Hazar deňziniň gazak kenarlarynda týulenleriň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýene bir ýagdaý hasaba alyndy. Mangistau sebitiniň Bautino obasynyň golaýyndaky kenarda 151 sany týuleniň jesedi tapyldy diýip, ýerli Lada.kz neşiri habar berýär.
Neşir ýerli blogçy Azamat Sarsenbaýewiň öz instagram sahypasynda çap eden habaryna salgylanýar. Blogçy Tupkaragan etrabynyň Bautino obasynyň golaýynda 151 sany týuleniň jesediniň tapylandygyny ilkinji bolup habar berdi. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu waka Hazar deňzinde soňky turan tupanlardan soň boldy.
Blogçy, hünärmenlere salgylanyp, ölen týulenleriň käbiriniň bedenine mehaniki zyýan ýetendigini aýdýar.
Týulenleriň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäbi entek kesgitlenmedi.