Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde mugallym ýetmezçiligi döredi, okuwa gatnamaýan çaga köpeldi


Mekdep okuwçylary. Aşgabat
Mekdep okuwçylary. Aşgabat

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň golaýlamagy mekdeplerde dörän käbir problemalaryň üstüni açdy. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň anyklamagyna görä, Daşoguzda mekdep ýaşyndaky çagalaryň okuwa gatnamazlygyna degişli problema agyrlaşdy, Balkanda mekdep mugallymlarynyň uly ýetmezçiligi ýüze çykdy.

"Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän mekdepleriň okuwçylarynyň ençemesi hojalyklaryň maddy ýagdaýynyň pesligi sebäpli okamak mümkinçiliginden mahrum bolýarlar. Okuwa derek ekin meýdanlarynda işleýän, mal bakýan çagalaryň sany köpeldi" diýip, habarçy aýdýar.

Daşoguzly bilim işgärleriniň sözlerine görä, täze okuw ýylynda mekdebe gatnamajak çagalaryň sany ozalkysyndan köpelipdir. Bu ýagdaý mekdep işgärleriniň ene-atalar bilen gepleşiklerinden soň belli bolupdyr.

Azatlyk bilen anonim gürleşen bilim işgärleri çagalaryny okuwa goýbermegiň ýerine işledýän ene-atalar bilen geçirlen söhbetdeşliklerde, olardan hiç bolmanda barlagçylar gelende çagalaryň mekdepde bolmagynyň soralýandygyny gürrüň berdi.

"Mekdeplerde mugallymlar we çagalaryň ene-atasynyň arasynda özara gelnen ylalaşyklary bar. Eger paýtagtdan ýa-da welaýat bilim müdirliginden mekdeplere barlag gelmeli wagtynda maşgalalar öz çagalaryny mekdebe ugratmaly bolarlar. Barlagçylar gidenden soň ýene-de öňkülik bolar" diýip, bilim işgäri aýtdy.

Mekdebe gatnamaýan çagalar öz hojalyklarynda zähmet çekýärler.

Daşoguzly mugallymlar käbir mekdeplerde geçen ýylyň dowamynda okuwa yzygiderli gatnan çagalaryň sanynyň 10%-den geçmändigini gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň bilim resmilerinden we Türkmenbaşy etrabynyň mekdep ýolbaşçylaryndan çagalaryň okuwa gatnamak meselesi barada resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda Balkan welaýatynyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda kadrlar ýetmezçiligi ýüze çykdy.

"Balkan welaýatynda orta mekdeplerde mugallymlaryň sany welaýat boýunça umumy hasapda 20% ýetmezçilik edýär, çetki obalarda 40%-e çenli, şäher ýerlerinde 10% çemesi ýetmezçilik edýär" diýip, balkanly bilim resmisi gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň sözlerine görä, şu ýyl mugallymlaryň ýetmezçiligi Balkan welaýat bilim bölümine uly soraglary döredipdir.

"Şu tomusda welaýat boýunça mugallymlaryň ortaça hasapdan 20%-den gowragy Orsýet, Gazagystan we Ýewropa ýurtlaryna syýahat wizasyny alyp, çykyp gidipdir. Köpüsi ol ýerlerde işe ýerleşip, ýurda dolanmadylar. Şu sebäpden täze okuw ýylyna gabat işiň başlanmagy bilen awgustyň başynda bilim bölümlerinde uly mesele döredi" diýip, çeşme aýdýar.

Munuň bilen bir wagtda IMO ulgamynda Balkan welaýatynda mugallymlary işe çagyrýan maglumatlar köpeldi.

Bilim işgärleri etraplarda we obalarda dürli dersler boýunça kadrlaryň ýetmezçiliginiň ozal hem uly mesele bolandygyny belledi.

"Bedenterbiýe mugallymyna himiýa we matematika ýaly sapaklardan okatmagy tabşyrmakdan başga çärämiz galmady. Bir mugallyma hepdede 70 sagada çenli sapak ýüklenýär, kanunda 35 sagatdan geçmeli däl. Bu ýagdaýda bilimiň hili pese gaçýar" diýip, mekdep işgäri aýtdy.

Balkanly mugallymyň sözlerine görä, 50 sagat okadýanlaryň aýlygy 4000 manat bolýar.

Täze okuw ýylynyň golaýlamagy çagalaryna kadaly bilim bermäge synanyşýan ene-atalaryň aladasyny artdyrýar. Birinji gezek mekdebe barýan çagalaryň taýýarlygy has-da başagaý geçýär.

Şu günler saglyk öýlerinde çaganyň sagdyndygy hakyndaky kepilnamalary almakçy bolýanlaryň nobatlary döredi. Habarçylar nobata durman, goşmaça pul berip, kepilnamany edinip bolýandygyny anykladylar.

"Türkmenbaşynyň orta mekdepleri 1-nji synpa barjak okuwçylardan saglyk kepilnamalaryny kabul edip başladylar. Kepilnamany etrap saglyk öýlerinden para görnüşinde 200 manat berip, nobatsyz alyp bolýar, şeýle-de saglyk öýüne barman, 250 manat möçberde puly mugallymlara berip, kepilnama edinmek hem mümkin" diýip, habarçymyz ýagdaýdan gönüden göni habarly çeşmäni sitirleýär.

Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, şu ýyl çagany mekdebe salmak üçin paranyň mukdary artypdyr. Çagalaryny şäheriň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde okatmak isleýänlerden mekdebiň golaýynda ýaşaýan bolsalar 20 müň manat, uzakda ýaşaýan bolsa 55 müň manada çenli para soralýar.

Türkmenistanyň bilim resmileri we döwlet mediasy bilim pudagyndaky problemalary gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG