Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda geçirilen mejbury çärede ‘aç’ talyplardan ýylgyrmak we şatlanmak talap edildi


Talyplaryň öýlän sagat 2-de okuwlarynyň tamamlanmagynyň yzysüre, öýlänlik naharyny iýmezden, dessine çärä alnyp gidilmegi, olaryň köpüsinde nägilelik döretdi. (Arhiw suraty)
Talyplaryň öýlän sagat 2-de okuwlarynyň tamamlanmagynyň yzysüre, öýlänlik naharyny iýmezden, dessine çärä alnyp gidilmegi, olaryň köpüsinde nägilelik döretdi. (Arhiw suraty)

Mary şäherinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäreleriň ýene biri geçirildi. Çärä talyp ýaşlarynyň ýüzlerçesi mejbury gatnaşdyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“19-njy dekabrda “Bagt” köşgünde geçirilen çäre öýlän sagat 3-de başlap, agşam sagat 6-dan soň tamamlandy. Talyplar miwelerden we şireli suwlardan bezelen stollarda oturyp, aýdym-sazly çykyşlara şowhun bilen el çarpyp, çapak çalyp, hamala, Täze ýyly belleýän ýaly şatlanmaga mejbur edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Bilim resmileriniň we guramalaşdyryjylaryň talyplara aýtmagyna görä, döwlet TW-si üçin ýazgy edilen bu çäre baýramçylyk günlerinde, hamala, efire berlen gününde geçirilen ýaly edilip görkeziler.

Göräýmäge, bu gezekki köpçülikleýin çäre o diýen uzak wagt dowam etmedi. Ýöne talyplaryň öýlän sagat 2-de okuwlarynyň tamamlanmagynyň yzysüre, öýlänlik naharyny iýmezden, dessine çärä alnyp gidilmegi, olaryň köpüsinde nägilelik döretdi.

“Mugallymlarymyz çärä bir sagat galanda bizi bu barada habarly etdiler we sumkalaryňyzy klasda goýup gidiň diýdiler. Barmadyklaryň okuwdan çykaryljakdygy duýduryldy. Bize öýlän nahar iýip, çaý içmäge hem wagt bermediler. Biz irdenden bäri aç. Biziň öňümizde bezeg üçin miweleri we şireli suwlary güjeňläp goýup, agşam sagat tas 7-ä çenli aç kösediler” diýip, maryly talyp anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlykda bu talybyň sebitiň haýsy hünär mekdebinde okaýandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

“Bizden ýylgyrmagy we şatlanmagy yzygiderli talap etdiler. Bizde garnymyzyň açlygy sebäpli şatlanmaga, ýylgyrmaga ysgynymyz bolmady” diýip, talyp sözüne goşdy.

Azatlyk bu çäre we oňa talyplaryň mejbury gatnaşdyrylmagy hem-de olaryň ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýlary barada sebitiň häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýän Täze ýylyň öňüsyrasynda we dowamynda ýurt boýunça köpçülikleýin çäreleriň ençemesi geçirilýär. Bulara býujet işgärleri, talyplar we okuwçylar, şol sanda kiçi ýaşly çagalar mejbury gatnaşdyrylýar.

Şeýle-de, çäreleriň aglabasy döwlet telewideniýesi üçin öňünden ýazgy edilýär. Bu tejribe tejribe ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar bu çäreleriň köplenç görgi bolýandygyny, çäreleriň ençeme sagatlap suwsuz we aç saklanýandygyny, käte çäreleriň aşa yssy ýa-da sowuk howada geçirilýändigini, bularda çäreçileriň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly wakalaryň bolýandygyny onlarça gezek gürrüň berdiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri ýurtda baýramçylyk çäreleriniň “uly şowhun bilen bellenendigini” yzygiderli habar berýär, ýöne ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada asla gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG