Birden Russiýa tarap öwrülmek
2013-nji ýylda Ukrainanyň häkimiýetleri noýabr aýynda Wilnýusda geçiriljek Gündogar hyzmatdaşlygynyň sammitinde Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa we erkin söwda şertnamasyna gol çekmek niýetini beýan etdiler.
9-njy noýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Moskwada duşuşdylar. Habar serişdeleriniň tas bir ýyl soň ýazmagyna görä, Putin Ukrain prezidentine eger ol Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürse, ykdysady taýdan köp peýdalary, şol sanda tebigy gazy arzanlatmagy wada beripdir. Ýogsa-da Orsýetiň prezidenti Ukrainanyň ykdysadyýetini ýok etjek söwda urşuna başlatjakdygyny aýdypdyr.
20-nji noýabrda Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt Orsýetiň Ukraina basyş etmegini ýazgardy.
2013-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Nikolaý Azarowyň baştutanlygynda, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmäge taýýarlyk görmek prosesini soňa goýmak karar edildi. Ol muny "Ukrainanyň milli howpsuzlygynyň bähbitleri" bilen düşündirdi. Şol bir wagtda-da, Ukrainanyň hökümeti "Russiýa Federasiýasy we Gümrük birleşiginiň beýleki ýurtlary hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň agzalary bilen işjeň dialogy dikeltmek" barada görkezme berdi.
21-nji noýabr agşamy žurnalistler, jemgyýetçilik aktiwistleri we studentler döwletiň Ýewropa integrasiýasyny ret etmegine närazylyk bildirip, Kiýewdäki Garaşsyzlyk meýdanynda ýygnanyşmaga başladylar. #Ýeвромайдан diýen heşteg sosial ulgamlarda peýda boldy.
Bir hepde geçensoň, 29-njy noýabrda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde, ÝB bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmekden boýun gaçyrdy. Ukrainanyň häkimiýetleriň Ýewropa däl-de, Russiýa tarap ýoly saýlaýandygy ahyrsoňy aýan boldy.
Ýewromaýdan, ýüzlerçe pidalar, Ýanukowiçiň gaçmagy
29-njy noýabr agşamy döwlet syýasatynyň birden öwrümi bilen ylalaşman, köp sanly adam Kiýewiň merkezine ýygnandy. Awtobuslar bilen beýleki sebitlerden paýtagta geldiler. “Berkut” ýörite güýçleriniň söweşijileri jemlendi.
30-njy noýabr gijesi howpsuzlyk güýçleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan student-ýaşlary dargatdylar. Muny, hamana, şol ýerden Täze ýyl agajy üçin ýer arassalamak çäresi bilen esaslandyrdylar.
Ertesi gün Kiýewiň merkezindäki protestler ýene-de güýçlenip, ukrainalylar hökümetiň wezipesinden çekilmegini we täze saýlawlary talap etdiler.
Üç aýyň dowamynda Ukrainanyň paýtagtynyň merkezinde diňe çadyrlar peýda bolman, eýsem gorag-barrikadalar peýda boldy, sebäbi “Berkut” tarapyndan hüjüm edilýärdi. Protestçiler Kiýew şäheriniň döwlet dolandyryş edarasynyň binasyny eýelediler, Leniniň ýadygärligini ýykdylar, howpsuzlyk güýçleriniň awtobuslaryny ýakdylar.
18-nji fewralda Garaşsyzlyk meýdançasynda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda iň uly çaknyşyklar başlandy. Kärdeşler arkalaşygynyň edarasy oda berildi. Protestçilere garşy atyşyklary başlandy. Şol bir wagtda oppozisiýa Ýokary Radanyň mejlisinde parlament-prezident dolandyryş formasynyň yzyna gaýtarylmagyny, 2004-nji ýylyň Konstitusiýasynyň dikeldilmegini talap etdi.
Üç günüň dowamynda, Kiýewiň köçelerinde ýüzden gowrak adam atylyp öldürildi. Soňra olara "Jennetiň ýüzlügi" diýen at berildi.
Wakalar Orsýetiň Soçi şäherinde geçýän we 23-nji fewralda tamamlanmaly Gyşky olimpiýa oýunlaryna gabat geldi. Şol wagtda bütin dünýäniň ünsi Ukraina gönükdi. Günbatar metbugaty eýýäm Soçi şäherinde barýan Gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlanandan soň, Orsýetiň Ukrainanyň syýasatyna has işjeň goşulyşyp, hatda Krymy we Gündogar Ukrainany basyp alyp biljekdigi barada ýazdy. Hususan-da, şeýle çaklamalar barada, 2014-nji ýylyň 17-nji fewralynda Reuters tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmilerine salgylanýan makala çap edildi.
21-nji fewralda Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewden çykyp, Krymyň üsti bilen Orsýete gaçyp gidendigi belli boldy.
2014-nji ýylyň 22-nji fewralynda Ýokary Rada Ýanukowiçi Ukrainanyň prezidentiniň ygtyýarlyklaryndan mahrum etdi. Irki saýlawlar 2014-nji ýylyň 25-nji maýyna bellendi.
Şol gün Oleksandr Turçynow Ukrainanyň parlamentiniň başlygy wezipesini eýeledi. 23-nji fewraldan başlap, Ukrainanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ol Ukrainanyň prezidentliginiň wezipesini alyp bardy.
"Krymy yzyna gaýtarmak" operasiýasynyň başlanmagy
Şol ýylyň 23-nji fewralynda Wladimir Putin Krymy "yzyna gaýtarmak" üçin, "operasiýa" geçirmek barada tabşyryk berdi. Ol bu senäni "Krym. Ene topraga barýan ýol” filmine beren interwýusynda yglan etdi. Bu film bir ýyl soň “Russiýa” telekanalynda görkezildi.
"Ukrainada şeýle bir ýagdaý ýüze çykdy welin, biz Krymyň Orsýete dolanmagy ugrunda işe başlamaga mejbur bolduk. Sebäbi biz bu territoriýany we ol ýerde ýaşaýan adamlary takdyryň emrine, milletçileriň bulagaýlygyna galdyryp biljek däldik – diýip, Putin aýtdy. – Emma biz muny diňe Krymda ýaşaýan adamlaryň özleriniň isleýändigine doly ynansak ederis".
Şol gün Sewastopol şäherinde "Ukrainada faşizme garşy halk isleginiň" ýygnanyşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar "Russiýa, biz terk edildik, bizi yzyna alyň!" we "Putin – biziň prezidentimiz" diýen ýazgylary ýokary tutdular. Mitinge müňlerçe şäher ýaşaýjysy gatnaşdy. Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, olaryň esasy köpüsi "Tawrida Elektrik" kärhanasynyň işgärleri bolupdyr. Ol kärhana Alekseý Çalyý diýen iri telekeçä degişlidi. Hut şony-da "Halk häkimi" saýladylar. Şeýlelikde, Sewastopol iş ýüzünde Russiýanyň gol astyna geçdi.
Üç ýyl soň, ýagny 2017-nji ýylyň fewralynda Çalyý TASS-a beren interwýusynda Krymyň "yzyna dolanmagyna" taýýarlyk işleriniň ençeme ýyllap dowam edendigini aýtdy.
"2004-2005-nji ýyllarda biz ilkinji gezek “Mämişi Rewolýusiýa” bilen baglylykda işjeň herekete taýýarlyk gördük. Emma biziň hereketlerimiziň kanun taýdan berk esaslary diňe bikanunlyk döwri bolan ýagdaýynda, ýagny kanuna laýyklykda işläp bilinmez şertde, kanunyň dilinde gürleşilmek wagty mümkin boljakdy, diňe şonda amala aşjakdy. 2004-2005-nji ýyllarda beýle bolmady. Şol döwürde Kiýewde häkimiýet çalşygy kanuny diýen ýaly ýagdaýda bolup geçipdi. Hut şolar ýaly dartgynly ýagdaý 2008-nji ýylda Günorta Osetiýadaky uruş barýarka döredi. Ýuşenko Ukrainanyň prezidentidi. Russiýanyň Gara deňiz floty operasiýalara gatnaşypdy. Olar esasy bazasy bolan Sewastopola gaýdyp gelýärkäler, Ýuşenko olary içeri goýbermezlik barada buýruk berdi. Umuman, ol örän paýhaslydy: harby flotuň öz bazasyna girmegine ýol berilmedi. Bu uruş yglan edilmegine golaý derejedäki çäredi. Emma ofiserler bir şäherde ýaşap, birek-biregiň gözüne seredip gelensoňlar birek-birege ok atmakdan çekindiler. Şol wagtlar biz hem şäherde häkimiýeti ele geçirmäge taýýarlyk görýärdik. Ýöne ol başa barmady. 2014-nji ýylda hemme zat çözüldi, ýöne bu ýagdaýa hem çalt ýetmedik" diýen sözlerini TASS gullugy sitirledi.
Wladimir Putin 2014-nji ýylyň aprelinde munuň düýpgöter tersine aýtdy: «Russiýa hiç haçan Krymy anneksiýa etmegi we hiç hili harby hereketleri planlaşdyrmady, hiç haçan. Emma biz elmydama rus halky, ukrainaly rus dilli raýatlarymyz oňyn syýasy ýagdaýda, oňyn şertlerde ýaşarlar diýip pikir edipdik we olara garşy hiç bir gysyş bolmaz diýip umyt edýärdik. Şol wagt hem bu ýagdaý ýüze çykdy. Krymyň halky öz-özüňi dolandyryş ugrunda tagalla edýändiklerini aýdyp başlanlarynda, elbetde, biz näme etmelidigimiz barada oýlandyk. Hut şol döwürde, krymlylary goldamak barada bäş, on, ýigrimi ýyl mundan ozal däl-de, şol wagt karar kabul edildi».
Sewastopol basyp alşyň başlangyjy we Gara deňiz floty daýanç güýç hökmünde
"Krymy basyp almagyň başlangyç nokady hut Sewastopol boldy. Sebäbi Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky ylalaşyga görä, Orsýetiň Gara deňiz flotunyň baş edarasy, onuň esasy gämi düzümi we deňizçileri şol ýerde ýerleşipdi. 2014-nji ýylyň 24-nji fewralynda Orsýetiň Gara deňiz flotunyň eskadrasy Krymy basyp almak üçin, harby enjamlar bilen birlikde, howa-desant goşunlaryny we deňizçileriň ýörite güýçlerini Noworossiýsk birliklerinden alyp çykdy we Sewastopol şäherine tarap ugrady – diýip, Gara deňiz strategiki barlaglar institutynyň monitoring toparynyň başlygy Andreý Klimenko anneksiýasynyň başlangyç tapgyryny bеýan etdi. – 25-nji fewralda, ýagny Gyşky olimpiýa oýunlary tamamlanandan soň, Orsýetiň Gara deňiz flotunyň eskadrony eýýäm ele geçirilen Sewastopola gaýdyp geldi we Noworossiýskden birnäçe müň desantçyny ýarag bilen birlikde bu ýere getirdi".
Gara deňiz flotunyň Krymy anneksiýa etmek üçin taýýarlyk bolandygy, Sewastopol bazasynyň bolsa Kryma "sypaýy adamlary" eltmek üçin ulanylandygyny 1991-1992-nji ýyllarda Gara deňiz flotuna ýolbaşçylyk edip, soň pensiýa çykan admiral Igor Kasatonow 2015-nji ýylyň mart aýynda boýun aldy.
"Gara deňiz flotunyň daýanç taýýarlygy bolandygyny aýdyp bileris, ofiserler daş-töweregimizde bolýan zatlardan, ukrain bölümleriniň ýerleşýän ýerinden habarlydy, wakalaryň ýaýbaňlanmagy işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny Gara deňiz floty öz wezipelerine hötde gelip, "sypaýy adamlary" getirdi, 27-28-nji fewral aralygynda Krymyň Ýokary mejlisi alyndy" diýip, ol RIA Nowosti gullugyna beren interwýusynda aýtdy hem "sypaýy adamlaryň" ýörite harby gullukçylardygyny sözüne goşdy.
Simferopoldaky garşylyk
Krymdaky garşylygyň ilkinji uly ýygnanyşygy 23-nji fewralda geçirildi. Şonda müňlerçe krym tatarlary Simferopolda Ministrler kabinetiniň öňünde ýygnanyşyp, ýerli halkyň hukuklaryny goramak üçin parlamentiň dargadylmagyny we Konstitusiýa düzedişler girizmekligi talap etdiler.
26-njy fewralda Simferopolda Krym parlamentiniň daşynda, Sergeý Aksýonowyň Russiýa tarapdar hereketi "Rus agzybirligi" tarapdarlarynyň, şeýle hem Mustafa Jemilýewiň hem-de Refat Çubarowyň ýolbaşçylygyndaky Krymyň ýagdaýy baradaky meseläniň parlament mejlisinde şol gün geçirilmegi meýilleşdirilen işleriň göz öňünde tutulmazlygyny talap eden Krym mejlisiniň hereketleriniň tarapdarlarynyň gatnaşmagynda uly ýygnanyşyk geçirildi. Ukraina tarapdary bolan ýygnanyşyga gatnaşyjylar Krym parlamentiniň mejlisini soňa goýmagy başardylar.
2020-nji ýylda Ukrainanyň prezidenti öz permany bilen 26-njy fewraly Krym awtonom Respublikasyny we Sewastopol şäherini basyp almaga resmi garşylyk görkezmegiň güni hökmünde tassyklady.
Ilkinji "ýaşyl adamlar" we "sypaýy adamlar"
27-nji fewralda, ir sagat 4:30-da Krmyň Ministrler kabinetiniň we Ýokary mejlisiniň Simferopol şäherindäki jaýlarynyň töweregini egnide hiç hili nyşany bolmadyk ýaşyl eşikli adamlar (olara soň "ýaşyl adamlar" diýildi) ele saldylar. Olar hiç hili talap bildirmediler, häkimiýetler bilen ylalaşyk baglaşmakdan boýun gaçyrdylar. Şäher merkezini milisiýa güýçleri gabady, ulaglary yzyna gaýtardylar. Şäherde, hamana, ýerli ýaşaýjylar tarapyndan, ukrain barlyşyksyz milletçilerinden ýarymadanyň rus dilinde gepleýän ilatyna edilýän howplary goramak maksady bilen döredilen "öz-özüni goraýan güýçler" diýilýänler peýda boldy.
Şol gün Krym parlamentiniň adatdan daşary mejlisi bolup geçdi. Parlamentiniň depesinde eýýäm rus baýdagy parlaýardy. “Orsýetiň agzybirligi” hereketiniň lideri Sergeý Aksýonow Krymyň premýer-ministri wezipesine bellenildi.
Käbir möhüm sebitlerde Kiýewiň buýruklaryna eýermekden boýun gaçyran “Berkut” ýörite birliginiň söweşijilerinden postlar guruldy. Kerç gämi geçelgesi ýapyldy.
Soňky iki hepdäniň dowamynda ýaşyl eşikdäki harbylar Ukrainanyň harby bazalaryny we strategik desgalaryny, şol sanda harby howa menzillerini ýapdylar.
Orsýetiň resmileri Krymda rus goşunlarynyň ýokdugyny öňe sürmegi dowam etdirýärdiler. Şeýlelikde, Orsýetiň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Wladimir Çizow Ýeuronews gullugyna beren interwýusynda: "Ol ýerde goşun asla ýok, iň azyndan rus goşunlary ýok" diýdi.
"Referendum" we Krymyň basylyp alynmagynyň ilkinji gurbanlary
2014-nji ýylyň 1-nji martynda "Krym Awtonom Respublikasynyň Ministrler kabinetiniň başlygy" Sergeý Aksýonow Orsýetiň Prezidentine Krymyň territoriýasynda "parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde" ýardam sorap, haýyş bilen ýüzlendi. Şol günüň özünde Wladimir Putin Federasiýa geňeşine rus goşunlarynyň ýarymadanyň territoriýasyna girizilmegi barada teklibi ýollady. Döwlet Dumasynyň iki palatasy hem muňa ses berdiler.
Iň uly protest 8-nji martda bolup geçdi. Krymyň ýollarynyň gyrasynda 15 müňe golaý adam, esasan aýallar we çagalar hatara düzüldi. Olar ellerinde ukrain we Krym tatar baýdaklaryny we parahatçylygy talap edýän posterleri sakladylar.
Şol bir wagtda ýarymadany ruslaryň basyp almagyna garşy çykýan Krym tatar aktiwistleri ýitip başlady. Onuň birinji gurbany Reşat Ametow diýip atlandyrýarlar. Ol 2014-nji ýylyň 3-nji martynda Krym hökümetiniň binasynyň alnynda "referendum" diýilýäniň garşysyna bir adamlyk pikete çykdy. Wideo kameralary onuň hökümet binasynyň öňünde, Lenin meýdançasynda durandygyny görkezýär. Wideoda Krymyň "özüni goramak" toparyndan birnäçe wekiliň onuň elini gaňryp, maşyna salynýan pursady hem beýan edilýär. Iki hepde geçensoň, ony öli tapdylar. Ol adamyň jesedinde gynamalaryň ençeme yzlary tapyldy, golaýynda bolsa eline urlan gandal bar eken. Ölümiň sebäbi, soňra anyklanyşyna görä, gözüniň töweregindäki pyçak ýarasy bolupdyr. Ametowyň öldürilmegi henize çenli-de derňelmedi.
2017-nji ýylda aradan çykan Reşat Ametowa prezident Petro Poroşenko Ukrainanyň Gahrymany diýen ady berdi.
Ýarymadany ele geçirmek boýunça harby operasiýanyň başyndan, tä 2014-nji ýylyň tomsuna çenli Krymda ýigrimä golaý adam ogurlyklary bolup geçdi. Orsýetiň hukuk goraýjy edaralary we “özüni goramak” edaralary tarapyndan tutulanlaryň arasynda, Kryma gelen Ýewromaýdan protestlerine gatnaşyjylar, žurnalistler we ukrain harbylary hem bardy. “KrymSOS” toparynyň maglumatyna görä, "Krymyň öz-özüni goramak" atly ýaragly topar 2014-nji ýylyň 26-njy fewralynda Krymyň Ýokary mejlisiniň binasynyň golaýynda geçirilen ýygnanyşyga birnäçe gün galanda döredilipdir.
Hasabatyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, Krymda adam ogurlamak düzgüni gorkuzmak elementleriniň biri bolupdyr, ilatyň arasynda, hususan-da, "ynamsyz" Krym tatarlarynyň arasynda gorkyny emele getirýär.
Krym parlamenti 6-njy martda ýarymadanyň statusy boýunça "bütin Krym referendumyny" geçirmek hakyndaky karary kabul etdi. Krymlylardan tassyklaýjy iki soragyň birine jogap bermek soraldy: "Siz Krymyň Russiýa Federasiýasynyň subýekti hökmünde Russiýa bilen birleşdirilmegi üçinmi?" ýa-da "Siz 1992-nji ýylyň Krym Respublikasynyň Konstitusiýasynyň dikeldilmegi we Krymyň Ukrainanyň bir bölegi hökmünde statusy üçinmi?" Habarda aýdylmagyna görä, soraglara gatnaşanlaryň 96%-den gowragy ýarymadanyň Orsýetiň bir bölegi bolmagy üçin ses berdi. "Referendumyň" netijeleri Ukraina, Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we dünýäniň birnäçe beýleki ýurtlary tarapyndan ykrar edilmedi.
Putin: "Biziň harby gullukçylarymyz Krymyň öz-özüni goraýan güýçleriniň arkasynda durdular"
2014-nji ýylyň 18-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň we basyp alyş toparynyň wekilleri Sergeý Aksýonowyň, Wladimir Konstantinowyň we Alekseý Çalynyň arasynda "Krym Respublikasynyň territoriýasynyň we Sewastopol şäheriniň Russiýa Federasiýasyna girmegi baradaky şertnama" diýip atlandyrylan akta gol çekildi.
2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde, göni gepleşigiň barşynda Wladimir Putin: "Elbetde, biziň harby gullukçylarymyz Krymyň öz-özüni goraýan güýçleriniň arkasynda durdular. Olar örän dogry; ýöne meniň öň hem aýdyşym ýaly, aýgytly we kämil hereket etdiler. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda, referendumy aç-açan, dogruçyl, adamlara öz pikirlerini beýan etmäge kömek etmek mümkin däldi" diýip boýun aldy.
2014-nji ýylyň martynda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etdi. Halkara guramalary Krymyň anneksiýa edilmegini bikanun diýip ykrar etdiler we Orsýetiň bu hereketlerini ýazgardylar. Günbatar ýurtlary oňa garşy ykdysady sanksiýa girizdiler. Kreml ýarymadanyň anneksiýa edilmegini inkär edýär we ony "taryhy adalatyň dikeldilmegi" diýip atlandyrýar.