Türkmenistanyň gaz eksport edýän ýurtlary bolan Russiýa 141-nji, Hytaý bolsa 76-njy ýerde durýar.
Korrupsiýa görkezijisinde Türkmenistandan aşakda Ekwatorial Gwineýa, Gaiti, Nikaragua, Demirgazyk Koreýa, Ýemen, Günorta Sudan, Siriýa, Wenesuela we Somali bar.
Maglumat üçin aýdylsa, dünýäniň korrupsiýa garşy göreşde iň öňe saýlanan ýurtlary Daniýa, Täze Zelandiýa, Finlandiýa, Norwegiýa we Singapur diýlen netijä gelnipdir.
Türkmenistanda korrupsiýanyň 2007-nji ýylda prezident täzelenenden soň has ýokary derejelere baryp ýetendigi, ozal esasan ýokary bilimde, hukuk goraýjy edaralarda we saglygy saklaýyşda köp bolan parahorlugyň, berim-peşgeşiň tasdan ähli ugra ýaýrandygy, hususan-da işe ýerleşmek, iş açmak, telekeçilik etmek meselelerine agyr täsir ýetirýändigi aýdylýar.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüjileriň sözlerine görä, PÝGG işgärleri köçe korrupsiýasynyň esasy diregi bolup, öz ‘işlerini’ köplenç çekinmän edýärler, metbugatda guralýan teletobalar, öz pogonyny ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan polisiýa işgärini görkezýän wideonyň sosial ulgamlara syzdyrylmagy emele gelen agyr ýagdaýa uly bir täsir etmeýär. Şol bir wagtda, Aşgabatdaky köçe korrupsiýasy bilen sebitlerdäki köçe korrupsiýasynyň arasynda biraz tapawut bar. Paýtagt polisiýasy düzgün bozmadyk sürüjileri sebitlerdäki ýaly kän saklamaýar diýip, synçylar aýdýar.
Köçe 'hasaplaşygy'
“Welaýatlarda işleýän PÝGG işgärleri para alman durup bilmeýär” diýip, sebit ýaşaýjylarynyň biri aýtdy. Onuň pikiriçe, protokollar esasan daýhan adamlar, sada adamlar üçin ýazylýar, düzgün bozan pully ýa wezipeli adam bolsa, protokol ýazylmaýar.
Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi PÝGG işgärleriniň esasy iki bölege – täze işgär we tejribeli işgär diýen böleklere bölünýändigini aýtdy.
“Ýaňy işe başlan PÝGG işgärleri para almaga gorkýar. Olar protokoly ýazmalysyndan hem kän ýazyp, gündelik planlaryny artykmajy bilen doldurýarlar. Emma tejribeli işgärler, başlyklary bilen gürleşip, günde alan parasyny paýlaşýar we kän jerime ýazgylaryny ýazmaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýyň köp ýyl bäri dowam edýändigini hem sözüne goşdy.
Bu aýdylýanlary anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgäri hem tassyklady.
“Käte, para almak üçin, radaryň görkezen tizligini özümiz üýtgetmeli bolýarys. Awariýa bolan ýagdaýynda, iki tarap ylalaşsa, protokol ýazman, wakanyň bolan ýerinde hasaplaşyk geçirýäris” diýip, ýolda awtoulaglaryň tizligini ölçeýän gural, radar bilen durýan polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgärleriniň tassyklamagyna görä, para almajak bolsaň, PÝGG-da işläniň peýdasy ýok.
“Aýlyklar hiç bir zada ýetmeýär. Egnimizdäki polis eşiklerimizi özümiz satyn almaly. Edaranyň beren awtoulagy döwülse, özümiz bejertmeli” diýip, işleýän sebitiniň hem agzalmazlygyny soran işgär aýtdy.
Biri-birinden habarsyz, aýry-aýrylykda gürleşen polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, PÝGG işgärleriniň käbiri sürüjilerden günde 1000 manat çemesinde para alýar we onuň belli bir bölegini özüne alyp, galanyny bermeli adamlara berýär.
Türkmenistandaky köçe korrupsiýasy ‘açyk syr’ bolup, adamlaryň gözüniň alnynda diýen ýaly amala aşyrylýar. Ýöne bu korrupsiýa karantin döwründe, maska dakynmadyk adamlara jerime salnan günleri has ‘girdejili’ boldy diýip, synçylar aýdýar.
Polisiýanyň 'yrsgaly'
Şol döwürde şäher ýerlerinden gowy jaý, täze maşyn satyn alan PÝGG işgärleri köpeldi. Şu sebäpden, PÝGG işgärleriniň arasynda karantin döwrüni ýatlap, “yrsgally ýyl” diýip atlandyrýan adamlar hem bar diýip, Azatlyk bilen gürleşen synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, PÝGG işgärleri ýolda esasan iki bolup durýarlar we olaryň biri jerime ýazmak ýa-da para almak bilen meşgullansa, beýlekisi geçýän maşynlary saklaýar.
Meseläni para, pul bilen çözýän sürüjiler uzak eglenmän, ýene öz ýoluny dowam etdirýär, para bermedikler ýarym sagat wagtyny ýa-da ondan hem köp wagt ýitirip, hem maşyn saklaýan, hem protokol ýazýan polisiýa işgärlerine 'esli' garaşmaly bolýarlar.
Türkmenistanyň öňki prezidenti öz döwründe ençeme gezek korrupsiýa ýol bermezlik wadasyny berdi, köçelerde wideokameralaryň oturdylmagyny buýurdy.
Azatlygyň habarçylary welaýatlarda hem wideokamera gözegçiliginiň ýola goýlan ýerleriniň bolandygyny habar berdiler. Ýöne olar, soňky gowşan maglumatlara görä, PÝGG işgärleriniň açyk diýen ýaly para almagyna päsgel bermeýär. Sebäbi, kameralaryň käbiri işledilse, käbiri işledilmeýär, olar ulgama birikdirilmedik, diňe protokol köçeleriň kameralary işleýär diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen aýtdy.
Ýurduň günbatar sebitindäki habarçymyz bilen gürleşen sürüjileriň käbiri ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärlerini ‘halky talaýan talaňçylar’ hökmünde häsiýetlendirdi.
“Olar kanuny ýüzüne maska edip, kanun lybasyny geýen talaňçylar höküminde tanalýar, adamlar olary köçedäki itlere deňeýärler, eger köçede radarly polisiýa duran bolsa, sürüjiler bir-birine jaň edip, seresap bolaweri köçede it bar, ýaraýmasyn diýýärler, bu i indi indi hiç kime syr däl” diýip, balkanly sürüji aýtdy.
Balkan welaýatynda, habarçymyzyň ýazmagyna görä, PÝÝG köplenç garyp, köne, arzan awtoulagly adamlary nyşana alýar, ol adamlar köplenç para bermäge mejbur bolýar.
Polisiýa 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda zawotdan goýberilen daşary ýurt ulaglaryny sürýän emeldarlara, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna, 7-nji we 10-njy klas okuwçylarynyň hem ulag dolandyrmagyna göz ýumýar, muňa adamlar her günde diýen ýaly şaýat bolýar diýip, ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Azatlyk bilen gürleşen başga bir sürüji golaýda polisiýa ofiseri bilen eden ‘köçe söwdasyny’ gürrüň berdi:
“Geçen hepde öz ulagymda Gyzylarbada gitdim. Etrap çäginde, şähere golaýlanymda, 90 km tizlik görkezilen ýerde 120 km tizlik bilen ýol gözegçilik radaryna düşdüm. Özüni tanyşdyran uly leýtenant ‘Agam, seniňki has ýokary tizlik bolýar’ diýdi. Men oňa ‘20 manat bolýarmy?’ diýdim. Ol ‘ýok, seniňki 50 manatlyk’ diýdi. ‘Mende 100 manatlyk kupýura bar’ diýdim. Ol ‘Getir, 50 manat gaýtargyňy berjek’ diýip, 50 manat zdaçymy gaýdyp berdi. Bu indi adaty bir ýagdaýa öwrüldi, hiç kim hiç zady geň görmeýär” diýip, sürüji aýtdy.
Para üçin döredilen 'amatlylyk'
Polisiýa para beren sürüji ýurtda para berýänler we para alýanlar üçin ýörite, bile-göre amatly ýagdaýyň döredilendigini, bu ýerde hiç hili tötänligiň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
“Eger-de men 120 km tizlik üçin jerime ýazdyrsam, sürüji şahadatnamamy yzyna almak üçin banka 150 manat tölemeli, prawam hem deşilýär, wagtym gidýär, bular maňa nämä gerek?” diýip, sürüji para çözgüdine hem polisiýa işgäriniň, hem ýönekeý adamlaryň ‘gowy’ garamagynyň sebäbini düşündirdi.
Balkanly sürüjileriň biri uly Berdimuhammedow döwründe satyn alnan we ýollarda oturdylan göçme radarlaryň polisiýa işgärleri tarapyndan, bilkastdan hatardan çykarylandygyny, sebäbi ol enjamlaryň para almaga päsgelçilik döredendigini, bähbitli bolmandygyny öňe sürdi.
Habarçy bilen gürleşen sürüjiler we ýönekeý adamlar, mümkin bolan ýollarda, howply çatryklarda wideo gözegçiligi ýola goýulsa, adam heläkçiligine getirýän ýol hadysalarynyň az boljakdygyny aýdýarlar.
“Ýollarymyz ýaramaz, asfaltlar zaýa, diňe tizlige-de bagly däl, awarýa bolmak ähtimallygy ýokary. Sebäbi awtomekdepler sürüjilik şahadatnamalaryny satýar, zerur endikleri öwretmeýär” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Balkanda erkek adamlar 5 müň manat para berse, bir hepdä galman sürüji şahadatnamasyny alyp bilýär.
Türkmenistanda parahorlugyň giň ýaýramagy, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, iki ýagdaýa, häkimiýet, dolandyryş medeniýetine adamlaryň öz meselelerini para bilen çözmegi has aňsat görmek endigine daýanýar.
“Hakykatdan-da, kähalatlarda para bermek aňsat” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
“Mysal üçin, ýolda saklan PÝGG gullugy jerime ýazýar. Eger-de jerime öz ýaşaýan etrabyňda däl-de, başga etrapda ýazylan bolsa, öz etrabyňda jerime tölemäge barsaň, ‘protokolyň entek gelmändir’ diýip, işiňi bitirmän, onuň haçan geljekdigini hem aýtman, yzyňa boş gaýtarýarlar. Netijede, bir jerimäni tölemek üçin, wagt ýitirip, ýerli polisiýa edarasyna birnäçe gezek gatnamaly, azyndan birnäçe sagat nobata durmaly bolýarsyň” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sebitleriň arasyndaky ýerlerde ýazylan jerimeleriň protokollary jerimäniň tölenjek ýerine käte bir aýyň dowamynda hem gelmeýär. Bu ýagdaý, aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe sürüjiniň tassyklamagyna görä, adamlaryň ýoldaky jerime meselesini öz wagtynda, duran ýerinde çözmek islegini güýçlendirýär.
“Wagt ýitirmezlik üçin, ýagdaýy bolan adamlar, hususan-da emeldarlar bu meseläni köplenç duran ýerinde, ýol üstünde çözjek bolýarlar. Garyp daýhan, hemişe-de bolşy ýaly, kanun boýunça ýörejek bolýar, sebäbi onuň ugran ugrunda para bermäge puly ýok” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Ikinji tarapdan, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, meseläniň köçede, hiç hili ýazgy edilmezden çözülmegi düzgüni köp bozýan, kada-kanuny äsgermän, içgili ýagdaýda ýola çykýan adamlar üçin ‘iň gowy çykalga’ bolup durýar.
“Awtoulagy içgili ýagdaýda sürýän emeldarlar, bermeli parany berseler, polisiýa işgärleri olaryň ýoluny dowam etdirmegine rugsat berýär. Özüne göwni ýetýän adamlaryň, içgili ýagdaýda saklansalar hem, polisiýada ýa başga möhüm ýerde tanyşlary bolsa, para bermän, protokol ýazdyrman gidip bilýänleri az däl” diýip, beýleki bir söhbetdeşimiz bu ýerde her hili ýagdaýlaryň bolup bilýändigine, ýokarda tanşyň bolsa, aşakda para bermegiň gerek däldigine hem ünsi çekdi.
Wezipeli, pully bolsaň, 'düzgün' başga
Biri-birinden aýratynlykda pikirini aýdan adamlar köçe, ýol hereketi düzgünlerini ýa beýleki kanunlary bozýan adamlaryň esasan häkimliklerde, beýleki jogapkär wezipelerde işleýän adamlardan, olaryň garyndaşlaryndan we çagalaryndan, pully adamlardan ybaratdygyny, ýönekeý adamlaryň kanuny bozmakdan gorkýandygyny aýdýarlar.
“Gynansak-da, soňky nesiller, ýaşlar para berip ýa-da para alyp, aňsat ýol gazanyp bolýandygyny kän görýärler” diýip, bir pedagog aýtdy.
Onuň sözlerine görä, awtoulagyny taksi edinip, ýolda gazanç edýän ýaş oglanlar PÝGG işgärlerine her jerime ýazylanda berilýän paranyň öz nyrhynyň bardygyny, tizligi ýokarlandyryp, radara düşseň bermeli paranyň möçberiniň 20 manatdan başlanyp, tizlige görä ýokarlanýandygyny aýdýarlar.
Ýolda saklanan sürüjileriň arasynda meseläni para berip çözmäge ýykgyn edýän ýaşlar ýaşuly sürüjilere garanda has kän, olar jerime tölemek üçin nobata durmak islemeýärler, bu ýoldaky parahorlugyň, para alaýan PÝGG işgärleriniň ‘perspektiwasynyň uludygyny’ görkezýär, ‘korrupsiýa bizde köpelse köpeler, emma azalyp bilmez’ diýip, ýaşuly mugallym Azatlygyň habarçysyna öz pikirini aýtdy.
Ýerli pedagogyň pikiriçe, parahorlugyň giň ýaýramagynyň esasy sebäbi ýurtdaky ýolbaşçylyk, hakyky dolandyryş 'medeniýetinden' uç alýar.
Türkmenistan ýol hadysalary we olaryň anyk sebäpleri, polisiýa parahorlugy baradaky maglumatlary gizlin, ýapyk saklaýar we bu mesele bilen bagly soraglara açyk düşündiriş bermegi, ýol hadysalarynda ölýän, maýyp bolýan adamlar babatdaky pozisiýasyny anyklaşdyrmagy zerur hasaplamaýar.
Halkara aýdyňlyk guramasynyň hasabatyna dolanyp gelsek, sebitde demokratiýa babatynda giň ýaýran gaýtgynlyk, adalat ulgamynyň gowşamagy korrupsiýa gözegçilik edilmegini pese gaçyrýar, prokurorlar we kazylar köplenç öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlary derňäp we jezalandyryp bilmeýär.
Şeýle-de, hasabat ýolbaşçylar kanunyň, hukuklaryň we demokratiýanyň hökmürowanlygyny gyssagly ýagdaýda ýokarlandyrmaly, ýöne olaryň köpüsi bulara yzygiderli hüjüm edýär diýen netijä gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum