Arben Hotiniň fotosy
Kosowo serhediniň golaýynda ýerleşýän Albaniýanyň demirgazyk-gündogarynda çet gyradaky obasy Borýe gitmäge synanyşanymyzda, serhetçiler bizi yzymyza gaýtardylar. Bir günden soň, biz serhetden geçmäge rugsat aldyk.
Borýede ýaşaýan maşgalalaryň biri bilen duşuşanymyzdan soň, ýol sebäpli gyşda Albaniýada möhüm hyzmatlardan kesilýän 900 sany gartaşan oba ýaşaýjylarynyň kynçylyklary barada gürrüň etmegi ýüregimize düwdük. Gerekli zatlar we lukmançylyk kömegi diňe serhetden geçip, Kosowonyň Dragaš şäherinden alynýan eken.
Biz ýerli ýaşaýjy Şaty Palinçiniň çydamly erjelliginiň şaýady bolduk. Ol 12 ýaşly ogluny daň atanda, lukmana görkezmek üçin, Kosowo äkidýär. Soňra maşgalasynyň azygyny alyp, öýüne gaýdyp gelýär.
Bu suratda Palinçi öz gatyryny münüp, çeşmä suwa barýar. Meniň üçin bu surat şeýle üzňelikde ýaşaýan adamlaryň gündelik kynçylyklaryny hem güýjüni görkezýär – diýip, Arben Hoti aýdýar.
Sergeý Nužnenkonyň fotosy
Biz 25-nji aýratyn howa-desant bölüminiň pozisiýasynda bir güni geçirdik. Garaňky düşende frontuň öň hataryndakylary çalyşýan harbylar bilen yza dolanyp başladyk. Birnäçe soldat rus FPV dronlaryny urmaga taýýar bolup, asmany synlaýardy.
Dronlar bu urşuň gidişini düýpgöter üýtgetdi. Öňler frontuň öň hataryna barmak aňsatdy, indi bu örän howply. Gözleg dronlary siziň hereketiňizi frontdan 10-15 kilometr uzaklykda hem yzarlap bilýär.
Biz soldatlara päsgel bermez ýaly, ýük maşynyň yzynda gyslyşyp, mümkin boldugyndan az ýer tutjak bolýardyk. Men bary-ýogy bir kilometr uzaklykda ýerleşýän rus pozisiýalary we olaryň uçarlarynyň operatorlarynyň bizi synlaýandygy barada oýlanmazlyga çalyşýardym.
Meniň wezipäm surat almak, ýöne ümürli ýagtylyk, tozan hem ýoluň siltewi maňa obýekti nazara almaga mümkinçilik bermeýärdi.
Maşyn günebakarly meýdandan sagatda 120 kilometr tizlikde barýardy. Ýerdäki hasyl bu golaýda ýygnalmandyr – diýip, Sergeý Nužnenko ýatlaýar.
Mziýa Saganelidzeniň fotosy
Gürjüstanyň premýer ministri Irakliý Kobahidze öz hökümetiniň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky gepleşiklerini 2028-nji ýylyň ahyryna çenli soňa goýýandygyny yglan edende, parlamentiň öňündäki köçeler dessine demonstrantçydan doldy.
28-nji noýabrda bolan protestleriň ilkinji gijesi polisiýa adamlary zalymlyk bilen dargatdy. Emma bu adamlaryň gaharyny öňküdenem güýçlendiren bolarly, ertesi güni protestler has-da artdy.
Howpsuzlyk güýçleri bir hepdeläp dowam eden zorlugyň we kanunsyzlygyň barşynda, ýörite güýçleriň işgäri ses gataldyjy arkaly proteste çykanlary kemsidip, gorkuzyp, dile alyp bolmaýan zatlary aýtdy.
Ýurtda özlerini doly jezasyz duýýan adamlar toparynyň bolmagy, meniň pikirimçe, göz öňüne getirip bolmajak ýalydy.
Men bu suraty parlamentiň girelgesinde, ýörite güýçleriň duran ýerinde durup düşürdim. Demonstrantlaryň aglaba köplügi ýaşlardy, olar ýörite güýçlere garşy her hili zatlary, tüsse granatlaryny zyňyp, jogap talap edýärdiler hem polisiýa işgärlerine edýän zorlugy üçin, sögünç bilen jogap berdiler – diýip, Mziýa Saganelidze aýdýar.
Wioletta Sauçitsiň fotosy
Şol agşam Wilnýusdaky Ýewangel kilisesi emigrant belaruslardan doldy. Mundan öňinçä olar Litwanyň paýtagtynyň köçelerinde ýöriş geçirdiler. Bu surat belarus gimni "Магутны Боза" (“Gudraty güýçli Hudaý”) aýdymyny aýdýarkalar düşürildi. Bu aýdym 2020-nji ýyldan bäri Belarusdaky hökümete garşy protestleriň nyşanyna öwrüldi.
Aýdymyň dowamynda adamlaryň aglaýandygyny gördüm. Bir aýal maňa tarap öwrülip: "Meniň bütin endamym jümşüldeýär. Bu aýdym ýatlamalary hem umytlary oýarýar» diýdi.
Erkin aýdym topary mejbury sürgün edilmezinden öň hökümete garşy demonstrantlary goldap çykyş edýärdi. Olar 2020-nji ýylyň jedelli prezident saýlawlaryndan soň, Belarusda başga pikirlilere edilýän rehimsiz hüjümlere garşy çykdylar. Toparyň birnäçe aýdymçysyny tussag etdiler. Häzirki wagtda olar Ýewropanyň paýtagtlarynda çykyş edip, Lukaşenka režiminde ýaşaýan belaruslaryň agyr ýagdaýyna ünsi çekýärler – diýip, Wioletta Sauçits aýdýar.
Amos Çapplyň fotosy
Rumyniýada ýaşaýan lipowanlar XVII asyrda dini yzarlamalardan halas bolmak üçin, öňki Rus imperiýasynyň etegine gaçyp giden etniki ruslaryň nesilleri. Isanyň direliş günündäki Pasha baýramynda, lipowan obalarynyň ybadathanalary jaňlary kakmak isleýän her bir adam üçin açyk bolýar.
Ybadathanalarda jaňlaryň ýaňlanmagy köçelerde milli lybas geýnen adamlaryň şatlygyny artdyrýar. Olar biri-birini "Mesih direldi!" diýen jümle bilen gutlap, oňa: "Şübhesiz diri!" diýen jogaby alýarlar. Ýöne jaň diňiniň içindäki ses gaty batly ýaňlanýar. Men jaňlaryň kakylyşyny görmek üçin ýokaryk çykanymda, ýerli erkek adamlar we oglanlar özlerine berkidilen jaňlaryň daňysyny gezekli-gezegine çekip, ondan sazlaşykly owaz aljak bolýardylar.
Ses gulagyňy deşip barýan derejede güýçlüdi, ýöne örän geň galaýmaly, birnäçe oba adamlary oturyp, jaň kakýanlary synlaýardylar. Meniň bolsa ybadathanadan çykanymdan soň, çep gulagym eşitmegini goýdy. Birnäçe hepdeden soň, ol açyldy, ýöne soňra-da, eger şol gulagyma suw gitse, ýene eşidişimi ýitirýärin – diýip, Amos Çappl gürrüň berýär.
Weselina Borisewanyň fotosy
7-nji noýabr XIX asyryň serb-bolgar urşunyň ýyl dönümi. Milletçiler bu konfliktiň wakalaryna esaslanýan "Ýarag we adam" spektaklynyň şol gün agşam görkezilmegini bolgarlar üçin ýaramazçylyk hasapladylar. Käbir adamlaryň pikirine görä, bu oýun bolgar esgerleriniň üstünden gülýär.
Bolgar prawoslaw ybadathanasynyň ruhanylarynyň birnäçesi teatryň öňünde protest bildirip başladylar hem şol uruşda gurban bolan esgerleriň ruhlaryna doga etdiler.
Mähelle ulalyp, sesler batlanyp başlandy. Soňra 84 ýaşly milletçi Ýolo Denew ýumrugyny galgadyp: «Hüjüme!» diýip gygyrdy. Mähelle teatra – göni meniň duran tarapyma ylgady.
Mähelle: “Utan! Malkowiç, öýüňe gaýt!" diýip gygyrdy. Ahyry polisiýa işgärleri goşulyp, olary togtatjak boldular, emma giçdi. Teatryň direktory çykyp, demonstrantlar bilen gürleşjek boldy, emma oňa topuldylar. Ony iterip, köýneginden çekdiler. Suratyň aşagynda onuň kellesini görse bolýar. Polisiýa işgärleri nähilidir bir ýol bilen ony yzyna teatra salmagy başardy.
Teatra gelen tomaşaçylar yzyna öwrüldiler, şol agşamky çykyş diňe žurnalistleriň toparyna görkezildi – diýip, suratçy ýatlaýar.
Pýotr Trotsenkonyň fotosy
Tomus aýlary men Syrderýa bagyşlanan foto proýektiň bir bölegi hökmünde, örän owadan Hojant şäherine bardym. Täjigistanly kärdeşim Farzon Maşaripow meni şäheriň esasy täsin ýerleriniň biri Panjşanbe bazaryny görmäge äkitdi.
Merkezi Aziýanyň bazarlary fotosuratçynyň arassa bagtly pursatlarydyr. Olar hemişe parlak, şowhunly hem täsirli bolupdyr. Adatça adamlar surata düşürilmegine alada bildirmeýärler. Ýöne adamlara içaly däl-de, fotosuratçydygyňy mälim etmek hemişe gowy.
Men hiç kimiň üns bermejek kompakt kamerany ulandym. Şol gün köp surat aldym, ýöne iň täsirlisi köplenç ýagdaýda bolşy ýaly, tötänlikde düşürilen surat bolýar.
Bazardaky et dükanyna gözüm düşdi. Gyzyl şöhle bilen ýagtylandyrylan dükan dowzahyň penjiresi ýalydy, ol meniň ünsümi özüne çekdi. Et dükanyndaky şeýle yşyk alyjylary has özüne çekmäge täsir etmelidi. Dükanyň öňünde bir müşderi durdy. Satyjyny surata düşürmek üçin, ol aýal aýrylýança garaşdym. Suraty nazara almak üçin, meniň birnäçe sekundym boldy (bu fotosuratçy üçin köp wagt, ynanaýyň). Aýal giden badyna, ony surata düşürýärkäm, etçi meni görüp, derrew gapdala bukuldy. Men diňe şu suraty alyp bildim – diýip, Pýotr Trotsenko ýatlaýar.
Marian Kuşniriň fotosy
Bu harby bölüm Ukrainanyň goranyşyny böwüsmäge synanyşýan rus goşunlarynyň pozisiýasyndan, birnäçe ýüz metr uzaklykdaky tokaýda ýerleşýärdi. Goranyş çägeli toprakda, belki-de, bir metr çuňlukda, üsti agaç tagtalary hem brezent bilen örtülipdir.
"Towşan sümelgesi" diýip atlandyrýan ýerkümäniň içinde alty soldat bardy, kadaly ýatmaga ýer azdy. Olaryň käbiri sümelgäniň has amatly bolmagyna çalyşýardy, käbiri bolsa birnäçe minut dynç aljak bolýardy. Her 15 minutdan rus agyr artilleriýasyndan, bu pozisiýa oka tutulýardy. Käte munuň soldatlary nähili kyn ýagdaýa düşürýändigini görmek bolýardy. Şol gije howanyň derejesi noldan aşakdady. Kiçijik şem ýerzemindäki ýeke-täk ýylylyk serişdesidi.
Mydama ok ýagdyrylyp duransoň, gündizlerine tokaýa çykmak mümkin däldi. Soldatlar oňa Birinji Jahan urşunyň hatyrasyna Werden tokaýy diýýärler. Top oklaryndan, snarýad böleklerinden, agaçlaryň diňe töňňeleri galypdyr.
Bir ýyl çemesi geçenden soň, rus goşuny Ukrainanyň Harkow sebitindäki goranyş zolaklaryny böwsüp, bu ýeri basyp aldy – diýip, Marian Kuşnir aýdýar.