5-nji fewralda täjik žurnalisti Ruhşona Hakimowa garşy ýapyk kazyýet işinde çykarylan agyr höküm täjik jemgyýetini haýran galdyrdy. Iki ýaş çaganyň ejesine günä bildirilen badyna tussag astyna alyndy. Azatlyk Aziýanyň redaksiýasy žurnalistiň garyndaşlary, kärdeşleri we tanyşlary bilen söhbetdeş boldy. Ruhşona döwlete dönüklikde aýyplanyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
"Meniň gyzym nähili?"
«Mydama meniň gyzym ol ýerde nähilikä diýip oýlanýaryn. Onuň gyzlary has beter ejir çekýärler. Uly çagasy ejesinden aýralygy agyr geçirer öýtdüm, ýöne iň kiçisine has-da kyn boldy. Ol öň ejesiniň süýdi bilen uklap ýatýardy. Häzir ol hemişe aglap, ejesini çagyrýar. Men ony gujagymda ýatyrmaly bolýaryn, emma ol bary-ýogy sagat üçe golaý uka gidýär» diýip, Ruhşonanyň ejesi Maksuda Şaropowa gözýaşyny zordan saklap gürrüň berýär.
Şu ýylyň 5-nji fewralda Duşanbe şäherinde ýapyk kazyýet diňlenişiginde, 31 ýaşly žurnalist Ruhşona Hakimowa 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Öň emdirýän çagasy sebäpli öý tussaglygynda bolan Hakimowany höküm yglan edilen badyna, derrew tussaga aldylar.
Onuň iki gyzy – ulujasy Şahnura iki ýarym ýaşly we kiçisi Şükürona 9 aýlyk – olar kakasynyň, babasynyň we mamasynyň gözegçiliginde galdylar.
Ruhşonanyň adamsy söwdagär. Ol habar serişdeleri bilen aragatnaşykdan gaçýar. Onuň hossarlary; öňki iňlis dili mugallymlary, häzir bolsa pensiýada. Kakasy insulty başdan geçirip, 2-nji toparyň maýyplygyny aldy.
"Biziň kakamyz öň Kanibadam hökümetinde (Ruhşona Hakimowanyň maşgalasy Kanibadamda ýaşaýar, Sogd welaýaty -red.) işledi. Ony hemmeler adalatly adam hökmünde tanaýardy. Bütin maşgalamyz işläp geldi we ýene ýurt bähbidi üçin işleýäris. Şoňa görä gyzymyza garşy bildirilen aýyplama bizi haýran galdyrdy. Ol Watana we döwlete garşy gidip bilmez, muny edip bilmez" diýip, Şaropowa aýdýar.
Höküm we iki ysyrga
Ruhşonanyň döwlete dönüklikde aýyplanmagy – bu aýratyn agyr jenaýat, kanun kiçi çagalary bolsa-da, şeýle madda boýunça iş kesilene ýeňillik bermeýär. Dogan-garyndaşlarynyň we aklawçysynyň aýtmagyna görä, žurnalistiň özi bildirilen günäni boýun almandyr.
Bu hökümden soň žurnalistiň aklawçysy iki ysyrgany eline alyp, Ruhşonanyň ejesine gowşurypdyr.
Hakimowanyň garşysyna jenaýat işi geçen ýylyň iýun aýynda, ýagny ýurduň tanymal resmileriniň bir toparyna garşy gozgalaň döwlet agdarylyşygyny geçirmekde synanyşyk boýunça ýokary derejeli işiň barlanmagynyň çäginde başlandy. Habar serişdeleri bu barada diňe noýabr aýynda maglumat berdiler.
Bu işde aýyplanýanlaryň biri, Täjigistanyň Sosial-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Şokirjon Hakimow Ruhşonanyň daýysy. 2015-nji ýylda Täjigistanyň Yslam gaýtadan döreýiş partiýasy gadagan edilenden soň, Sosial-demokratik partiýasy ýaňy-ýakyna çenli ýurtda ýeke-täk oppozisiýa hasaplanýardy.
Jenaýat işiniň düýp sebäbiniň nämede durýandygy belli däl, sebäbi ol gizlin iş hasaplanýar.
Käbir maglumatlara görä, žurnalist Täjigistanda Hytaýyň täsiri meselesi boýunça sorag-jogap geçirendigi üçin tussag edilipdir. Oňa gatnaşanlaryň arasynda Şokirjon Hakimow we Demokratik partiýanyň öňki ýolbaşçysy, öňki deputat, döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanyp, 27 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Saidjafar Usmonzoda bar diýilýär.
«Oňa mydama bil baglap bolýardy»
Ruhşona hossarlarynyň maslahatyna garaman, ýüreginiň emri bilen žurnalistlik işine gitdi.
«Ýokary okuw jaýyna girmek meselesi ýüze çykanda, onuň daýysy Tehnologik uniwersitetiň dekany bolup işleýärdi. Hemmeler oňa goldaw ygtybarlylygy üçin, şol uniwersitete girmegi maslahat berdiler. Ýöne ol Täjigistanyň Milli uniwersitetinde žurnalistikany öwrenmek isleýändigini aýtdy. Özi ähli synagdan geçdi, abituiýentleriň arasynda iň ýokary derejäni gazandy» diýip, ejesi aýdýar.
Bu gyz birinji ýyldan başlap kärine girişýär: türgenleşikleri geçýärdi, dürli habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýärdi diýip, onuň bilen žurnalistika fakultetinde bile okan kärdeşi we öňki synpdaşy aýdýar.
– Ol birinji ýyldan başlap, dürli habar serişdeleri üçin makalalar ýazdy. Onuň bu işi başa barýardy. Biz 2015-nji ýylda bakalawrlygy tamamladyk. Ol soňra magistratura gitdi – diýip, ol sözüne goşdy.
Täjigistanyň Garaşsyz Media baradaky milli birleşiginiň başlygy Nuriddin Karşiboýewiň sözlerine görä, Ruhşona žurnalist hökmünde onuň gözüniň alnynda "ulalypdyr".
"Eger ol 13 ýyldan bäri žurnalistikada bolsa, onuň ýarysyndan gowragyny bile işleşdik. Men Köpçülikleýin habar serişdeleriniň mejlisiniň başlygy bolanymda, ol meniň kömekçim bolup işledi. Ol özüni analitik žurnalistikada synap gördi, onuň makalalary diňe bir ýerli habar serişdelerinde däl, eýsem Britaniýanyň Uruş we parahatçylyk hasabat institutynyň (IWPR) serişdelerinde hem çap edildi. Ol bu işde ökdeleşýärdi, elmydama ýalan maglumatlara garşy göreşmäge çalyşýardy, žurnalistikanyň halkara kadalaryna eýerýärdi we materiallaryny pikirleriň dürlüligi bilen taýýarlaýardy" diýip, Karşiboýew aýtdy.
«Oňa mydama bil baglap bolýardy – diýip, Ruhşonanyň beýleki bir kärdeşi öz adynyň tutulmazlygyny haýyş edip gürrüň berdi. – Beýleki köp žurnalistlerden tapawutlylykda, ol yzarlanmalardan gorkup durman, islendik tema boýunça, hatda syýasata çenli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardy».
Ruhşona Täjigistanda žurnalistikanyň geljegi barada alada edýärdi diýip, onuň kärdeşleri aýdýarlar. 2022-nji ýylda birnäçe žurnalist we bloggerler tussag edilende, ol bir çetde bukulyp galmady we olary goldamak üçin sosial ulgamlarda ýazgy goýdy.
Şeýle-de, ony tanaýanlaryň aýtmagyna görä, žurnalistlik käri üçin, yzarlamalara duçar bolsa-da, hiç haçan ruhdan düşmändi.
"Mundan birnäçe ýyl ozal ol neşirleriň birinde arap dilini öwrenmek boýunça merkezleriň ýapylmagyna garşy makala ýazanda, oňa ýörite gulluklardan jaň edip başlandy. Ondan bu temany kimiň orta atmagy tabşyrandygyny soradylar. Neşirden soň düşündiriş işleri geçirildi – diýip, Hakimowanyň kärdeşleri ýatlaýar. – Ol ilki bilen hemmeler Şokirjonyň (Şokirjon Hakimow – red.) ýegeni hökmünde tanalýardy. Häkimiýet işgärleri onuň maşgala gatnaşyklaryny nazarda turup, makalany daýysy teklip edendir öýdýärdiler».
#Ярухшона
Media onuň döwlete dönüklikde aýyplanandygy barada habar berenden soň, ýoldaşlarynyň we tanyşlarynyň köpüsi Ruhşonadan ýüz öwürdiler.
Häkimler onuň jaý üçin pul süýşürýän bank hasabyny ýapdylar, 300 müň somoni (30 müň dollara golaý) toplan eken.
Ýapyk kazyýet işi barada diňe prokuroryň Ruhşona 17 ýyl türme tussaglygyny sorandygy bellidir.
Metbugat ýygnagynda oňa höküm çykaran ýurduň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary Şawkat Lutfullozoda ýene bir gezek döwlete dönüklik baradaky maddada aýyplanýanlaryň jezasynyň geçilmegine garalmaýandygyny aýtdy. Habarçylaryň Hakimowany näme üçin diňe interwýu alyp barandygy sebäpli tussag edilip, höküm çykarylandygy baradaky sowalyna Lutfullozoda işiň gizlinligine salgylanyp, aýyplamalaryň jikme-jikliklerini mälim etmekden boýun gaçyrdy.
Ýanwar aýynyň ahyrynda adam hukuklary boýunça halkara guramasy Human Rights Watch Täjigistanyň hökümetinden, Ruhşona Hakimowa garşy aýyplamalary ýatyrmaga çagyrdy.
"Öz işini amala aşyrandygy üçin žurnalistler jenaýat aýyplamalaryna sezewar edilmeli däl. Häkimiýetler Hakimowa garşy aýyplamalary ýatyryp, ony öý tussaglygyndan boşatmaly" diýip, Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Syinat Sultanaliýewa aýtdy. Ol: "Eger Täjigistanyň häkimiýetlerinde jenaýat edilendigi barada ygtybarly subutnamalar bolsa, onda olar ýerlikli prosesi berjaý etmeli we adalatly derňewiň geçirilmegini kepillendirmeli" diýdi.
Sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilenden soň Ruhşonanyň maşgalasyna aklawçy tarapyndan žurnalistiň iki ysyrgasynyň gowşurylmagy hem-de birden ejesini ýitiren ýaşajyk çagalaryň ykbaly täjik jemgyýetiniň ünsünde bolup, olar sosial ulgamlarda #ямама #ярухшона heştegleri ýaýratdylar.
Garyndaşlarynyň we ýoldaşlarynyň aýtmagyna görä, Ruhşonany gyzlarynyň ýagdaýy horlaýar.
«Ol çagalaryny gaty gowy görýär, hemişe: "Meniň iň owadan gyzlarym bar" diýýär» diýip, žurnalistiň ejesi Maksuda aýdýar.
«Ruhşona türmeden, ýakynlarynyň haýynlyk etmeginden ýa-da gazançdan mahrum bolmakdan gorkmaýardy. Iň esasy çagalaryndan aýra düşmekden gorkýardy» diýip, onuň bile okan joralarynyň biri aýdýar.
Žurnalistiň hossarlary jezany azaltmaga kömek sorap, ýurduň ýolbaşçylaryna hat üsti bilen ýüzlendiler. Bu haýyşa heniz hiç hili reaksiýa bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.