Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýene gum sowrulyp, tozan turdy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

6-njy fewralda Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda ýene tozan turdy we çäge syrady. Ýerli ýaşaýjylar bu sebitde tozanly howanyň kada öwrülip barýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji fewralda maglumat berdi.

Gidrometeorologiýa maglumatlaryna görä, sebitde sişenbe güni şemalyň tizligi sagatda 17 kilometre çenli çykdy. Mundan ozal, soňky bir hepdäniň dowamynda ortaça tizligi sagatda 8 kilometr töwereginde üýtgäp duran şemal, 6-njy fewralda güýçlenip, gum sowurdy.

Ýerli ýaşaýjylar çägäniň günorta-gündogar sebitlerden süýşüp gelendigini aýdýarlar.

“Açyk meýdanda işleýän adamlar tozanly howadan goranmak üçin, agyz-burun örtüklerini geýdiler, gözlerine äýnek dakdylar. Tozanly howa adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Bu sebitde oktýabr aýyndan bäri, ýygy-ýygydan ýel turýar, gum sowrulýar we çäge syraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde turýan çägeli harasatlar barada oktýabr, noýabr we dekabr aýlarynda, şeýle-de ýanwar aýynyň dowamynda ençeme gezek habar berdiler.

Gaýtalanýan tozanly howanyň yz ýany, ahyrsoňy ýanwaryň aýagynda gündogar sebite güýçli ýagyş ýagdy, howany çägeden arassalady. Meteožurnal neşiri ýanwaryň ahyrynda sebit merkezine ýagan ýagyşyň aýlyk kadadan 1,5 esse töweregi ýokary bolandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy ýanwarda Türkmenabada ýagan ýagyşyň şäher infrastrukturasyna agram salandygyny habar berdiler.

Ýöne ýagyş-ýagmyrdan soňra, 6-njy fewralda ýene-de howa hapalandy, çäge sowrulyp, tozan turdy.

“Lebapda indi tozanly howa kada öwrülip barýar. Soňky 6 aýyň dowamynda, hasaplap görseň, tas 30 gün tozanly bolandyr” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri sebitde gaýtalanýan tozanly howa, onuň ýerli ilatyň saglygyna we durmuşyna ýetirýän täsirleri, ýol açýan oňaýsyz netijeleri barada habar bermeýär.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly dowam edýän global aladalaryň arasynda soňky ýyllarda Türkmenistanda adatdan daşary howa hadysalary gaýtalanýar. Ýöne hökümet resmileri mümkin bolan ekologiýa wehimleriniň garşysyna görülýän çäreler barada hasabat bermeýär.

Çägeli harasatlar sebitlerde ilatyň gündelik durmuşyna, oba hojalyk işlerine ýaramaz täsir edýär.

70 ýaşlaryndaky bir sebit ýaşaýjysy howa şertleriniň öňki we häzirki ýagdaýyny deňeşdirýär:

“Biziň ýaşlyk ýyllarymyzda gyş paslynda ýerde elmydam gar bolardy, ýaplarda suw doňardy. Awtoulag az bolardy, arassa howadan dem alardyk. Häzir günde-günaşa tozan turýar, güýçli şemal öwüsýär, arassa howadan dem almak kynlaşýar. Gyşyň ortasynda howa 15 gradusa çenli maýlaýar. 10-njy fewralda 20 gradusa çenli maýlajak ýaly. Onsoň, gyş pasly diýip aýdyp bolarmy!?” diýip, 70 ýaşy arka atan lebaply goja Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sişenbe güni sebitde turan tozan Türkmenabadyň halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyna esewan edýän işgärleri hem ünjä goýdy.

“6-njy fewralda Türkmenabada gonan uçarlar hem ýaramaz howa şertleri sebäpli kynçylyk bilen gondular. Aeroport çöle golaý ýerleşýär. Bu ýerde tozanly howa has güýçli duýulýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, tozanly howa uly ýaşly adamlara, garrylara, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara, demgysmasy bolan adamlara we gan basyşy ýokary bolan adamlara-da täsir etdi.

“Olar arassa howa mätäç. Näsaglaryň dem alyşy kynlaşýar, gan basyşy ýokarlanýar, soňra olar hökman medisina kömegine mätäç bolýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 6-njy fewralda Lebap welaýatynda bolup geçen tozanly howa barada ne öňünden, ne-de soňundan habar berdi.

Hünärmenler soňky ýyllarda dünýäde çägeli harasatlaryň has-da ýygjamlaşandygyny we ýitileşendigini aýdýarlar. Bu ýagdaý serhetüsti täsirlere ýol açýar, daşky gurşawa, klimata, oba hojalygy pudagyna zyýan ýetirýär, saglyk ýagdaýy pes adamlaryň durmuşyna wehim salýar.

Türkmenistanyň umumy meýdanynyň tas 80 göterimini Garagum çöli eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG