Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň onlarça ýaşaýjysy ABŞ-a bikanun geçmek üçin, kartelleriň pidasy bolýar. Olar munuň ýüze çykyşyny gürrüň berýärler. Wideo


2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda ABŞ-Meksika serhedinden Tehas ştatyna geçen migrantlar ABŞ-nyň serhet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilýär.
2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda ABŞ-Meksika serhedinden Tehas ştatyna geçen migrantlar ABŞ-nyň serhet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilýär.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň onlarça graždany Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a bikanun girmäge synanyşýar. Olaryň geçýän takmynan ýoly şeýle: ilkinji duralga Stambul bolýar. Ol ýerden bikanun ýagdaýda, Ýewropanyň şäherleriniň birine, esasan Madrid şäherine uçýarlar. Indiki ugur Bogota, Panama we Managua tarap, adamlar bu ýere uçar bilen aşýarlar. Ol ýerden migrantlar demirgazyga pyýada ýa-da maşynly gitmeli: Nikaraguadan olar Gondurasa çenli gidýärler, Gondurasdan Gwatemala, Gwatemaladan hem Meksika geçmeli. Soňra bagtyň bolsa, Amerika olara garaşýar – eger-de olar serhetden geçip bilseler.

Bu adamlar ABŞ-dan bosgunlyk statusyny almagy umyt edýärler, birnäçe ýylyň içinde ýaşyl kart berler diýen tamasy bar, şondan soň olara ýurtda ýaşamaga we işlemäge hukuk berler.

Emma ABŞ-a barýan ýolda bu adamlaryň köpüsi janyny howp astyna salyp, Meksikanyň kartelleriniň pidasy bolýarlar. Merkezi Aziýaly migrantlaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň Özbek we Gyrgyz gulluklaryna arzuwda bolan bu ýolunyň azabyny we nähili howplara duçar bolandyklaryny gürrüň berdiler.

Kyrk ýaşyndaky gyrgyzystanly Asan Bagyşow aýaly we üç çagasy bilen ABŞ-nyň serhedine barmak üçin, bir aýdan gowrak wagt sarp edipdir. Asan Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralarynda işläpdir. Onuň sözüne görä, syýasy sebäpler bilen baglanyşykly ýurtdan çykmaga mejbur bolupdyr.

"Gyrgyzystanda 10 ýyllap döwlet gullugynda işledim we parahorlygyň pidasy boldum. Şonuň üçin men gitmeli boldum. Ilki bilen wiza almagyň ýollaryny gözläp başladym. Meniň resmi taýdan gaýdasym gelýärdi. Görsem, bu ýoluň juda kyndygy ýüze çykdy: Gyrgyzystanyň graždanlarynyň Amerika wiza almaklary mümkin däl" diýip, Asan Bagyşow gürrüň berýär.

"Soňra men wiza bilen Meksika gelmegiň ýollaryny gözläp başladym. Meksikanyň ilçihanasyna ýüz tutdum. Emma bu ýol hem aňsat däl eken. Bank hasabyňda 1 million som (11 müň dollardan gowrak) puluň bolmaly hem köp dokument ýygnamaly, onuň üçin 2-3 ýyl dowam etjekdigi ýüze çykýar" diýip, Asan aýdýar.

“Men Nikaragua çenli gizlin geldim. Nikaraguadan soň Meksika çenli ýurtlary – Salwador, Gonduras, Gwatemala – biz bikanun geçdik – diýip, Bagyşow ABŞ-a barýan ýoly baradaky gürrüňini dowam etdirýär. – Ol ýerde pul bilen adamlary maşynda we awtobusda bikanun daşaýan adamlar bar".

Daşary ýurtdan gelenleriň aýtmagyna görä, Meksika girmegiň birnäçe bikanun ýollary bar. Muny Meksikaly žurnalist Wisent Kalderon hem tassyklaýar:

"Biz daşary ýurtdan gelýänleriň sanynyň artýandygyny görýäris. Aýratyn-da, Orsýet Ukraina garşy urşa başlanyndan soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýänleriň sany köpeldi" diýip, ol belleýär.

Meksikada guramaçylykly jenaýat toparlaryna "karteller" diýilýär. Global Guramaçylykly Jenaýat Indeksinde Meksika 4-nji orunda durýar. Merkezi Amerika döwletleriniň arasynda, bu ýurt guramaçylykly jenaýatçylygyň derejesi boýunça 1-nji orunda durýar.

"Bize mälim bolşuna görä, bu ýerde karteller bilen polisiýa işgärleri bilelikde iş alyp barýarlar – diýip, adynyň açyk aýdylmagyny islemedik Gyrgyzystandan bolan başga bir migrant Amerika barýan ýoly barada gürrüň berýär. – Polisiýa işgärleri kartellere garşy durup bilmeýär. Reynosadaky karteller GDA ýurtlaryndan adamlaryň pul bilen gelýändigini bilýärler. Şonuň üçin biz myhmanhanadan çykmaýarys. Daş girsek, dükana baryp bilýäris. Ol hem diňe gündizlikde”.

"Bizi bir kaşaň jaýa getirdiler. Ol ýerde biziň sumkalarymyzy, goş-golamlarymyzy barladylar. Olar gymmatbaha zatlary gözleýärdiler. Telefonlarymyzy hem nagt pulumyzy aldylar. Biziň ýanymyzda birnäçe peso we dollar bardy, olar ählisini aldylar” diýip, Gyrgyzystandan gaýdan Damir we ýene-de bir migrant Meksikada kartel bilen bolan wakany gürrüň berýär.

«Bize şeýle diýdiler: " Siziň her biriňiz bize 1000 dollar berersiňiz. Soň biz sizi goýbereris, siz ýoluňyzy dowam etdirip bilersiňiz". Biz özümizde puluň ýokdugyny aýdanymyzda, olaryň biri bize: “Şeýle ýagdaýda men size kömek edip bilmerin. Tä pul berýänçäň, bu ýerde gulp aşagynda galarsyň” diýdi».

Damir Gyrgyzystanda tanyşlaryndan pul alypdyr, şondan soň karteliň wekilleri migranty boşadypdyrlar. Eger kimiň puly ýok bolsa, köplenç gulçulyga düşýär. Resmi maglumatlara görä, soňky ýylyň dowamynda, Meksikada dereksiz ýiten adamlaryň sany 12 müňden geçdi. Olaryň näçe sanysynyň Merkezi Aziýadan bolan migrantlardygy belli däl.

ABŞ-nyň kanunçylygyna laýyklykda, serhetden geçip bilýän migrantlaryň ählisi Amerikanyň çäginde pena gözlemäge hakly däldir. Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda ABŞ-dan 72 müňden gowrak daşary ýurtdan gelen yzyna sürgün edildi. Şu ýyl ol görkeziji öňküsinden birnäçe esse ýokary bolar diýlip çaklanýar.

Gyrgyzystandan bolan Bagyşowlar maşgalasy CBP One programmasy arkaly Amerika girmegi başarypdyr we olar wagtlaýyn gorag alypdyrlar. Häzir olar Nýu-Ýorkda ýaşaýarlar. Emma olaryň statusy heniz anyk kesgitlenmändir.

"Häzir men başpena dokumentlerini almak üçin, aklawçy hakyna tutjak bolýaryn. Sebäbi men social security number (sosial üpjünçilik belgisi) üçin, dokumentleri tabşyrmak we işlemäge rugsat almak isleýärin – diýip, Asan Bagyşow gürrüň berýär. – Olar bu dokumentleriň 3-4 aýda geljegini aýtdylar. Ýöne ähli aklawçylar tölegli. Indi biz işlemeli, pul süýşürip, aklawçyny hakyna tutmaly”.

Asanyň maşgalasy çagalarynyň geljegi üçin, Amerikany saýlandyklaryny aýdýar. Häzir Asan bilen aýaly çaga garaşýarlar.

"Biziň arzuwymyz Amerikan pasportyny almak. Eger men pasport alyp bilmesem, ony basym dünýä injek meniň çagam alar. Men arzuwyma ýetip bilmesem, meniň çagalarym ýeter" diýip, migrant aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG