Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär


Ýokary synp mekdep okuwçylary (Illýustrasiýa suraty)
Ýokary synp mekdep okuwçylary (Illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde ýene okuwçylaryň “ahlak terbiýesine” bagyşlanan ýygnaklar geçirildi. Mekdepleriň we ýerli Bilim bölümleriniň wekilleriniň ene-atalar bilen geçiren ýygnaklarynda okuwçylar bilen baglanyşykly gadagançylyklaryň ençemesi mälim edildi.

Şeýle-de, halaşýan okuwçylaryň ene-atalaryndan gyzlarynda geçiriljek “ahlak päkiligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Marynyň mekdeplerinde ene-atalar bilen yzygiderli ýygnaklar geçirilýär. Bu ýygnaklarda mekdep we bilim wekilleri ýazyň gelmegi bilen okuwçylaryň toparlanyşyp, çöle gezelenje gitmeginiň, kafede we öýde oturyşyk gurnamagynyň gadagan edilýändigini mälim edýärler” diýip, maryly ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bu gadagançylyklaryň geçen ýyllarda hem bolandygyny, ýöne bu ýyl munuň berjaý edilmeginiň has berk talap edilýändigini aýdýar.

“Bu ýyl ene-atalardan ýekeme-ýeke arza ýazmak talap edildi. Arzada ene-atanyň pasportdaky maglumatlary we goly bolup, ene-atalar çagalary piknik ýa-da özaralarynda oturyşyk etse, onda özleriniň soraga çekiljekdiklerine razy bolýarlar” diýip, maryly başga bir ene anonim şertde gürrüň berdi.

Bilim resmileri ýokarda agzalan çäreleriň “okuwçylaryň ahlak taýdan zaýalanmagyna eltýändigini” we gadagançylyklaryň “bularyň öňüni almaga gönükdirilendigini” belleýärler.

Ýygnaklarda mekdeplere mobil telefon alyp gelýän okuwçylaryň hem bardygy aýdylyp, olaryň telefonlarynyň ellerinden ýygnalyp alynjakdygy we okuw möwsümi tamamlanýança, mekdepde saklanjakdygy hem duýdurylýar.

“Ýygnakda ene-atalaryň bu mobil telefonlary yzyna almak üçin 200 manat töweregi jerime tölemeli boljakdygy hem aýdyldy” diýip, maryly ene belledi.

Çagalara okuwdan soň, boş wagtynda işlemek hem gadagan edildi. Bilim wekilleri işleýän okuwçylaryň ene-atalarynyň jogapkärçilige çekiljekdigini hem duýdurdylar.

Habarçylarymyz ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, dynç alyşlarynda we okuwdan boş wagtynda zähmet çekýän okuwçylaryň göz-görtele köpelýändigini yzygiderli habar berýärler.

Şeýle-de, ýygnaklarda ene-atalara mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň daşary ýurtlaryň däl-de, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny saýlap almalydygyna çagyryş edilýär.

“Ýygnagyň ahyrynda ene-atalara Arkadagyň ýazan kitabyny satyn alyp, öz çagalaryna okatmak hem maslahat berildi. Ahlak terbiýesine bagyşlanan ýygnaklarda hem, Berdimuhamedowlaryň propagandasy edildi” diýip, maryly ene belledi.

Ýygnak tamamlandan soňra, bilim resmileri mekdepde halaşýan okuwçy gyzlaryň we oglanlaryň ene-atalaryny alyp galyp, olar bilen aýratyn duşuşyk geçirdiler. Bu ene-atalardan çagalaryny “berk tutmak, olara gözegçiligi güýçlendirmek” talap edildi.

“Ene-atalara gyzlarynyň mekdebiň saglyk işgärleri tarapyndan ‘ahlak päkligi’ ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi hem duýduryldy. Resmiler bu barlaga gyzyň ene-atasynyň hem gatnaşmalydygyny aýtdylar. Olar bu barlaglaryň okuwçylaryň arasynda jynsy gatnaşyklaryň barmy ýa ýokdugyny anyklamak üçin geçirilýändigini bellediler” diýip, maryly ene ýygnaklarda okuwçylaryň bilimi barada hiç hili gürrüň gozgalmandygyny hem aýtdy.

Azatlygyň bu ýygnaklar we olaryň sebäpleri barada welaýat Bilim bölüminden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler mekdep okuwçylaryna gözegçiligi yzygiderli güýçlendirýärler. Munuň çäginde okuwçylaryň elektron enjamlary, okuw esbaplary we el goşlary duýdansyz barlanýar. Ene-atalara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek we okuwçylardan internetden peýdalanmazlyk, oturyşyklara, käte-de toýlara gatnaşmazlyk talap edilýär.

Soňky alty ýyl bäri häkimiýetler okuwçy gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyndan hem geçirýärler. Bu çäreler käte ýylda bir gezek, käte-de iki gezek duýdansyz geçirilýär.

Habarçylarymyz barlaglaryň gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu barlaglar, gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada mesele gozgap, aç-açan habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG