Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mezhep zorlugynda 100-den gowrak adam öleninden soň, Pakistanda ýaraşyk ylalaşygy baglaşyldy


Mezhep zorlugynda 100-den gowrak adam öldürildi
Mezhep zorlugynda 100-den gowrak adam öldürildi

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Kurram sebitinde sünni we şaýy jemagatlarynyň arasynda ýitileşen duşmançylygyň arasynda, ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, täze ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy.

Häkimiýetler 27-nji noýabr güni giçlik durnuksyz Haýber-Pahtunhwa sebitiniň uzakdaky taýpa etrabynda, Kurramyň esasy ýerlerinde hökümet goşunlarynyň ýerleşdiriljekdigini aýtdylar.

"Dowamly parahatçylygy üpjün etmek üçin geçirilýän gepleşikler dowam eder" diýip, sebitiň hökümet edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, hökümet pida bolanlaryň maşgalalaryna kompensasiýa, öwez puluny tölemek wadasyny berdi.

Zorlukly wakalar 21-nji noýabrda, şahsyýetleri anyklanmadyk adamlar Kurramyň Paraçinar sebitinden geçip barýan 200 çemesi ýolagçynyň ulag kerwenini oka tutanyndan soň başlandy.

XS
SM
MD
LG