Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

1
Talyban söweşijileri Kabul şäherinde Içeri işler ministrliginiň golaýynda partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar. Owganystan, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary. Talyban resmisiniň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni irden Kabulyň harby howa menzilindäki barlag nokadynyň golaýynda bomba ýarylyp, birnäçe adam ölüpdir we ýaralanypdyr.(AP suraty/Ebrahim Noroozi)

2
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň karikaturasy Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýini kemsidýän suratlary gaýtadan çap eden Fransiýanyň "Charlie Hebdo" žurnalyny ýazgarmak üçin geçirlen çykyşyň dowamynda göze ilýär. Fransiýanyň Tährandaky ilçihanasynyň öňünde, Eýran, 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwary, (West Asia News Agentligi/Majid Asgaripour)

3
Rus güýçleri tarapyndan weýran edilen jaýlar. Azat edilen Bogorodiçne obasy Siwerskiy-Donets derýasynyň üstünde ýarylan köpriniň golaýynda görünýär. Ukraina, 13-nji ýanwar, 2023. (AP suraty/Ewgeniý Maloletka)

4
Bosniýanyň Wisegrad şäheriniň golaýyndaky Drina derýasynda ýüzýän galyndylar, 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwary. Günbatar Balkan ýurtlarynyň üçüsiniň üstünden geçýän derýanyň golaýyndaky kadaly düzgünleşdirilmedik poligonlara ýa-da suwa taşlanan tonnalarça zir-zibil gyş we ýaz aýlarynda suwuň joşýan möwsüminde Bosniýanyň gündogaryndaky Drina derýasyndaky bentde jemlenýär. (AP suraty/Armin Durgut)
Forum