Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron Ak tamda Tramp bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Ak tamdaky Owal kabinetde duşuşýar. Waşington.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Ak tamdaky Owal kabinetde duşuşýar. Waşington.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 24-nji fewralda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýaraşygyň “öňümizdäki hepdelerde” ylalaşylyp bilinjekdigini aýtdy, ýöne parahatçylygyň Ukrainanyň “boýun synýandygyny” aňlatmaýandygyny dudurdy.

Russiýanyň doly gerimli çozuşynyň üçünji ýyl dönüminde, Makron Ak tamda Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynyň yz ýany, ABŞ-nyň Fox News teleýaýlymyna interwýu berdi.

Biraz öň Tramp Süýri ofisde urşuň ýakyn wagtda soňlanyp biljekdigini aýtdy.

Makron özüniň ýewropa liderleri bilen gepleşendigini hem-de olaryň aglabasynyň howpsuzlyk kepilligini üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle kepillik Ukrainanyň islendik parahatçylyk kepilligi babatynda möhüm talaby bolup durýar.

Tramp rus prezidenti Wladimir Putiniň ýewropa goşunlarynyň parahatçylygyň kepili hökmünde Ukraina ýerleşdirilmegini “kabul etmäge” taýýar bolandygyny ileri sürdi.

Fransuz lideri Ukraina iberiljek ýewropa güýçleriniň ol ýere "parahatçylygy goramaga" barjakdygyny, hem-de olaryň front çyzygyna ýerleşdirilmejekdigini, ýa-da olaryň çaknyşygyň bir bölegi bolmajakdygyny aýtdy.

Tramp Waşingtona Ukrainanyň seýrek mineral serişdelerinden peýdalanmaga hukuk berýän ylalaşyga gol çekişmek üçin, öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini Ak tamda kabul etjekdigini aýtdy.

Amerikan prezidenti bir žurnalistiniň soragyna beren jogabynda Putini diktator atlandyrmakdan ýüz öwürdi, ýogsa ol geçen hepde Zelenskini suratlandyranda bu sözden peýdalanypdy.

Ukrainada parahatçylygyň dikeldilmeginiň, onuň NATO agza bolmagynyň öwezine wezipeden çekilip biljekdigini aýdan Zelenski 24-nji fewralda şu ýyl "hakyky, durnukly parahatçylygyň" gazanylmagyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG