Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýakyn dogan-garyndaşlarynyň arasyndaky nikany gadagan etmek teklip edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň parlamentine ýurduň Maşgala kodeksindäki ýakyn garyndaşlaryň arasynda nikanyň gadagançylygyna üýtgeşmeler girizmek teklip edildi. Bu hakda Gazeta.uz habar berýär.

Häzirki wagtda Özbegistanyň göni garyndaşlygy bolan we ata-baba hataryndan ýakyn bolan (mysal üçin, gyz bilen kakasynyň arasy) garyndaşlara nikalaşmak gadagan edilýär. Şeýle hem süýtdeş we süýt emişmedik doganlara, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga alnan çagalaryň arasynda nikalaşmak gadagandyr.

Täze teklip edilýän kanun taslamasy ýakyn dogan-garyndaşlar arasyndaky nika gadagançylygyny giňeltmegi nazarda tutýar. Özbegistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, ýakyn dogan-garyndaşlar diýlip; bir ata-eneden bolan oglan we gyz doganlar hem olaryň çagalary; kakasynyň we ejesiniň erkek we aýal doganlary hem olaryň çagalary; atasynyň we babasynyň erkek we aýal doganlary hem olaryň çagalary girýär. Eger gandan alnan genetiki barlag položitel netijeleri berse, bu kadadan çykmak göz öňünde tutulyp bilinýär.

Özbegistanda ýakyn garyndaşlaryň baglaşýan nikalary agyr kynçylyklary döredýär. Sirojiddin Togaýewiň we onuň maşgalasynyň maýyplyk taryhy:

Bu resminama Özbegistanyň parlamentine Maşgala we aýallar baradaky komitet tarapyndan tabşyryldy. Kanun taslamasynyň möhümligini düşündirýän hatda, ýakyn garyndaşlardan emele gelen maşgalalarda, genetiki keseller bilen dünýä inýän çagalaryň sanynyň artýandygy aýdylýar. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky maşgalalarda dünýä inen çagalarda dogabitdi näsazlyklar we genetiki keseller 9,7% bolupdyr. Ol görkeziji degişlilikde, 2022-nji ýylda 8,3% we 2021-nji ýylda 9,1%-e deň eken.

2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Özbegistanda doganoglanlar arasyndaky nikalaşmagyň 1210 sanysy hasaba alyndy. Olaryň ýarysyndan gowragy iki welaýatda; Surhanderýada (343) we Kaşgaderýada (371) baglaşylypdyr.

Şonuň netijesinde, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça dogabitdi kemçilikleri we genetiki keselleri bolan çagalaryň köpüsi şu iki sebitde doglupdyr: ol Surhanderýa welaýatynda 31,6%, Kaşgaderýada bolsa 26%. Olardan soň Syrderýa sebiti – 13%, Andijan – 12%, Samarkant – 10,3%, Buhara hem 10,1% çaga örän ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nika sebäpli dogabitdi näsag dünýä inipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG