Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi


Özbek mejlisiniň başlygynyň orunbasary Alişer Kodirow (arhiw suraty)
Özbek mejlisiniň başlygynyň orunbasary Alişer Kodirow (arhiw suraty)

Özbegistanda orta mekdebinde bir mugallym bilen altynjy synp okuwçysynyň arasynda rus diliniň üstünde bolan ýagdaý rus we özbek resmileriniň arasynda gyzgalaňly söz dawasyna sebäp boldy. Okuwçy mugallymadan onuň rus dili sapagynda näme üçin rusça gürlemeýändigini soranda ondan şarpyk aldy.

Bu waka 23-nji sentýabrda paýtagt Daşkentdäki bir mekdepde bolup geçdi. Rus synpynda aýal mugallym, özünden näme üçin rusça gürlemeýändigi soralanda, okuwçynyň gulagyny çekdi we ýüzüne şarpyk çaldy.

Wakanyň wideosy internetde ýaýrady we sosial ulgamlarda ruslaryň berk seslenmesine sebäp boldy.

25-nji sentýabrda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa bu waka bilen baglanyşykly beren interwýusynda Orsýetiň "Özbek tarapyndan resmi düşündiriş sorandygyny" aýtdy.

"Özbek tarapyna metbugatda peýda bolan materiallara kanuny baha bermek we eger subut edilen halatynda çaga zulum edilendigi üçin şol adama garşy çäre görmek barada gyssagly talap iberildi" - diýip, Zaharowa aýtdy.

Özbek mejlisiniň başlygynyň orunbasary we "Milliý Tiklaniş" (Milli Galkynyş) Demokratik Partiýasynyň lideri Alişer Kodirow "Russiýa üçin içerki meselelerimize gatyşmagyň ýerine problemalardan doly öz meseleleri bilen bolmak has gowy bolardy" diýip 26-njy sentýabrda Telegramda ýazdy.

"Özbegistandaky bir mekdepde özbek çagasynyň hukuklarynyň bozulmagy Özbegistanyň kanunlaryna laýyklykda derňeler. Ýokdan mesele ýasamagyň manysy ýok" diýip, Kodirow belledi.

Özbegistanda 35 million ilatyň diňe 2 göteriminiň etniki ruslardygyna garamazdan, rus dili henizem ýurduň mekdeplerinde okadylýar.

Özbegistan we beýleki öňki sowet respublikalary 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa Ukrainda giň derejeli harby hüjüme başlansoň, öz ýurtlarynda rus diline seresaply çemeleşip başladylar.

Moskwanyň öz çozuşyny delillendirip, öňe süren esaslarynyň biri "Ukrainanyň rus dilli ilatyny" "nasist hökümetden goramak" bilen ilteşikli boldy. Ukrainanyň hökümeti demokratik ýol bilen saýlandy we aşa sagçy partiýalary öz içine almaýar.

Sentýabryň başynda Kodirow Özbegistanda ähli sowet nyşanlaryny we ideologiýasyny gadagan etmegi teklip edipdi. Onuň bu teklibi günorta-gündogar Samarkant şäheriniň kazyýetiniň sowetçi rus topary bilen işleşen we Sowet Soýuzyny dikeltmäge çagyran ýerli adamy azatlykdan şertli ýagdaýda mahrum etmek barada çykaran kararyna jogap bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG