Milli howpsuzlyk komiteti Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary, gözlenilýän Raýymbek Matraýimowyň jaýynyň gapysyny möhürledi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysy habar berdi.
Matraýimowyň Oşdaky jaýy Supanaliýewa köçesinde ýerleşýär. Başga-da birnäçe adamyň tassyklamagyna görä, öňki gümrük gullugynyň işgärine degişlidigi aýdylýan JAMBY söwda merkeziniň hem gapysy möhürlendi. Ýöne bu merkez ýakynda işini gaýtadan dowam etdirip başlady. Ýörite gulluk entek bu mesele boýunça düşündiriş bermedi.
Milli howpsuzlyk komiteti Matraýimowy 169-njy madda ("Bikanun azatlykdan mahrum etmek") boýunça açylan jenaýat işiniň çäginde, ýanwar aýynyň aýagynda gözlenilýän adamlaryň sanawynda goýdy. Gümrük gullugynyň öňki işgäriniň nirededigi entek belli däl.
Emma muňa garamazdan, bu ýörite gulluklaryň onuň Gyrgyzystandaky ähli emlägini elinden almak tagallalaryna päsgel bermeýär.
Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Kamçýbek Taşiýew biraz öň ýörite gulluklaryň Matraýimowyň 80 million dollarlyk emlägini elinden alandygyny habar berdi.