2024-nji ýylda Moskwa Kiýewden 4 esse uly ýeri basyp aldy. Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko rus goşunlary ol ýere girmezinden öň, bu obalary surata düşüripdi.
DeepState karta maglumatlaryna esaslanýan Militarniy portalynyň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylda Ukrainanyň häkimiýetleri 3600 inedördül kilometrden gowrak ýere bolan ygtyýarlygyny ýitirdiler.
Rus goşuny Hersonda, Zaporožýede we Luhansk sebitlerinde, aýratyn-da Donetskde we Harkowda giň möçberde ähli tarapdan öňe hüjüm etdiler. Hüjümiň iň ýokary derejesi noýabr aýynda bolup, Orsýet takmynan 610 inedördül kilometre golaý ýeri basyp aldy. Bu 2023-nji ýyldaky ähli hüjümlerinden hem köpdür.