«Men başgalaryň halaýan maksadyna eýerjek bolamok. Diňe möhüm saýýan islegime görä ýaşamak isleýärin» diýip, 31 ýaşly Marina Kim aýdýar. Dokuz ýyl mundan ozal ol beýleki meýletinçiler bilen Almaty şäheriniň golaýynda öýsüz haýwanlar üçin penahana döretdi. Häzir ol muňa ýolbaşçylyk edýär. Bu işe başlamak bilen ol öňki mugallymçylyk hünärini taşlap, weterinariýany öwrendi hem öz bütin hyzmatyny bu ugra bagyş etdi.
Ilkinji hünäri boýunça Marina mugallymdy. Ol çagalar bilen işleşýärdi, boş wagtlarynda, uniwersitet günlerinde Almaty şäheriniň etegindäki hususy haýwanlar penahanalarynyň birinde meýletinçi bolup kömek edýärdi.
Gazagystanda döwlet tarapyndan goldawsyz işleýän şeýle guramalaryň hyzmaty hemişe howp astynda bolup, olar berilýän haýyr-sahawatyň hasabyna saklanýarlar. Marinanyň kömek eden penahanasynda-da şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Bir gün ýerli häkimiýetler olary eýeleýän ornundan çykarmagyna karar berdiler.
Meýletin gullukçylar haýal etmän, elliden gowrak haýwany göçürmeli boldular.
– Bize bir aý möhlet berdiler. Biz mümkin boldugyndan tizräk serişde tapmaly bolduk we täze penahana gurmalydyk. Göwnüme bolmasa, şonda bar iş bir demde edildi. Megerem, oňa ýaşlyk kömek edendir. Men öňki işimi taşladym. Men mugallym hökmünde ata-eneleriň we okuwçylaryň söýgüsini gazanypdym, olaryň meni goýberesi gelmeýärdi. Emma bar zat şeýle boldy, men muňa asla ökünmeýärin – diýip, Marina Kim aýdýar.
Netijede, 2016-njy ýylda Marinanyň dogduk mekany Baýterek obasynyň çäklerinde haýyr-sahawat kömegi bilen satyn alnan ýerden, „Täze mümkinçilik” diýen penahana guruldy.
– Bu kyn düşdi. Owaly bilen itleri daşamak üçin, ulag gerek boldy. Soňra haýat gurmak işine başladyk. Ol ýerde ne elektrik togy, ne-de suw bardy. Biz her gün kakam bilen plastik gapda suw daşaýardyk. Elektrik toguny günde iki sagatlap generatordan alyp, telefonlary üpjün edýärdik hem nahar iýýärdik – diýip, ol ýatlaýar.
Indi “Täze mümkinçilikde” tok hem, suwam bar. Penahananyň ilkinji başlygy bu wezipeden çekilenden soň, Kim oňa baştutanlyk edýär.
Häzir onuň 100-e golaý iti, 4 pişigi we alty ýyl mundan ozal bu ýere gelen Winter atly eşegi bar.
«Gurbagany hiç haçan unutmaryn»
Kim „Täze mümkinçilik” penahanasyna başlyklyk edip başlandan, öýsüz haýwanlaryň meselesini diňe haýyr-sahawat ýa öz hyzmaty bilen çözüp bilmejekdigine örän çalt göz ýetirýär.
«Öýsüz jandarlar asmandan düşmeýär. Itleriň köçä kowulmagy – bu adamlaryň jogapkärsizliginiň netijesi. Men haýwanlary mundan artyk ýygnap bilmejekdigime düşündim we weterinar bolmagy ýüregime düwdüm» diýýär.
Şeýlelikde, ol 2017-nji ýylda Gazagystan Milli Agrar uniwersitetiniň weterinariýa fakultetine okuwa girýär. Eýýäm sertifikatlaşdyrylan hünärmen bolany üçin, ony üçünji ýyldan okuwa kabul edýärler.
Marinanyň aýtmagyna görä, okuw sapaklaryny öwrenip, gaty geň ýagdaýlara duş bolýar. Haýwanlarda geçirilýän tejribeler iň kyn synaglardy.
«Gurbagany hiç haçan unutmaryn. Ol diridi. Çagalykda men olardan gaty gorkýardym, olara hiç haçan elimi degirmezdim. Soň mugallym: «Ýa eliňe al, ýa-da ekzamene rugsat berilmez» diýdi. Ony elime aldym. Men şol wagt göwreliligiň irki döwründedim. Mugallym: "Bir iňňe al-da, sok" diýdi. Başarmaryn diýsem, meni sapakdan çetleşdirjekdigine düşündim. Iňňe bilen dürtüp başladym, munuň dogrumy ýa-a ýalňyşdygyny bilmeýärdim. “Ilki siz görkeziň, indiki gezek özüm ederin" diýdim. Bu teklibim ýol aldy. Gaty aljyrandygym üçin, gurbagany oňa berdim» diýip, Marina ýatlaýar.
«Siz weterinarmy ýa-da meýletinçi?»
Marina 2020-nji ýylda, kowid pandemiýasynyň öjügen döwründe okuwyny tamamlap, öz täze hünäri bilen indi näme etmek isleýändigini bilmän, biraz aljyraňňylyga sezewar bolýar. Ol Semeýde meşhur fransuz aktrisasy we haýwanlaryň hukuklary boýunça aktiwist Brigitte Bardot gaznasynyň goldawy bilen geçirilýän haýwanlaryň mugt sterilizasiýa kampaniýasyna gatnaşýança bu ýagdaý dowam edipdir.
Marina üçin bu ýerdäki iş onuň ýeke özüniň amala aşyran ilkinji operasiýalary boldy.
«Men ol ýere baranymda, hiç kimi tanamaýardym. Edarany zordan tapyp, içeri girdim. Olar menden: «Siz weterinarmy ýa-da meýletinçi?» diýip soradylar. Weterinardygymy aýtdym. Meni hirurgiýa bölümine iberdiler. Ispaniýaly Anýa Esipowa atly hirurg meni derrew ganatynyň aşagyna aldy. Ol: «Sen operasiýa edip bilýäňmi?» diýdi. Men muny hiç haçan etmändigimi, oňa häzirlikçe diňe seredýändigimi aýtdym. Ertesi gün ol irden gelip, pişigi öňümde goýdy. Men: «Muny başararyn» diýdim. «Gorkma, men ýanyňda, bir zat bolsa kömek ederin» diýdi. Şeýlelikde, agşama çenli pişiklerde operasiýa etdim. Netije erbet bolmady. Elbetde, bu gaty gorkunçdy. Uzakly günläp haýwana zyýan ýetiren bolaýmaýyn diýip gorkdum, şonuň üçin ähli zady ünsli barlamaga çalyşdym» diýip ýatlaýar.
Şu tejribeden soň, Kim näme etmek isleýändigi barada berk karara gelýär. Ol 2021-nji ýyldan bäri weterinar hirurg bolup işleýär. Ilkibaşda ol weterinariýa hassahanalarynyň biri bilen hyzmatdaşlyk etdi. Soňra öz pikirdeşi Ýuliýa Kowalenko bilen haýwanlary goramak guramasyny döretdi. Kare.kz gaznasynda “Ömirdi saqtau” ("Ömri saklamak") taslamasyny ýola saldylar. Ýardam berlen serişdeler bilen goňşy Besagaş obasynda haýwanlar üçin hassahana açyldy.
Ilkibaşda hyzmatlar mugt berjaý edildi, soňra işi bölekleýin tölegli hyzmata geçirdiler, sebäbi kärendesine alnan jaýyň kireýini tölemelidi, toparlaýyn işler we beýleki maddy zerurlyklar üçin pul gerek boldy.
Haýwanlaryň hukuklaryny goraýan köp aktiwistler ýaly, Kim hem haýwanlary tutmak, sterilizasiýa etmek, sanjymlary geçirmek hem olary ýene tebigy şertlere goýbermek maksatnamasyna bil baglaýar. Muňa haýwanlaryň öldürilmän galmagy üçin, has ynsanperwer alternatiwa hökmünde ynanýar.
«Meýletinçiler käte maňa eýesiz itleri getirýärler. Men olary anesteziýanyň täsirinde biçýärin, gulagyna halka geýdirýärin. Soňra olary öýüň ýanyna goýberip naharlaýan, eger weterinar bejergisi gerek bolsa, meniň ýanyma getirýärler. Olara "kurator" itleri diýýäris. Olar öz erkine köçä kowulmaýar. Näme üçin olary tutup öldürmeli?» diýip, Marina soraýar.
«Adamlaryň belli bölegi maňa düşünmeýär»
Penahana işlerine hiç wagt ýeňil diýip bolmaz. Olar köplenç serişde ýetmezçiligine duçar bolýarlar. Bir gezek „Täze mümkinçilik“ talandy. Täze işgär göterip bilen zadyny, şol sanda bir gün öň sadaka berlen 40 halta iýmiti we däneleri alyp gidipdir.
«Kakam ikimiz ol ýere bardyk, görsek bar zat ogurlanypdyr. Men polisiýany çagyryp, arza ýazdym. Bäş günden soň, olar ähli zady tapdylar hem yzyna gaýtardylar. Ony bolsa ele geçirdiler» diýip, Marina aýdýar.
Haýwanlara kömek edip, Kim köplenç adamyň zalymlygynyň derejesine duş gelýär, ýöne hyzmatyny gowşatmaýar we her bir jandaryň heläkçilikden çykmak mümkinçiligine ynanýar.
«Golaýda biz Spaýka atly güjüge eýe çykmaly bolduk. Onuň gözüni çykarypdyrlar, äňini döwüpdirler. Düýbünden diýen ýaly dili kesilipdir. Dili tikin tutmaz diýip gorkýardyk, ýöne ýarasy bitdi. Häzir ol özüni gowy duýýar, hatda biz oňa eýe çykjak maşgala hem tapdyk» diýýär.
Kimiň aýtmagyna görä, onuň boş wagty düýpden ýok diýerlik, ýöne mümkinçilik dörände her minutyny alty ýaşly gyzy bilen geçirmäge çalyşýar. Ol hem haýwany söýýär.
«Biziň öýümizde-de köp haýwanymyz bar. Gyzymyň öz Sarapka atly pişigi bar. Olar bile oýnaýarlar, bile ýatýarlar. Gyzym meniň çagalyk wagtymy ýatladýar».
Kimiň aýtmagyna görä, tanyşlary, şol sanda ýoldaşlary we dogan-garyndaşlary köplenç onuň näme üçin beýle ýoly saýlandygyny we mundan näçe gazanç edýändigini soraýarlar.
«Men pul gazanjak bolamok diýýän, ýöne edýän işlerimi gowy görýärin. Häzirem adamlaryň belli bölegi maňa düşünmeýär. Ýöne men başgalaryň halaýan maksadyna eýerjek bolamok. Diňe möhüm saýýan islegime görä ýaşamak isleýärin. Ejem bilen kakama minnetdarlyk bildirmeli: olar meni goldadylar, hiç haçan päsgel bermediler. Häzir bolsa meniň bilen aragatnaşyk sebäpli adamlaryň köpüsinde haýwanlara bolan garaýşyň nähili özgerýändigini görýärin. Belki-de, beýik söýgi döremese gerek, olar ýüz iti toplamaga gitmezler, ýöne rehimdarlyk artýar. Belki-de, bu jemgyýete nähilidir peýda berýändir» diýip, Marina sözüni jemleýär.