Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň mekdep okuwçylaryna ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'


Mekdep ýygnagy. Türkmenistan (arhiw suraty)
Mekdep ýygnagy. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň mekdeplerinde okuwçylaryň ABŞ-nyň FLEX programmasyna gatnaşmazlygy üçin düşündiriş işleri geçirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça geňeşiniň ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Birleşen Ştatlarda okamaga mümkinçilik berýän programmasyna kabul edişlik üçin synaglaryň wagtyny yglan eden döwrüne gabat gelen bu ýagdaý barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy we çeşmeleri 13-nji sentýabrda habar berdiler.

Lebap welaýatynyň baş bilim müdirligindäki çeşme FLEX maksatnamasynyň çägindäki bäsleşige mekdep okuwçylaryň gatnaşmazlygy üçin “degişli” çäreleri görmek hakynda dilden görkezmäniň bardygyny Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde gürrüň berdi.

“Noýabr aýynyň 10-da ABŞ-nyň ilçihanasynyň guramalaşdyrylmagynda geçiriljek FLEX okuw maksatnamasynyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylaryň şahsyýeti anyklanmaly we olaryň üç arka maglumatlary bilim ministrligine geçirilmeli diýip, ýolbaşçylar tarapyndan dilden görkezme berildi” diýip, çeşme aýtdy.

Bilimi müdirligindäki çeşmäniň we Türkmenabat şäheriniň mekdep mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar anyklanyp, olar bilen gürrüňdeşlik geçirmek kompaniýasy eýýäm başlanypdyr.

“Garaşsyz Diýar köçesiniň 33-nji jaýyndaky “Şatlyk” söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän “AMERICAN CORNER” merkezine gatnaýan, iňlis dilini, iňlis dilinde matematika öwrenýän we iňlis dilinden bäsleşiklere gatnaşýan okuwçylar, mekdepleriň müdirleri ýa-da okuw işler boýunça orunbasarlary ýanyna çagyryp: 'Nämäňe gerek şol bäsleşige gatnaşyp? Bir ýyl Amerikada ýaşap geleniňden soň, özüňden bir ýaş kiçiler bilen täzeden okamaly bolarsyň. Okuwyňy tamamlap, soň nirä gidesiň gelse gidiber. Amerika bal çalynan ýaly!’ diýilen sözler çagalara aýdylýar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň ýene biri okuwçylar bilen gürrüňdeşlik geçirýän mekdep müdirleriniň ýaşlary gorkuzmak synanyşygyndan hem el çekmeýändigini belledi.

“Türkmenabat şäheriniň 40-njy, 2-nji we 28-nji mekdep müdirleri we olaryň orunbasarlary: 'FLEX-e gatnaşmaly okuwçylaryň üç arka maglumaty toplanýar, habaryň barmy? Ýeňiş gazanyp, Amerika gideniň bilen ýurda dolanyp geleniňden soň saňa we ene-ataňa goşmaça problema döräp biler. Amerika biz üçin duşmançylykly ýurt, ýatdan çykarma' diýip, çagalary gorkuzýarlar” diýip, türkmenabatly çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen bilim wekilleri okuwçylar bilen geçirilýän bu söhbetdeşlikleriň maksadynyň olary synaga gatnaşdyrmazlyk bolup, resmileriň birnäçe ýyl bäri ulanýan bu usuly bilen okuwçylaryň amerikan programmasyna gatnaşmakdan meýletin ýüz öwürýändigini görkezmekçi bolýandygyny aýdýarlar.

"Bilim ministrliginiň buýrugy esasynda her ýyl FLEX bäsleşigi meýilleşdirilende, mekdeplerde bu bäşleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylara mekdep administrasiýasy tarapyndan basyş etmek talap edilýär. Bäsleşik geçirilýän güni, welaýat baş bilim müdirligi dürli sowgatlary utmaklyga mümkinçilik berýän ders bäsleşiklerini gurnaýarlar. Bilim müdirligi tarapyndan gurnalýan bäsleşilerde Türkmenistanda öndürilen netbook, planşet we gap-çanak ýaly zatlar, baýrak hökmünde ýeňijilere berilýär” diýip Bilimi müdirligindäki çeşme anonim gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Lebabyň Bilim müdirliginden we Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Türkmen ýaşlaryna bir ýyllap ABŞ-da bilim almaga mümkinçilik döredýän programma türkmen ýaşlarynyň arasynda gyzyklanma uly. Ençeme ýylyň dowamynda programmadan peýdalanan türkmen ýaşlarynyň ýüzlerçesi iňlis dilini öwrenmek we bilim derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanda FLEX programmasyna gatnaşmak üçin her ýyl 1 müň okuwçy ýüz tutýar.

2023-nji ýylda Türkmenistandan 15 orta mekdep okuwçysy FLEX alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşypdyr. Olaryň müňden gowrak dalaşgärden saýlanandygyny hökümetçi Arzuw.news neşiri ýazýar.

Türkmenistanda resmi taýdan alnyp barylýan amerikan bilim programmasyna türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynyň öňüni almak boýunça synanyşyklar ozalky ýyllardan hem bolupdy.

2017-nji ýylda ýylda türkmen häkimiýetleri bir aý çemesi wagtlap synaglary geçirmäge rugsat bermändiler. Netijede, degişli rugsat gijikdirilip berlende synaglar diňe Aşgabatda geçirilipdi.

FLEX maksatnamasynyň 2025-2026-njy okuw ýyly boýunça synaglaryň tertibi we wagty ýaňy-ýakynda Americancouncilstm.org resmi web sahypasynda çap boldy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary, Balkanabat, Türkmenabat we Aşgabat şäherlerinde 13-nji oktýabr we 17-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Gatnaşyjylardan edilýän talaplaryň arasynda şu ýylky bildirişde orta mekdebiň soňky ýylyndaky we harby gullugy tamamlamaly ýaşlaryň programma gatnaşyp bilmeýändigi aýratyn bellenýär.

Future Leaders Exchange, ýagny Geljekki liderler alyş-çalşygy (FLEX) ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan dolandyrylýan alyş-çalyş programmasy bolup, öňki Sowet Soýuzyndan orta mekdep okuwçylaryna (14-18 ýaş aralygy) ABŞ-da bir ýyl mugt amerikan maşgalasynda ýaşamaga we amerikan mekdebinde okamaga mümkinçilik berýär. Bu maksatnamanyň çäginde ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan mekdep okuwçylaryna stipendiýa, saglyk ätiýaçlandyryşy we ýol harajatlary ýaly cykdajylary doly maliýeleşdirilýär.

Bu maksatnama, 1992-nji ýylda Jorj H. W. Buş ABŞ bilen post-Sowet ýurtlarynyň arasynda parahatçylygy we düşünişmegi ösdürmek we ýaşlara “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halky we medeniýeti bilen tanyşmak we erkinlik goldawy baradaky kanuna gol çekenden soň döredildi.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän iki ýyllyk arakesmeden soň FLEX programmasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda täzeden başlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG