Ekolog Ýewgeniý Simonow bilen geçirilen interwýu "Syrderýa: gözbaşdan aýaga çenli" ýörite taslamanyň ilkinji materialydyr.
Ýewgeniý Simonow Halkara «Serhetsiz derýalar» atly jemgyýetçilik guramasynyň baş hünärmeni. Şeýle hem ol süýji suwly ekoulgamlary, globalizasiýanyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini goramak, raýat jemgyýetine tebigaty serhetden geçip goramaga ygtyýar bermek bilen meşgullanýar.
Syrderýa Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolup, ol dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy, onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýanyň problemalaryny öwrenýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, päsgelçilikleri çözmegiň ýollaryny agtardy.
SUW ELEKTRIK BEKETLERI: «OLAR ÇÜÝRÄN PROÝEKTLERE MEŇZEÝÄR»
Pýotr Trotsenko: Siziň pikiriňizçe, Syrderýanyň iň agyr heläkçiligi nämede?
Ýewgeniý Simonow: Syrderýanyň iň görnüp duran heläkçiligi; onuň serişdeleriniň ägirt uly derejede aşa köp harçlanmagydyr. Derýa birbada birnäçe döwletlerde peýdalanylýar. Olaryň arasynda derýany bilelikde dolandyrmak barada nähilidir bir ylalaşyklar bar, ýöne ol örän bölekleýin hem gutarnykly häsiýete eýe däl. Munuň üstesine-de, iş ýüzünde hiç kim derýanyň ekoulgamynyň abadançylygyny göz öňünde tutmaýar. Netijede, Syrderýa diňe bir suw serişdelerini giň çäkde kabul edýän derýa bolman, eýsem öz suwuny uly derejede bölek-bölek harçlaýan derýadyr. Sadaça aýdylanda, onuň üstünde ummasyz köp suw beketleri ýerleşýär. Meniň bu ýerde oňa goşulýan ähli derýalary bilen Syrderýanyň tutuş howdanyny göz öňünde tutýandygymy nazara almak möhümdir. Bu ýerde eýýäm 100-den gowrak uly bentler guruldy.
Bu adaty ekosistemanyň proseslerini gorap saklamak we derýada ýaşaýan dürli janly-jandarlary saklamak nukdaýnazaryndan uly kynçylyk döredýär. Aýratynam göçüp-gonýan jandarlara agyr. Netijede, birwagtlar Syrderýada we onuň gollarynda ýaşan janly organizmleriň käbiri eýýäm ýitip ýok boldy ýa-da ýok bolmak derejesinde. Köp ýyllaryň dowamynda Syrdarýanyň düýbünde ýüzýän balygy (Syrderýa we Karaderýa basseýinlerinde tirana maşgalasyndan bolan tagamly derýa balygy, megerem, ol düýbünden ýitip gidipdir – Red.) görýän ýok. Bir wagtlar ol seýrek tiranalar ol suwdan, beýleki suwa geçipdir.
Elbetde, bentleriň gurulmagy we suw sorujy nasoslaryň köp bolmagy derýanyň akýan ugrunyň üýtgemegine agyr täsir edipdir.
Pýotr Trotsenko: Syrderýanyň häzirki ýagdaýy, hususan-da, onuň köpdürli düzgünleşdirilmeginde bar bolan kynçylyklar Merkezi Aziýa ýurtlaryna Sowet Soýuzyndan miras galanymy ýa-da garaşsyzlyk ýyllarynda emele geldimi?
Ýewgeniý Simonow: Dürli ýurtlarda bu dürlüçe başgarak, ýöne umumylykda bu problemalar Sowet Soýuzy döwründe döredilipdir. Gynansak-da, Merkezi Aziýanyň ýurtlary ol ýagdaýy ýeterlik sapak edinmändir. Indi biz Syrderýanyň howdanyndaky 70-den gowrak täze uly bentleriň taslamasyny bilýäris, ýurtlar olary eýýäm ýakyn geljekde gurmaga taýýar ýa-da gurmagy meýilleşdirmäge çalyşýarlar, ýagny Merkezi Aziýa döwletleri bu meseläni has-da kynlaşdyrýarlar. Şol taslamalaryň arasynda bolsa, mukdary boýunça suw elektrik beketleri esasy orun eýeleýär. Bu bolsa, esasan, çüýräp barýan proýektlere meňzeýär.
Syrderýanyň howdanynda proýektleri ösdürmegiň uly bölegi Gyrgyzystana degişli. Ol ýerde biz 40-a golaý uly we 80-e golaý kiçi bentleriň gurluşygyny nazarda tutýarys. Ikinjisi, elbetde, Özbegistan, ol derýanyň akymynda azyndan onlarça uly bent gurmagy meýilleşdirýär. Soňky meni geň galdyran zat, Naryn derýasynda Gyrgyzystanyň köne sowet bentlerinden pesde, ýany elektrik beketleriniň aşagyndan, alty bendiň taslamasyny amala aşyrmak nazarda tutulýar. Geň ýeri, derýanyň bu bölegi on ýyl mundan ozal, ol ýerde seýrek duş gelýän balyklaryň ýaşaýan ýeri bolany üçin, esasy biodürlülik zolagy hökmünde yglan edilipdir.
Gazagystan barada aýdylanda, olaryň gidroelektrik beketlerini gurmak mümkinçiligi, elbetde, Syrderýanyň ýurduň düzlük böleginden akýandygy sebäpli çäkli. Emma beýleki tarapdan, Arys derýasynyň basseýninde (Gazagystanyň günortasynda derýa, Syrderýanyň sag goly – Red.), kiçi gidroelektrik beketleriniň azyndan 20 bendini gurmak meýilleşdirilýär.
Serhet aralygyndan akýan Ugam derýasynyň ýagdaýy has-da agyr, sebäbi göni Saýram-Ugam milli seýilgähiniň merkezinde, gidrotehniki beket gurmak meýilleşdirilýär.
Gynansak-da, Gazagystan "ýaşyl energiýany" almak boýunça döwlet kepilliklerini bermek bilen kiçi, netijeli bolmadyk gidroelektrik beketleriniň giň gerimde gurulmagyna uly isleg bildirýär.
Täjigistanda ýagdaý başgaça. Olaryň iki bendi bar – Kaýrakum we Farhad, mundan başga olar täze zat gurmakçy däl. Muny derýanyň ýagdaýyny alada edýändikleri üçin däl-de, eýsem gidroelektrik energiýasyny işläp taýýarlamak üçin serişdäniň gutarmagy bilen bagly.
DERÝA «KÖPDEN BÄRI AGYR ÝAGDAÝDA». ONUŇ ÝAGDAÝYNY ÝEŇLETMEK MÜMKINMI?
Pýotr Trotsenko: Syrderýada gidroelektrik bekediniň gurulmagy nähili kynçylyklary döredip biler?
Ýewgeniý Simonow: Owaly bilen, suw howdanlara ýygnalyp, ýerasty akymdaky eroziýa prosesleri düýpli üýtgeýär. Mundan daşary-da, gidrogurluşyk işlerinde, suw resurslarynyň peýdalanylyşynyň artýandygy hem bellidir. Şoňa görä-de, belli möwsümlerde derýanyň suwy has azalýar. Şeýle derýalar bar, olaryň belli böleginde asla suw ýok diýerlik, bar suw kanallara gidýär. Mysal üçin, Daşkent sebitindäki Çyrçyk derýasyna serediň. Hojykent suw desgasy (Çyrçyk derýasynda gurlan Özbegistanyň ikinji uly gidroelektrik bekedi – Red.) Daşkendiň iň ýokary talabyny ödeýän mahaly onuň akýandygy günde azyndan birnäçe sagat göze ilýär.
Meniň pikirimçe, derýanyň öz-özüni dikeltmek mümkinçiligi örän az. Ähli goşmaça akymlar henizem derýa gidýär, arassalaýyş gurluşlary, sypaýyçylykly aýtsak, hemme ýerde gowy däl, birnäçe ýerlerde bolsa, ol asla ýok. Şoňa görä-de, ol suwlaryň sanitar ýagdaýyna örän ýaramaz diýip bolar. Ondan daşary-da, derýalara oba hojalyk ekerançylygynyň zeý suwlary goýberilýär, oňa bolsa ähli himiki suwuklyklar goşulýar.
Men gidrohimiýa hünärmeni däl, şoňa görä-de, mende dürli ýerlerde ýagdaýyň nähili görünýändigi barada, takyk maglumatym ýok. Diňe bir zady – Syrderýanyň köpden bäri agyr ýagdaýdadygyny aýdyp bilerin.
Pýotr Trotsenko: Syrderýanyň ugrunda şeýle köp gidroelektrik beketleriniň bolmagynyň sebäbi nämede?
Ýewgeniý Simonow: Munuň sebäbi, esasan, her ýurduň sosial-syýasy ýagdaýy, dolandyryş we karar kabul etmegiň hiliniň pesligi, lenç edilen korrupsiýa bilen bagly. Aslynda, häzirki wagtda gidroelektrik desgalaryny gurmak ykdysady taýdan özüni ödemeýär. Bir tarapdan, olar eýýäm köp, täzelerini gurmak hem örän gymmada düşýär. Mysal üçin, häzir gidroelektrik bekediniň gurluşygy Gün energiýasynyň gurluşygyndan 3-4 esse gymmatdyr. Syrderýa basseýni bolsa örän güneşli. Şonuň bilen baglylykda, energiýa almak üçin gidroelektrik bekedini gurmakdan, Gün energiýasynyň girdejiliginiň dört esse azdygy äşgärdir. Bu hakykatdanam şeýle, şonuň bilen bir wagtda, suwuň güýji bilen öndürilýän energiýanyň bahasy artýar, Gün energiýasy bolsa arzanlap barýar.
Onda gidroelektrik beketleri nämä gerek? Dogrudan-da, onuň artykmaç ýerleri bar: şertli aýtsak, ol size başga çeşmelerden energiýa ýetmeýän wagtynda kömek etmäge ukyby bar. Eger howdanda suw bolup, ýel hem Gün energiýasy bolmasa, siz suw energiýasyny ulanyp bilersiňiz.
Elbetde, iň gowusy Gün, ony döretmek arzan hem ony öndürmekde beýle kynçylyk ýok, ýagny az problemaly bolýar. Golaýdaky Hytaýyň ýagdaýy göz öňünde tutulsa, Gün panelleriniň artykmaç köp öndürilmegi bilen häzir täzelenýän energiýa çeşmeleriniň gurluşygy üçin, ajaýyp döwür döredi.
Mundan başga-da, gidrotehniki desgalary howa şertlerine, derýanyň akymyna örän bagly bolup başlady. Meselem, ýurduň energiýa serişdeleriniň öndürilişiniň 80 göterimi gidroelektrik beketlerine degişli bolsa, onda ýurt öz ykdysadyýetini zaýalaýar hem elektrik energiýasyny sarp edijilere kynçylyk döredýär. Muny biz Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň mysalynda görýäris. Olarda ýeterlik suwuň ýokdugy sebäpli her ýyl diýen ýaly, energiýa ýetmezçiligi barada habarlar bar.
NÄME ÜÇIN SUWY TYGŞYTLAMAGYŇ PEÝDALY BOLJAKDYGY ÇYLŞYRYMLAŞDYRYLÝAR?
Pýotr Trotsenko: Ýene-de bir uly kynçylyk — suw resurslarynyň oba hojalyk önümçiliginde rasional peýdalanmazlyk meselesi.
Ýewgeniý Simonow: Suw ýetmezçiligi bilen bagly bu iň agyr mesele, ol ahyrky netijede Aral deňziniň heläkçiligine getirdi.
Elbetde, Merkezi Aziýa ýurtlary kynçylyklary haýsydyr bir ýol bilen täzeden ugrukdyrmak üçin, ägirt tagallalary edýärler. Ýöne olaryň tagallalarynyň nähili netije berýändigini kesgitläp bilemok. Suwuň sarp edilişi barha artýar. Elbetde, käbir az netijeli tehnologiýalara eýe bolmak we suwy az talap edýän ekinlere geçmek sebitde diriligi saklamagyň esasy meselesi bolup durýar.
Oba hojalygynyň üýtgemeýän pudakdygyny hem nazara almak gerek, onuň bilen ägirt köp sanly adam iş salyşýar. Bu örän inçe sosial-ykdysady mehanizmler bilen baglanyşyklydyr, başgaça aýtsak, ony düýpden çapyp bilmersiň. Mälim bolşy ýaly, awtoritar döwletlerde suw serişdelerini dolandyrmagyň işjeň jemgyýetçilik sistemasyny aşakdan döretmek kyn. Şonuň üçin milleti öz tarapyňyza çekmek, adamlara suwdan tygşytly peýdalanmagynyň zerurdygyny düşündirmek juda kyn.
Pýotr Trotsenko: Ahyrynda, siziň guramaňyz barada gürrüň edesim gelýär. Häzirki wagtda "Serhetsiz derýalar" Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde näme işleri edýär hem-de siziň guramaňyz üçin, Merkezi Aziýa sebitiniň nähili geljegi bar?
Ýewgeniý Simonow: "Serhetsiz derýalar" Merkezi Aziýa ýakynda geldi. Häzir biz ýerli guramalar bilen bilelikde, derýanyň ekosistemalarynyň bozulmalarynyň derejesini barlamaga çalyşýarys we ony iň bolmanda bir sebitde saklamagyň mümkinçiligini agtarýarys. Şeýle hem daşky gurşawy goramagyň ykdysady taýdan zerur çärelerini işläp taýýarlaýarys. Bu haýsydyr bir ýol bilen derýanyň howdanlarynyň heläkçilige azrak uçramagyna kömek ederdi.
Şoňa görä-de, şeýle seljermeleri geçirýäris hem-de aýratyn howdanlarda we tutuş sebitde anyk taslamalary işläp taýýarlamaga çalyşýarys. Şu wagta çenli biz Merkezi Aziýanyň birnäçe derýalarynyň sub-basseýnleri üçin, derňew işlerini geçirdik, şeýle hem tebigaty gorap saklamakda dürli gymmatlyklary bar bolan we meýilleşdirilen bentleriň nähili baglanyşygynyň bardygyny göz öňüne getirmek üçin, umumy elýeterli maglumat bazasyny döretdik. Bu bolsa bolup biljek ýa-da bar bolan dawanyň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Biz daşky gurşawyň ýetirýän täsirini seljermegiň has döwrebap usullaryny girizmäge çalyşýarys. Munda iň gymmatly tebigy ýerlere, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, tebigat goraghanalara we beýlekilere aýratyn üns berýäris. Şeýle-de, biz Merkezi Aziýanyň derýa ekoulgamlaryny ösdürmegiň we goramagyň meýilleri, aýratyn-da bentleriň we suw howdanlarynyň döredilmegi we olaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly ähliumumy maglumatlary öz web-saýtymyzda ýygnaýarys.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.