Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň


“Men öz işimi dowam etdirerin – men has-da yhlasly işlärin".
“Men öz işimi dowam etdirerin – men has-da yhlasly işlärin".

Garaşsyz türkmen žurnalisti Soltan Açylowa Türkmenistanyň awtoritar hökümeti tarapyndan “sem edilmejekdigini” aýdýar. Mundan öň türmen resmileri onuň Şweýsariýada adam hukuklaryny goraýjylaryň hormatyna guralan duşuşyga barmagyna böwet boldular.

“Men öz işimi dowam etdirerin – men has-da yhlasly işlärin. Men dirikäm, meni sem edip bilmezler” diýip, ol 20-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Açylowa Aşgabadyň Halkara aeroportunda özüniň egin-eşikleriniň çykarylyp barlanandygyny we kemsidilendigini aýtdy. Resmiler 17-nji noýabrda 74 ýaşly žurnalisti we onuň gyzyny, pasportlarynyň, wizalarynyň we biletleriniň bardygyna garamazdan, ony uçaryň bortuna goýbermediler.

Açylowa Türkmenistanyň içinde awtoritar hökümeti tankytlaýan ýeke-täk žurnalistdir. Açylowa Şweýsariýada 21-nji noýabrda geçmeli Martin Ennals Award baýragynyň adam hukuklary dabarasyna gatnaşmalydy.

Ol 2021-nji ýylda ýyllyk gowşurylýan bu dabaranyň üç finalistiniň biri bolupdy. Emma ol, koronawirus pandemiýasy çäklendirmeleri sebäpli, baýragyny almak üçin daşary ýurda syýahat edip bilmändi.

Açylowanyň sözlerine görä, aeroportdaky resmiler onuň we gyzynyň beden skannerinden iki gezek geçmegini talap edipdirler, olaryň goşlaryny içginden barlapdyrlar we olaryň el goşlaryny, saýawanlaryny, hat-da Açylowanyň hasasyny X-raý ulgamyndan gaýta-gaýta geçiripdirler.

“Mundan soň, olar meniň egin-eşigimi çykardyp, bedenimiň ähli ýerini elläp barladylar” diýip, Açylowa 20-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Soňra bizi uzak wagtlap pasport barlagynda sakladylar. Ofiser pasportlary gaýtardy we şeýle jogap berdi: “Enjam siziň pasport jikme-jikleriňizi okap bilmeýär, sebäbi siziň dokumentleriňiz heňlän ýerde saklanypdyr”.

Açylowa pasport barlagyndaky ofiseri özleriniň pasportlarynyň sahypalaryny çyg esgi bilen süpürip, bilkastlaýyndan zaýalamakda aýyplaýar. “Bularyň ählisi resmiler tarapyndan öňünden planlaşdyryldy” diýip, ol belledi. “Men olaryň meni daşary goýbermejekdiklerini bilýärdim”.

Haýbatlar, fiziki hüjümler

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy, häzir düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bilen hyzmatdaşlyk saklaýan Açylowa hökümetiň edýän basyşlary bilen juda ýakyndan tanyş.

Açylowa tussaglyk, haýbatlar, fiziki hüjümler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Žurnalist we onuň goldawçylary hökümetiň munuň bilen onuň işi üçin ar alýandygyny aýdýarlar. Onuň köp garyndaşlaryna hem haýbatlar atyldy.

Soltan Açylowa
Soltan Açylowa

Aşgabat hiç bir dürli pikirlilige çydamlylyk görkezmeýär. Hökümet garaşsyz mediany sem etdi, oppozisiýa aktiwistlerini bosgunlyga çykmaga mejbur etdi, şeýle-de ähli möhüm sosial media ulgamlaryny we messenjerleri petikledi. Häkimiýetler iş ýüzünde öz raýatlaryny galan dünýäden kesdi.

Açylowa 2018-nji ýylda raýat eşikli ofiserler tarapyndan gysga wagtlyk saklanypdy we onuň kamerasyndaky suratlar pozulypdy. Ol özüne neşe aýyplamalary esasynda tussaglyk bilen haýbat atylandygyny gürrüň berdi.

Mundan gysga wagt soňra, Açylowa Aşgabatda awtobusdan düşen mahaly, oňa näbelli şahslar hüjüm etdi.

2019-njy ýylda ol halkara seminara gatnaşmak üçin Tbilisä uçmaly wagty hem, uçara goýberilmändi.

Açylowa bilen ilteşikli aeroportdaky soňky ýagdaý, türkmen resmilerine garşy täze ýazgarmalary döretdi.

“Soltan Açylowanyň @martinennals baýragyny almak üçin Ženewa syýahatynyň öňüni almak bilen, Türkmen [hökümeti] Açylowanyň daşardaky islendik çykyşyndan has köp özi öz abraýyna şikes ýetirdi. [Türkmenistanyň] rast işlere we Açylowanyň syýahat edip bilmegine mümkinçilik bermegine entegem gaty giç däl” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber ýazdy.

Adam hukuklary boýunça Norwegiýanyň Helsinki komiteti toparynyň ýokary derejeli geňeşçisi Iwar Dale bu hadysany “gaharlandyryjy” atlandyrdy we Türkmenistany öz raýatlarynyň hukuklaryny bozmagyny ýazgardy.

“Türkmenistan öz raýatlaryny daşary ýurtlara syýahat etmeginiň öňüni alýan az sanly ýurduň biri. Olar, türkmen pasportynyň ýagdaýyny gowulandyrmagyň deregine, hat-da Türkiýeden öz raýatlary üçin wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyny soradylar. Ynanar ýaly däl” diýip, ol belledi.

Martin Ennals Award Azat Ýewropa/Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “onuň syýahatynyň çözgüdi boýunça tagalla edýändigini”, we bu ýagdaýy kommentirlemejekdigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG