Özbegistanda jenaýat toparynyň ýakasy gaýyşly ketdesi Bahtiýor Kudratullaýew kazyýetiň öňüne getirildi. Ol 2018-nji ýylda Daşkentde “kanuny ogrularyň” duşuşygyny gurnamak bilen tanalýar. Oňa Sowet Soýuzyndan soňky giňişlikde emele gelen ýurtlaryň ählisinden, ýokary derejeli jenaýat ýolbaşçylary gatnaşypdy. Häzirki kazyýet diňlenişigi geçen ýylyň aýagynda onlarça jenaýat ýolbaşçysynyň tussag edilmegi bilen başlan hökümetiň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş kampaniýasynyň bir bölegi bolup durýar.
Daşkentde özbek jenaýatlarynyň belli ketdesi Bahtiýor Kudratullaýewiň kazyýet işi geçýär, ol Bahti Taşkentskiý lakamy bilenem tanalýar. Onuň bilen birlikde, guramaçylykly jenaýatçylyga we köçe bandalaryna garşy kampaniýada saklanan ýene-de 36 adam bar.
52 ýaşly Kudratullaýewe garşy dürli jenaýatlar bilen birlikde, bedene agyr şikes ýetiren, ölüm, azatlykdan bikanun mahrum etmek we jenaýatçylar toparyny guramakda aýyplanma bildirilýär. Daşkendiň Şaýhontohur etrap kazyýetiniň jenaýatçylar oturgyjynda, onuň dogany Şuhrat we ogly Ihtiýor hem bar.
Açyk geçirilýän bu diňlenişigi köpçülik görüp hem yzarlap bilýär. Bu işiň başy Daşkendiň kazyýeti täsirli telekeçi Salim Abduwaliýewi bikanun ýarag söwdasy üçin, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edeninden, tas üç aý soň başlandy. ABŞ-nyň diplomatik dokumentlerinden syzyp çykan maglumatda, ol "Daşkent mafiýasynyň ýolbaşçysy" diýip atlandyrylypdy.
Özbek jenaýat dünýäsiniň täsirli wekili Kudratullaýew ir wagtdan bäri dürli işler, şol sanda bikanun ýarag edinmekden başlap, neşe söwdasy boýunça jenaýatlarda aýyplanyp, onlarça ýyl türmede oturyp çykdy.
Türme dilinde aýdylyşyna görä, sowet döwründen bäri oňa "kanuny ogry" diýilýär, jenaýat dünýäsiniň baştutany, "kanuny ogrularyň" belli bir öz düzgünlerine eýerip, guramaçylykly jenaýatçylykly toparlarynda ýa-da tussaghana şertlerinde aýratyn täsirden peýdalanýarlar.
Iň soňky gezek Kudratullaýew saglyk ýagdaýy sebäpli 2014-nji ýylyň dekabr aýynda türmeden boşadyldy. Boşadylmazyndan birnäçe aý öň ony iň gözgyny tussaghanalardan biri hasaplanýan “Jaslyk” türme keselhanasyna geçirdiler.
Kudratullaýew türmeden boşadylandan soň birnäçe wagtlap, ýagny 2018-nji ýyla çenli “kanuny ogrularyň” ýygnanyşygyny gurnaýança özüni belli derejede çetde saklady. Soňra Özbegistandan, Gazagystandan we Orsýetden bolan beýleki ýokary derejeli jenaýat ýolbaşçylary bilen "ýygnanyşyk" gurady.
Paýtagt Daşkendiň bir aýratyn howlusynda gurnalan bu "ýygnanyşyk" 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde, Özbegistanda ilkinji şeýle ýygnanyşyk diýip atlandyryldy.
PREZIDENTIŇ PERMANY BILENMI?
2023-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda guramaçylykly jenaýatçylyk we köçe bandalaryna garşy guralan kampaniýanyň çäginde, Özbegistanda 200-den gowrak adam tussag edildi. Kampaniýanyň aýgytlaýjy pursady mart aýynda, Daşkent etrap kazyýetinde, 73 ýaşly Abduwaliýewiň türme tussaglygyna höküm edilmegi boldy.
Öňki pälwan Abduwaliýew soňra baý telekeçi boldy. Ol Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti hem-de Özbegistanyň göreş boýunça assosiasiýasynyň başlygy bolup gulluk etdi. Ýerli ilat arasynda Salimbaý ýa-da Salim Boýwaçça ady bilen belli bolupdy. Umuman, ol özbek jenaýat dünýäsiniň täsirli şahslarynyň biridi.
ABŞ-nyň diplomatiýa hatlaryndan syzyp çykan we 2011-njy ýylda Wikileaks tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, Abduwaliýew Özbegistanyň hökümeti bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr, oňa ýokary derejeli döwlet wezipelerini "satmaga" ýa-da telekeçilik kärhanalaryna amatly döwlet şertnamalaryny almak işine goşulyşmaga mümkinçilik berlipdir.
Geçen ýylyň dekabr aýynda tussag edilenden soň (köp sanly özbegistanly muňa haýran galdy), Daşkent şäher polisiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Doniýor Toşhojaýew kanun goraýjy edaralaryň Abduwaliýewi "aýlar we ýyllar" dowamynda yzarlanyp gelendigini aýtdy. Abduwaliýewiň näme sebäpden özbek resmileriniň rehimdarlygyna düşmändigi we onuň ahyr soňy yzarlanyp başlanmagy belli däl.
Şol kampaniýanyň çäginde tussag edilen beýleki tanymal jenaýat ýolbaşçylaryndan, Saýidaziz Saýidaliýew (ol ‘Saidaziz medgorodok’ lakamy bilen tanalýar), Lutfullo Umarow we Abbos Hojaýew bar.
Talaňçylykda, jenaýat toparyny guranmakda we öldürmek haýbatyny atmakda aýyplanýan Saýidaliýewiň we beýleki günä bildirilýän 28 adamyň bilelikdäki işine 11-nji iýunda, Daşkendiň Ýunusabat etrap kazyýetinde seredildi.
Kudratullaýewiň 28 ýaşly ogly Ihtiýor geçen ýylyň dekabrynda "jenaýat topary tarapyndan, aýratyn uly möçberde talaňçylykda" şübhelenip tussag edildi.
Daşkentdäki birnäçe çeşme Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna Abduwaliýewiň we beýleki jenaýat ýolbaşçylarynyň tussag edilmegi baradaky buýrugyň prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan berlendigini aýtdy. Şeýlelikde, Daşkent ýurduň jenaýat dünýäsini togtatmaga çalyşýar.
Mirziýoýew dekabr aýynyň aýagynda, Daşkentde geçirilen resmi ýygnanyşykda çykyş edip, Özbegistanyň "köçeleri we mähelle ýerleri" "parahat, arassa we jenaýat toparyndan erkin" bolmalydyr diýdi.
Ol ýurdy dolandyrýan döwründe, "täze Özbegistanda" "kanunyň üstün çykmalydygyna" we jenaýatyň jezasyz galmajakdygyna söz berdi.
Bu aýdylan wada Mirziýoýewiň jenaýat ýolbaşçysy Abduwaliýewi "Hormatly sport tälimçisi" diýen hormatly at bilen sylaglandan bary-ýogy iki ýyl soň mälim edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum