Owganlar Türkmenistanyň Owganystan bilen sethetleşýän sebitlerinde mal bakmak, gözegçiliksiz aw awlamak we ýabany agaçlaryň miwelerini toplamak ýaly hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Meteožurnal” neşiriniň emele hemra suratlaryna salgylanyp 10-njy martda habar berdi.
Satellit suratlary Türkmenistan – Owganystan araçäginiň türkmen tarapyndaky serhet gözegçilik zolagynyň, tutýan meýdany müňlerçe inedördül kilometre barabar bolan bitarap zolagyň owganlar tarapyndan peýdalanylýandygyny görkezýär.
“Meteožurnal” neşiri emel hemra suratlaryna salgylanyp, owganystanlylaryň bu zolaga erkin girýändiklerini we esasan mal bakýandyklaryny habar berýär. Suratlarda asmandan düşürilen goýun-geçi sürüleriniň suratlaryny, şeýle-de serhet ýakalardaky ot örtüginiň ara tapawudyny görmek bolýar. Bitarap zolagyň Türkmenistan tarapynyň ot örtügi bilen serhetdäki inžener-tehniki liniýanyň owgan alkymyndaky ot örtügi deňeşdirilende ýiti ara tapawudy synlasa bolýar.
Görnüşinden, mal bakylýan ýerlerde, inžener-tehniki gurluşlaryň alkymynda ot örtügi tas ýok diýen ýaly diýip, “Meteožurnal” ýazýar.
Bu bolsa, türkmen serhetçileriniň esasan owganlaryň öz inžener-tehniki liniýalaryny kesip geçmezligine esewan edýändiklerine şaýatlyk edýär, serhediň özi bolsa, iş ýüzünde goragsyz galýar diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.
“Owganlar türkmen çäginiň diňe bir seýrek ilatly çet sebitlerinde däl, eýsem, Serhetabat (Guşgy) ýaly gür ilatly ýerleriň golaýynda hem aktiw oba hojalyk işlerini alyp barýarlar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” “Meteožurnal” neşirini sitirleýär.
Neşir Türkmenistan bilen aradaky serhet ýaka sebitlerde ýangyn hadysalarynyň hem artýandygyny belleýär. Şeýle hadysalaryň ýygjamlaşmagy öri meýdanlaryň bilkastlaýyn otlanylmagy bilen ilteşdirilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal Owganystan bilen aradaky serhet ýaka sebitlerde, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Tagtabazar etrabyna berkidilen öňki Serhetabat etrabynda öri meýdanlaryň ot örtüginiň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny habar berdiler.
Şeýle-de, bu sebitler soňky birnäçe ýyl bäri gaýtalanýan gurakçylygyň arasynda birnäçe gezek gum syrgynlaryna hem sezewar boldy.
“Türkmenistanyň hronikasyna” görä, serhet ýaka sebitlerde bikanun hojalyk işleri bilen meşgullanylmagy Türkmenistan üçin käbir daşky gurşaw aladalaryna ýol açýar. Neşir gözegçiliksiz aw awlamak işleriniň netijesinde Bathyz goraghanasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlara howp abanýandygyny aýdýar. Şeýle-de, öri meýdanlaryň basyş astynda galmagy topragyň eroziýasyna we çölleşmä ýol açýar. Bikanun hojalyk işleri sähralykda ýangyn hadysalarynyň ýygjamlaşmagyna, ýabany miwe agaçlarynyň hasylynyň toplanylmagyna hem-de, selçeň pisse tokaýlygy bolan sebitlerde odunlaryň ýygnalmagyna getirýär.
“[Serhetabatda] öri meýdanlarynyň önümliligi ýyl-ýyldan pese gaçýar. Ot örtüginiň ýagdaýy yzygiderli ýaramazlaşýar. Mallar arryklaýar” diýip, bir mal eýesi ýanwaryň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Öňki Serhetabat etrabynyň ýaşaýjylary ýyllarboýy amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerinden we üzňelikden ejir çekýärler.
Sebitiň dag eteklerindäki öri meýdanlary öňden bäri ýerli çarwadarlar üçin mallaryň bakylmagyna giň mümkinçilik döredýärdi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriniň wagtal-wagtal ýaramazlaşan halatlary boldy.
2018-nji ýylyň tomsunda neşe söwdagärleri diýilýän toparlaryň türkmen serhetçilerine ot açmagy netijesinde onlarça türkmen esgeriniň wepat bolandygy habar berildi. Şonda hökümetçi türkmen neşirleri bu maglumatlary inkär etdiler. Şol ýylyň noýabrynda rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygyny habar berdi. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habarlary “galp we toslama” atlandyryp ret etdi.
2019-njy ýylyň awgust we sentýabr aýlarynda türkmen-owgan serhediniň owgan tarapynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygy ýene bir gezek habar berildi. Şonda ýokary derejeli rus resmileri Owganystandaky “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň goňşy Türkmenistana we Täjigistana howp abandyrýandygyny aýtdylar. Munuň yz ýany, şol ýylyň dekabrynda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew Owganystandaky “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň jeňçileriniň Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa sebitine girmek ugrunda şert döretmäge synanyşýandyklaryny mälim etdi. Munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary serhediň türkmen tarapynda howpsuzlygyň güýçlendirilendigini, serhet ýakalarda rus harbylarynyň göze ilip başlandygyny habar berdiler.
“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda häkimiýeti ele geçirdi. Şondan birnäçe aý soňra, owgan neşirleri 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwar güni türkmen-owgan serhedinde “Talyban” söweşijileri bilen türkmen serhetçileriniň arasynda ýaragly çaknyşygyň bolup geçendigini habar berdiler. Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy ýerli owgan häkimiýetleriniň bu maglumaty tassyklaýandygyny habar berdi. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy bu çaknyşygy ret etdi. Biraz soňra, “Talyban” söweşijileri türkmen esgerlerini Owganystanyň çägini bikanun kesip geçmekde aýyplady. Bu barada turkmen.news neşiri “Talyban” söwejileriniň sosial media wideolaryna salgylanyp habar berdi.
Ýöne şondan bäri geçen iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen-owgan serhedinde asudalyk belli bir derejede saklandy.
Ýaňy-ýakynda peýda bolan emeli hemra suratlary owganlaryň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän öri meýdanlarda erkin mal bakýandyklaryny we bikanun hojalyk işleri bilen meşgullanýandyklaryny görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum