Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaryň hossarlaryndan yzygiderli nahar getirmek ‘talap edilýär’


Näsaglaryň hossarlary soralýan nahary eltmeseler, hassalara talaba laýyk saglyk bejergisiniň berilmezliginden, olaryň ünsden düşürilmeginden alada edýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Näsaglaryň hossarlary soralýan nahary eltmeseler, hassalara talaba laýyk saglyk bejergisiniň berilmezliginden, olaryň ünsden düşürilmeginden alada edýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň Nyýazowyň adyny göterýän meşhur şäher hassahanasynda şertleriň we hyzmatlaryň ýaramazdygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hassahananyň intensiw bejergi bölümindäki näsaglaryň hossarlary lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň özlerinden yzygiderli nahar getirmegi soraýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada ençeme näsagyň hossarlary Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdiler.

“Olar günüň dowamynda iki-üç gezek nahar getirmegi soraýarlar. Her gezek reanimasiýa bölüminiň gapysyny kakanyňda, ‘nahar iýdirjek bolalyň’ diýip, nahar soraýarlar. Emma bir salymdan başga bir lukman gapyny ýarym açyp, ýene-de nahar getirmelidigini nygtaýar” diýip, ýakyn garyndaşy hassahananyň intensiw bejergi bölüminde bejergi alýan aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hossarlar näsaglaryň ýanyna girip, olary görüp, saglyk ýagdaýyndan habar alyp bilmeýändikleri zerarly, alaçsyz yzygiderli nahar daşaýarlar.

Sebäbi olar nahar eltmeseler, näsaglara talaba laýyk saglyk bejergisiniň berilmezliginden, olaryň ünsden düşürilmeginden alada edýärler.

“Käte hossarlaryň käbiri lukmanlardan ýa-da şepagat uýalaryndan näsagyň getirilýän naharlardan iýip-iýmeýändigini soraýar. Olar näsaglaryň hossarlary bilen örän gödek gepleşip, olara ‘iýýändir-dä, bilemok’ diýip, azgyrylyp jogap berýärler. Hossarlar näsaga zyýan ýetäýmesin diýip, olaryň gödek jogabyna gaýtargy bermekden saklanýarlar” diýip, başga bir näsagyň ýakyn hossary gürrüň berdi.

Ol reanimasiýada ýatan hassanyň eltilýän naharlary iýip bilmejekdigini, talap edilýän naharlaryň para almagyň ýene bir usulydygyny hemmeleriň bilýändigini hem sözüne goşdy.

Näsaglaryň yzyndan gelen hossarlaryna hassahananyň koridorlarynda garaşmaga hem rugsat berilmeýär. Näsaglaryň hossarlary saglyk işgärlerine ýalbaryp-ýakaryp, olary zordan basgançak boşlugynda sowuk ýerde durmaga razy edýärler.

"Olar köplenç bu ýerden hem kowlup çykarylýarlar. Gyş paslynyň sowuk günlerinde adamlar näsagyň ýagdaýyndan habar almak umydy bilen, daşarda garaşmaly bolýarlar” diýip, näsagyň ýakyn hossary belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada maglumat almak üçin hassahananyň resmileri bilen habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň hassahanalarynda saglyk işgärleriniň käbirleriniň dürli bahanalar bilen raýatlardan para alýandygy ýa-da olary para bermäge mejbur edýändigi, şol sanda nahar getirmegi talap edýändigi, şeýle-de näsaglara eltilen azyk önümlerini özaralarynda paýlaşýandygy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Galyberse-de, onlarça ýyl mundan ozal abraýly hasaplanan Nyýazow adyndaky hassahana baradaky nobatdaky habarlar, bu lukmançylyk edarasynda şertleriň ýaramazlaşýandygy hakda Azatlyga soňky iki aýyň dowamynda gelip gowşan ikinji maglumatdyr.

12-nji oktýabrda Azatlygyň habarçylary hassahananyň indi hatda aşa sada şertlere öwrenişen hassalary-da gorkuzýandygyny habar berdiler. Şonda olar ysdan ýaňa otaglarda bolar ýaly däldigini, gireniňde peşewiň ysynyň burnuňa urup, gözüňi ýaşardýandygyny aýtdylar. Olar düşekleriň tagtabitden doludygyny we otaglaryň içinde saçakçynyň köpdügini hem bellediler.

By maglumatlaryň Azatlykda çap edilmeginiň yzysüre, edaranyň baş lukmany arassaçylyk işgärlerine käýedi. Şeýle-de, lukman işgärlere öz işlerini talaba laýyk berjaý etmeýändiklerini aýdyp, olardan düşündiriş ýazmagy talap etdi.

Hassahanadaky şertlere garamazdan, ol ilat tarapyndan köp barylýan lukmançylyk edarasy bolmagyna galýar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, munuň iki sebäbi bolup, onuň birinjisi, beýleki şäher hassahanalaryndaky şertleriň hasam erbet hasaplanýandygy bilen baglanyşykly. Ikinji sebäbi, bu lukmançylyk edarasynda şäheriň täze gurlan hassahanalary bilen deňeşdirilende, hyzmatlaryň nyrhlarynyň birneme pes bolmagy bilen baglanyşykly.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy soňky onýyllyklaryň dowamynda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan täze lukmançylyk merkezleriniň onlarçasynyň gurlandygyny tekrarlaýar. Olar bulary ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler. Ýöne olar öňden bar bolan hassahanalardaky şertler barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG