NASA agentligi Ýupiter planetasynyň Ýewropa atly aýynda ýaşaýyş üçin şertleriň barlygyny ýa ýoklugyny seljermek üçin älem gämisini uçurdy. Ýewropanyň buz gatlaklarynyň aşagynda uly ummanyň bardygyna ynanylýar.
“Europa Clipper” gämisi 14-nji oktýabrda Floridadaky Kennedi Älem Merkezinden SpaceX Falcon raketasy bilen kosmosa uçuryldy.
Gün battareýalary esasynda hereket edýän howa gämisi, 2.9 milliard km aralygy geçip, 2030-njy ýyla golaý Ýupiteriň oribatasyna girer. Bu NASA-nyň planet-ara missiýasy üçin guran iň iri älem gämisidir.
Ýewropa Ýupiteriň resmi taýdan ýüze çykarylan 95 aýynyň arasynda ululygy boýunça dördünjisidir. Şol bir wagtda, ol Ýeriň diametriniň dörtden bir bölegine deň bolup, ondaky ummanyň mukdarynyň Ýeriň ýüzündäki suwlardan iki esse köpdügi çaklanylýar.